Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angliýanyň MI6 başlygy ruslara: Urşy soňlamak üçin bize goşulyň diýýär


 Riçard Mur
Riçard Mur

Angliýanyň harby aňtaw agentliginiň, MI6 daşary ýurt aňtawçylygy gullugynyň başlygy hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň iýun aýynda gurnan ýaragly pitne synanyşygy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň basyş astyndadygyny görkezdi diýdi we özüniň Ukrainanyň rus goşunalaryna garşy alyp barýan garşylykly hüjümine umytly garaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, gizlin aňtaw gullugynyň başlygy Riçard Mur 19-njy iýulda Pragada eden çykyşynda Ukrainadaky uruşdan hopugan ruslaryň öz aňtaw gullugy bilen "el-ele bermelidigini” we gan döküşikligi soňlamalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG