Ahal welaýatynda ýaşaýyş, hojalyk jaýlarynda ulanylan gaz, elektrik togunyň töleglerini wagtynda töläp bilmeýän adamlar köpelýär, häkimiýetler ilatyň durmuş goraglylygy, iş-gazanç mümkinçilikleri, ýaşaýyş zerurlyklary, azyk, saglyk meseleleri bilen gyzyklanman, çaga-çugaly, garry adamly hojalyklaryň hem tebigy gazyny, elektrik toguny kesýärler diýip, çeşmeler habar berýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçynyň tassyklamagyna görä, diňe sebitlerde, etrap, oba ýerlerinde däl, paýtagtda hem ynsanperwerlik kömegine mätäç bolup görünýän adamlaryň sany köpelýär.
Azatlygyň habarçylary bu ýagdaýyň näderejede çynlakaý häsiýete eýe bolandygyny öýme-öý aýlanyp ýa-da adamlar bilen açyk sorag-jogap edip kesgitlemek synanyşygyndan howpsuzlyk aladalary sebäpli saklanmaly bolýarlar.
Bäş çagaly ata gaz, tok puluny töläp bilmeýär
Ahaldaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy özüniň bäş çagasynyň bardygyny, döwlet edarasynda işläp, 2300 manat möçberinde aýlyk alýandygyny, ýöne kösençlikden çykyp bilmeýändigini, durmuşyň işli, gowurak aýlyk alýan adamlar üçin hem barha kynlaşýandygyny gürrüň berdi.
“Men täze berlen mellek ýerde iki ýylda zordan jaý salyp, yrsgalymy aýryp, maşgalam bilen iki otagly kümä göçdüm. Beýleki käbir adamlar ýaly elim giň bolmansoň, 8 sotka boş ýerde uly jaý salyp bilmedim. Ussa tutmaga pulum bolmansoň, özüm palçyk edip, kerpiç guýup, jaýymyň içki diwarlaryny çig kerpiçden galdyryp, zordan jaýa girdim” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýönekeý adamlara jaý salynmak üçin berilýän mellek ýerleriniň tebigy gaz, elektrik üpjünçiligi hemişe kadaly ýola goýulmaýar.
“Tebigy gaz geçiriji bizden 200 metr aňyrdan geçýär, elektrik togunyň sütünleri hem şeýle. Men 2025-nji ýylyň awgust aýynda öz hasabyma çykdajy edip, gaz turbalaryny satyn aldym we kebşirleýjä eden işiniň hakyny berip, öýüme zordan gaz çekdim. Elektrik simlerini hem özüm satyn alyp, öz hasabyma tok çekdirdim” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy bu meseleleri öz hasabyna çözmeli bolýan adamlaryň kändigini, ýöne köp adamyň bu harajatlar üçin bergi-borja girmeli bolýandygyny hem sözüne goşdy.
Şeýle-de, söhbetdeşimiz döwletiň çagalar üçin berilýän kömek puluny diňe üç ýaşy dolýança berip, soň kesmeginiň ‘gaty nädogrudygyny, bu kömek çaganyň 18 ýaşy dolýança berilse, maşgalalar üçin uly kömek boljakdygyny’ aýtdy.
“Çagalara berilýän kömek puluny indi diňe bir çagam, iň kiçisi alýar, beýleki 4 çagamyň ýaşy 3-den geçdi we olaryň kömek puluny kesdiler. Häzir maşgalada ýedi adam bolup, diňe meniň alýan aýlygyma ýaşaýarys” diýip, söhbetdeşimiz daşary ýurtlara gaz, elektrik energiýasyny satýan ýurduň hökümetiniň, eger islese, çagaly hojalyklary maddy taýdan has gowy goldap biljekdigini hem sözüne goşdy.
“2025-nji ýylyň sentýabr aýynda, jaýyma gaz, tok çekenime 1 aý hem bolmanka gazçylar, tokçylar gelip, ‘uçýotçik dakmaly, pul tölemeli’ diýdiler. Men polsuz, içi palçyk suwagly jaýymy zordan dikeltdim, häzir uçýotçik satyn almaga-da, size pul bermäge-de ýagdaýym ýok. Mydama beýle bolmaz, soň bergimiz üzerin’ diýip, olary biraz garaşmaga razy etdim. Emma ýagdaý gowulanmady, gazymy, togumy kesdiler” diýip, ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýene bir ýaşaýjy tassyk etdi.
Emeldarlar arz edip gelenleri adyny, kärini aýtman 'diňleýär'
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan adamlaryň aýtmaklaryna görä, gazy, togy kesilen hojalyklaryň adamlary toplanyp, gaz edarasyna, tok edarasyna barýarlar, häkimlige gatnaýarlar, emma hiç bir peýda tapmaýarlar.
Bir ýaşaýjy türkmen döwletiniň iň ýokarky ýolbaşçylarynyň ilatyň köpelmegini goldap, 8 we ondan köp çagany dünýä getiren eneleri “Ene mähri” atly hormatly at , dereje bilen sylaglaýandygyny, aşakdaky ýolbaşçylaryň, kanun goraýjylaryň bolsa, korrupsiýa baş goşup, para almak üçin telekeçileriň batmagyna, iş orunlarynyň ýapylmagyna sebäp bolýandygyny öňe sürdi.
Anonimlik şertinde gürleşen ýerli ykdysatçy bu pikir bilen yalalaşýandygyny aýdyp, iş ýerleriniň açylmagyna döredilýän emeli päsgelçilikleriň häzirki agyr işsizlige we barha ulalýan zähmet migrasiýasyna, ýurtda çylşyrymlaşýan demografiýa meselelerine sebäp bolandygyny belledi.
“Biz nädip eklenmeli?” diýip, iş sorap, häkimlige barsak, häkimlikde köplenç özüni tanatmaýan, wezipesini we adyny aýtmaýan bir adam gürleşýär we “näme üçin ekläp biljegiňizi dogurmadyňyz? Kim size ‘6-7 çaga ediň’ diýdi diýip, ýüzümizi alýar” diýip, bir zenan iň ýokarky ýolbaşçylar bilen aşakdaky resmileriň arasynda ýa özara gürleşilen, ýa-da gürleşilmedik, netijesiz dolandyryş esasynda dörän düşünişmezligi görýändigini aýtdy.
Azatlygyň habarçylary bu diýilýän düşünişmezlik barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan öz ilatyna her ýylda edilýän gaz, elektrik eksportundan alýan girdejileriniň möçberini aýtmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum