Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara Türkiýede tälim aljak täjik harbylaryna 2 million lira harçlar


Täjik harbylary
Täjik harbylary

Ankara Türkiýedäki okuw merkezlerinde tälim aljak täjik harbylary üçin 2 million lira (62 müň dollar) bölüp berer.

Şu ýylyň 28-nji martynda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygyň taslamasy Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasyna iberildi.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy 10-njy aprelde bu taslamanyň göçürmesiniň mazmuny bilen tanyşdy.

Ylalaşygyň taslamasynda aýdylmagyna görä, “Täjigistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň” taýýarlygy üçin Türkiýäniň býujetinden 2 million lira bölünip berler.

Berilýän maliýe kömegi täjik harbylarynyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň garamagyndaky okuw merkezlerinde tälim almagy, ýol, ulag, ýaşaýyş jaýy, azyk, okuw harajatlary üçin ulanylar.

Duşenbe bilen Ankaranyň arasynda göz öňünde tutulan ylalaşygyň möhleti bäş ýyldan ybarat.

XS
SM
MD
LG