Ahal welaýatynda ýokary synp okuwçylaryň, hususan-da, oglanlaryň arasynda mekdebe gatnaman, sowuk howada dürli işlerde işleýän çagalar göz-görtele köpelýär. Okuwçylar hojalyklarynyň agyr ýagdaýdadygyny, işläp gazanç etmäge we maşgalalaryna maddy goşant goşmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler howanyň temperaturasy gündizlerine 0 gradusa çenli aşaklaýan mahaly, 9-10-11-12-nji synp okuwçylaryň mekdep wagtynda dürli işlerde işleýändigini tas islendik ýerde görse bolýar. Olaryň arasynda agyr işlerde zähmet çekýänler hem bar” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Okuwçy oglanlar esasan oba hojalyk meýdanlarynda, gurluşyklarda işläp, bazarlarda ýük düşürip, galtak sürüp ýa-da awtoýuwalgalarda ulaglary ýuwup, gazanç edýärler.
“Toý mekanlarynda we restoranlarda ofisiant bolup işleýänler hem bar. Ýöne olaryň sany çäkli. Esasanam, awtoýuwalgalarda we gurluşykda işleýän çagalaryň güni gaty kyn. Awtoýuwalgalarda çagalaryň elleri sowuk howada tutuş gün suwdan çykmaýar. Olar öl-myžžyk bolup, sowuk howada işleýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mekdep okuwçylarynyň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, olaryň hojalyklary güzeran aýlamakda agyr günleri başdan geçirýär we şol sebäpli olar gazanç edip, maşgalalaryna goşant goşmaga mejbur bolýarlar.
“Mekdebe gatnasymyz gelýär, ýöne häzir hojalyklarymyzyň çekýän kynçylyklary örän uly. Ejem-kakam işlänok. Gündelik iýjek çöregimiz, içjek çaýymyz üçin öýe pul eltmeli bolýarys” diýip, sebitiň awtoýuwalgalarynyň birinde işleýän ýokary synp mekdep okuwçysy aýtdy.
Diňe oglanlaryň däl, eýse okuwçy gyzlaryň arasynda hem mekdebe gatnaman, dürli işlerde işläp gazanç edýänleriň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.
"Häzir gözgyny hojalyk gaty köp"
“Gyzlar öýlerinde ýaka gaýamak, tikin tikmek, jorap örmek ýaly işler bilen meşgullanýarlar ýa-da binalary süpürmek, arassalamak, şeýle-de özleriniň heniz çagadygyna garamazdan, gurply hojalyklaryň çagalaryna seretmek ýaly işlerde işleýärler” diýip, ahally ýaşaýjy belledi.
Ahalyň dürli mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň ençemesi hem, ýokary synp okuwçylaryň arasynda mekdebe gatnaman, dürli işlerde işleýänleriň köpelendigini tassyklaýar.
“Synpda 28 okuwçy bolsa, olaryň 5-7 sanysy mekdebe gatnamaýar. Biziň ‘geliň, okaň’ diýip, edýän çagyryşlarymyza gulak salýan ýok. Häzir gözgyny hojalyk gaty köp. Muny öz ýakyn garyndaşlarymyzyň arasynda hem bardygy sebäpli bilýäris we düşünýäris. Biz 4-5 müň manat aýlyk alsak-da, hiç zada ýetenok diýýäris. Emma häzir garrylaryň ujypsyzja pensiýasyna ýaşaýan hojalyklar gaty kän. Olaryň çagalary işlemese, başga näme etsinler?!” diýip, ahally mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Mugallymlar ýokary synp okuwçylaryň arasynda mekdebe gatnamaýanlaryň köpelendiginden bilim resmileriniň hem habarlydygyny, ýöne bu babatda häzirlikçe haýsydyr bir anyk çäre görülmeýändigini hem belleýärler.
Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynda ýurtda orta bilim hökmany hasaplanýar. Şol bir wagtda, ýurduň Zähmet kodeksine görä, 18 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň öz ene-atasynyň ýa-da çaga howandarlyk edýän adamyň rugsady esasynda işlemäge haky bar. 16-18 ýaş aralygyndaky ýaşlar hepdäniň dowamynda 36 sagat, 16 ýaşa çenli ýaşlar hepdede 24 sagat işläp bilýärler.
Emma habarçymyz iş ýüzünde ýetginjekleriň has köp sagat işleýändigini aýdýar. Şeýle-de, ol häkimiýetleriň 9-12-nji synp aralygyndaky çagalaryň mekdep wagtynda awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda, restoranlarda, bazarlarda, oba hojalyk meýdanlarynda we beýleki ýerlerde işledilmegine garşy haýsydyr bir çäre görýändigi babatda hem hiç zat göze ilmeýändigini aýdýar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň Bilim bölüminden we Polisiýa müdirliginden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
"Telekeçiler ýagdaýdan peýdalanýar"
Ýagdaýlara syn edýän ýerli synçylaryň birnäçesi mekdep okuwçylarynyň mekdebe gatnaman, dürli işlerde zähmet çekmeginiň köpelmegine alada beýan edýär.
“Bu ýagdaý, çäreler ýa-da bilimiň ünsden düşürilmegi zerarly, ozal hem ýeterlik bilim alyp bilmeýän çagalaryň has-da kütelmegine getirer. Hökümetiň alyp barýan ýalňyş syýasaty, sosial, maddy goraga mätäç hojalyklara goldaw bermezligi, ýurduň geljegi bolan çagalaryň hem çagalyk ýyllaryna hem-de gelejegine agyr zarba urýar” diýip, synçy belledi.
Bu aralykda, ahally ýaşaýjylaryň ençemesi telekeçileriň çagalaryň “eklenç zerarly düşen agyr ýagdaýyndan we hökümetiň bu ýagdaýy ünsden düşürmeginden” peýdalanyp, olara ujypsyz zähmet hakyny töleýändigini hem aýdýar.
“Her bir ulaga suw sepip, 15 manat alsam, onuň 5 manadyny awtoýuwalganyň eýesi öz haky, ýene 5 manadany suw, şampun ýaly çykdajylar üçin alýar. Özüme 5 manat galýar. Şeýdip, uzakly gün işläp, günde 40-50 manat gazanýaryn” diýip, awtoýuwalgada işleýän mekdep okuwçysy aýtdy.
Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady krizisiň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda ilatyň gowşak gatlagynyň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşýandygy barada ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz yzygiderli maglumat berýärler. Bularyň arasynda, dynç alyşlarynda dürli işlerde işlemäge ýa-da sadaka sorap, dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalar we ýetginjekler, şeýle-de öýsüz adamlar hem göz-görtele köpelýär.
Türkmen hökümeti ilatyň durmuş derejesini we garyplyk ýagdaýyny görkezýän resmi statistikany çap etmän gelýär. Bu meseleler barada resmi metbugat hem gürrüň gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum