Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň berilmegi ýene gijikdirilýär


Türkmenistanda edaralaryň birinde nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda edaralaryň birinde nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynyň ençeme edara-kärhanasynda işgärleriň aýlyk zähmet haklary berilmän, indi iki hepdä golaý wagt bäri gijikdirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyna gabat gelen bu gijikme, ozal hem aýdan-aýa zordan gün görýän köp hojalygyň güzeran eklenjini has-da agyr ýagdaýa salýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Edara-kärhanalaryň ençemesinde işgärleriň aýlyklary heniz-de berilmedi. Ýogsam adatça aýlyklar her aýyň birinji ongünlüginde geçirilýärdi” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlykda haýsy edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň berilmeginiň gijikdirilýändigi barada anyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Sebitiň dürli pudak edaralarynda zähmet çekýän býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýolbaşçylar aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginiň sebäbini birmeňzeş jogap bilen düşündirýärler.

“Edara ýolbaşçylarynyň ählisi ‘hasapçy bölüminiň işgärleriniň zähmet haklaryny wagtynda işlemändigi’ bilen düşündirýärler. Ýöne işgärleriň köpüsi muňa ynanmaýar. Şeýle-de, ýolbaşçylar aýlyklaryň haçan bank kartlarymyza geçiriljekdigi barada hem anyk bir zat aýdyp bilmeýärler. Diňe ‘bir salym garaşyň’ diýip jogap berýärler” diýip, ahally ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

"Hökümetimiz çökdi diýsek ýalňyşmarys"

Býujetçileriň ençemesi aýlyklaryň gijikdirilmeginiň sebäbiniň “döwlet býujetiniň bisarpa ulanylýandygy we gaznada pul galmandygy bilen baglanyşyklydygyna” ynanýar.

“Adaty zähmetsöýer halkyň puly ýurtda boş durýan desgalaryň gurluşygyna, halkara forumlaryň geçirilmegine sarp edilýär. Hökümetimiz çökdi diýsek ýalňyşmarys. Muňa aýlyklaryň her ýylda 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilmegi hem şaýatlyk edýär” diýip, býujet işgäri belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat häkimliginden telefon arkaly teswir almak boýunça yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bellesek, şu aýyň başynda ýurduň pudak edaralaryna we pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna ýörite hat üsti bilen habarnamalar gelip gowuşdy. Habarnamalarda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilýändigi mälim edildi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak tejribesi soňky 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilýärdi.

"Olaryň ýüzlerinde şatlyk duýmaýarsyň"

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler şu aýyň başyndan Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdaryny 300%-e çenli ýokarlandyrdy. Içeri işler ministrliginiň wekilleri bu ýokarlanmany “adamlaryň howpsuzlygy” üçin edilýän çäre häsiýetlendirse, raýatlaryň ençemesi muny “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyrdy.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyna gabat gelen ýokarlandyrma we aýlyklaryň gijikdirilmegi, ozal hem aýdan-aýa zordan gün görýän köp hojalygyň güzeran eklenjini has-da agyr ýagdaýa salýar.

“Köp hojalyk ujypsyzja bolsa-da, zähmet haklarynyň mundan beýläk has-da köp gijikdirilmän, tizden-tiz geçmegine garaşýar. Häzir köp maşgala aladaly ýagdaýda. Olaryň ýüzlerinde şatlyk duýmaýarsyň. Köp adam näme iýjegini, Täze ýyl baýramynda saçaga näme bişirip goýjagyny alada edýär” diýip, ahally býujet işgäri belledi.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilmegi bilen bagly wakalar ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar.

Şeýle wakalar barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek sentýabr aýynda, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda maglumat beripdiler. Şonda Ahaldaky habarçylarymyz ýerli häkimiýetleriň raýatlara jerime salmak, şeýle-de olardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini almak çärelerini güýçlendirendigini hem habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG