Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Senaty Trampyň Eýrana garşy harby ygtyýarlygyny çäklendirmek üçin edilen täze synanyşygy ret etdi

ABŞ Senaty. Arhiw suraty
ABŞ Senaty. Arhiw suraty

ABŞ-nyň Senaty 22-nji aprelde demokratlaryň ýolbaçylygynda prezident Donald Trampyň Eýrana garşy harby güýç ulanmak ygtyýarlygyny çäklendirmek üçin edilen tagallany ret etmek üçin 46 sese 51 ses garşylygy bilen ses berdi.

Bu sekiz hepdelik çaknyşyk başlanaly bäri edilen şeýle synanyşyklaryň bäşinjisi boldy. Wiskonsin ştatyndan saýlanan senator Temmi Boldwiniň ýolbaşçylygyndaky teklip, Kongres tarapyndan gönümel rugsat berilmedik bolsa, ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň Eýranyň içindäki ýa-da oňa garşy söweşlerden çykarylmagyny talap etmelidi.

Demokrat Jon Fetterman, respublikanlaryň köpüsi bilen, bu çärä garşy ses berdi, respublikan Rend Pol bolsa demokratlara goşulyp, ony goldady.

Demokratlar uruş ygtyýarlyklary boýunça ses berişlikleriň geçirilmegi üçin basyşy dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Forum

XS
SM
MD
LG