Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus nebit tankeriniň Kuba barmagyna rugsat berdi

Kuba kenaryndaky tanker. Bezeg suraty
Kuba kenaryndaky tanker. Bezeg suraty

ABŞ-nyň kenar goragçylary Russiýanyň “Anatoliý Kolodkin” tankerini saklamady. Ol häzi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň girizen energiýa embargosynyň astynda bolan Kuba 730,000 barrel nebit alyp barýar.

AP habar agentligi bu gäminiň 31-nji martda Kubanyň Matanas portuna gelmegine garaşylýandygyny habar berdi.

“The New York Times” gazeti bir gün öň ABŞ-nyň Kenarýaka gorag gullugynyň gözegçilik gämileriniň rus tankerini saklamak buýrugyny almandygyny habar berdi.

Orsýetiň Kuba nebit we ýangyç ýüklenen iki tankerini iberendigi 18-nji martda mälim boldy.

“Anatoliý Kolodkin” atly tanker takmynan 100,000 tonna “Urals” çig nebitini alyp barýar. Başga bir gämi, “Sea Horse” bolsa, Honkong baýdagynyň astynda hereket edýär.

Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 17-nji martda Moskwanyň ada mümkin bolan ähli goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Donald Tramp 30-njy marta geçilýän gije žurnalistlere "Eger häzir haýsydyr bir ýurt Kuba nebit ibermek isleýän bolsa, meniň oňa hiç hili garşylygym ýok - Russiýa bolsun ýa-da başga biri bolsun" diýdi.

"Kuba gutardy, olaryň režimi erbet, örän erbet we korrumpirlenen ýolbaşçylary bar we olar nebitli gämi alsalar-almasalar, bu hiç zady üýtgetmez" diýip, amerikan prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG