Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Gazadaky atyşygyň bes edilmegine çagyrýar


ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris
ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 3-nji martda gazalylaryň gumanitar betbagtçylykdan ejir çekýändigini aýdyp, ysraýyl hökümetini Gaza gelýän kömek akymynyň güýçlenmegi üçin has köp iş etmäge çagyrdy.

Harris Alabamada, 1965-nji ýylda ses bermek hukugy üçin parahatçylykly ýörişe çykyp, harbylar tarapyndan ýenjilen adamlaryň hatyrasyna guralan çäredäki çykyşynda ýaraşygyň ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň zamun alan adamlarynyň boşadylmagyny, şeýle-de Gazanyň içine has kän kömek ýüküniň getirilmegini üpjün etjekdigini aýdyp, Gazadaky atyşygyň derhal bes edilmelidigini aýtdy.

Şu aralykda, CNN-iň we “Financial Times” gazetiniň Ak tamyň wekiline salgylanyp ýazmagyna görä, Ysraýyl tarapy Palestinanyň Hamas topary bilen Gaza zolagynda alty hepdelik ýaraşyk bagşaylmagy baradaky teklibi “umuman” kabul etdi.

XS
SM
MD
LG