ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Maýk Jonson 14-nji aprelde gelýän hepdede, Eýranyň Ysraýyla eden köpçülikleýin dron we raketa hüjüminden soň, Ysraýyl kömegini geçirmäge synanyşjakdygyny aýtdy, ýöne bu kanun taslamasyna Ukraina we beýleki ABŞ ýaranlaryna berilmeli ýardamyň goşulyp-goşulmajakdygyny aýtmady.
Wekiller öýündäki respublikan köplügini birleşdirmäge we başyklykdan gyrakladylmak howpundan sowulmaga jan edýän Jonson Ysraýyla aýratyn kömek bermek baradaky iki synanyşygyň şowsuz gutarandygyny aýtdy.
"Şu hepde ýene bir gezek synanyşarys we kömek bukjasynyň jikme-jiklikleri şu wagt kesgitlenýär" diýip, Jonson “Fox News” bilen söhbetdeşlikde anyklaşdyrman aýtdy.