Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aklawçy: Oppozisiýa kanun çykaryjysy 2009-njy ýylda serhet şertnamasy üçin tussag edildi


Adahan Madumarow
Adahan Madumarow

Gyrgyzystanyň oppozisiýa kanun çykaryjysy Adahan Madumarow 2009-njy ýylda baglaşylan Gyrgyz-Täjik serhet şertnamasyna gol çekilmeginde oýnan roly sebäpli tussag edildi diýip, onuň aklawçysy aýtdy.

Adahan Madumarow bu şertnama gol çekilen wagtynda ýurduň Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk edýärdi.

Parlament komissiýasy iýun aýynda bu şertnama boýunça geçirilmeli derňewi tassyk etdi. Mundan öň bu şertnama prezident Sadyr Žaparow tarapyndan tankyt edildi, ol onuň Gyrgyzystanyň bähbitlerini gözden salandygyny aýtdy.

Kazyýet resmileriniň aýtmaklaryna görä, “Butun Gyrgyzystan” (Birleşen Gyrgyzystan) partiýasynyň lideri Madumarowyň derňew tamamlanýança, 24-nji oktýabra çenli tussaglykda saklanylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG