Döwlet sekretary Marko Rubio ABŞ-nyň Trans-Hazar ugurlary arkaly Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýa etmäge berk goldaw bildirdi. Bu barada Döwlet departamentiniň 29-njy maýda çap eden maglumatynda aýdyldy.
Şol gün Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirldi.
"Ministr Meredow we Döwlet sekretary Rubio energiýa, howpsuzlyk we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň ýollaryny" ara alyp maslahatlaşdylar, diýip, Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdyldy.
Şeýe-de, resmi habarda Rubionyň daşary işler ministri Meredowa "ýakynda baglaşylan söwda ylalaşyklarynda gazanylan öňegidişlikler üçin minnetdarlyk bildirendigi" bellendi, emma jikme-jik maglumat berilmedi.
Türkmenistanyň resmi beýanatynda Trans-Hazar ugry agzalman Meredowyň we Rubionyň energiýa, howpsuzlyk we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýollaryny maslahat edendigi aýdyldy.
"Ak Tamda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň 30-njy maýda çap eden maglumatynda bellendi.
Bu resmi habara görä, duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garalypdyr.
Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň iň baý ýurtlarynyň hataryna girýär. Energiýa resurslarynyň eksporty döwletiň girdejisiniň esasyny düzýär. Türkmenistan tebigy gazynyň esasy bölegini Hytaýa satýar we beýleki ugurlara, şol sanda Günbatara gaz satmak üçin mümkinçilik berip biljek Trans-Hazar proýektine gyzyklanma bildirip gelýär.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, bu proýektiň ABŞ we Türkmenistan arasynda täzeden agzalmagy taraplaryň oňa gyzyklanmasyny görkezýär diýip belledi.
"ABŞ-nyň Transhazara üns bermeginiň iki tarapdan manysy bar. Birinjiden, Trampyň döwründe bu Amerikanyň maýa goýumlary üçin anyk mümkinçilik bolup biler. Ikinjiden, bu Ýewropanyň umumy energiýa howpsuzlygyny gowulandyrýar. Bu ýewropalylaryň garaýyşlary üçin gyzykly, ýöne men onuň häzirki wagtda ABŞ-nyň garaýyşlary bilen nähili baglanyşyklydygyny bilmeýärin" diýip, Roberts belledi.
Bilermen energiýa howpsuzlygynyň Türkmenistany gyzyklandyrýan meseledigini bellemek bilen: "Bu Türkmenistan tarapy üçin gyzykly, sebäbi aslynda ol energiýa diwersifikasiýasyny agzaýar we bu ugurdan synanyşyk edýändigini görkezýär" diýip belledi. Şol bir wagtda bilermen ýurduň diwersifikasiýa baradaky planlaryny durmuşa geçirip başlamaga näderejede taýýardygynyň belli däldigini belläp, "Olar Trans-Hazary häzir hatda agzamadylar, onuň jikme-jiklikleri hem belli däl" diýdi.
Jon Roberts Türkmenistanyň energiýa pudagynda Hytaýa garaşlydygyny hem belläp geçdi.
"Hytaý Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Ýadyňyzda bolsa, olar CNPC bilen Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny gurmak üçin golaýda ylalaşyga geldiler"diýip, Robert Türkmenistanyň şol bir wagtda Trans-Hazar ýaly proýektlere gyzyklanma bildirýändigini, emma energiýa planlaryna "netijeli kepil" gözleýändigini belledi.
16-njy aprelde Türkmenistanyň döwlet gaz kompaniýasy we Hytaýyň CNPC kompaniýasy ýurduň Hytaýa eksport edýän ýyllyk 30 milliard kub metr gazynyň köp bölegini öndürýän “Galkyşyn” gaz käniniň dördünji tapgyryny gurmak barada ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşyga görä, CNPC täze önümçilik guýularyny burawlamak bilen birlikde, gündogar Türkmenistanyň çöllerinde ýerleşýän bu kände ýylda goşmaça 10 milliard kub metr täjirçilik gazyny gaýtadan işlemek üçin desga gurar.
Hytaý bilen hyzmatdaşlyk
Ýaňy-ýakynda türkmen ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini 60% çemesi artdyrmak planlaryny mälim etdi. Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada 17-19-njy mart aralygynda Hytaýa eden saparynda aýdyp, ýurtda hytaýly hünärmenleriň dowam edýän işiniň ‘giňeldiljekdigini’ hem belledi.
Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazynyň esasy hyrydary bolup, ýurduň energiýa pudagynda iri proýektleriň ençemesini dolandyrýar. 2009-njy ýylda ulanylyşa berlen Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijiniň üç liniýasynyň umumy kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza niýetlenýär. Häzirki wagtda gurulýan dördünji D şahasy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçip, umumy kuwwaty 85 milliard kub metre çenli ýetirer.
Berdimuhamedow hytaý mediasyna beren interwýusynda, akdyrylýan gazyň bahasy barada maglumat bermedi. Ol Hytaýyň “ýurduň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny” aýdyp, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 esse artyp, her ýyl 9-10 milliard dollara ýetýändigini aýtdy. Ol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýa pudaklaryny dagy agzap geçdi.
Diwersifikasiýa meýilleri
Bu aralykda türkmen ýolbaşçylary türkmen gazynyň eksportynyň ugurlaryny ösdürmek, şol sanda Hazar deňziniň üstünden Günbatara akdyrmak niýetini gaýta-gaýta öňe sürýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow fewralda ABŞ-a eden sapary bilen baglylykda Saud Arabystanynyň "Al Arabia" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň esasy maksadynyň dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa howpsuzlygyny 8-nji aprelde Awstriýa eden saparynda hem gozgady we "energiýa giňişligini syýasatdan doly erkinleşdirmäge" çagyrdy.
Türkmen gazyny Hazar deňziniň üstünden akdyrmak planlary onýyllyklaryň dowamynda maslahat edilýär we taslama görnüşinde galýar.
2008-nji ýylyň 26-njy maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek boýunça Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekilip, bazarlaryň diwersifikasiýasy, energetiki serişdeleri eltmek we energetik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenen hyzmatdaşlyk barada taraplar özara gepleşdiler.
2011-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda şol wagt Türkmenistanyň prezidenti bolan Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozu Hazarüsti gazgeçirijisiniň gurluşyk taslamasyny maslahat edip, işçi topary döretmek barada ylalaşdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum