Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankaranyň Administratiw sudy Alişer Sahatowdan 'G-82' çäklendiriji kodunyň aýrylandygyny tassyklady


Türkmen aktiwisti Alişer Sahatow
Türkmen aktiwisti Alişer Sahatow

Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Türkiýede bäş aý mundan öň ýitirim edilen türkmen aktiwisti Alişer Sahatowyň ykbalyna degişli täze maglumat çap etdi. Guramanyň habar bermegine görä, Ankaranyň 26-njy administratiw sudunyň kararynda Sahatowdan çäklendiriji G-82 kodunyň aýrylandygy tassyklanypdyr.

"Suduň 2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul eden kararynda şeýle diýilýär: '... Berlen resminamalardan mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Milli aňtaw gullugynyň (MIT) 2025-nji ýylyň 22-nji iýulynda ýazan 190801054 belgili gizlin hatynyň esasynda arzaçy babatynda G-82 çäklendiriji kod aýrylypdyr" diýlip, THF-nyň 29-njy dekabrda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Jogap beriji - Türkiýäniň migrasiýa gullugy, resminamanyň gowşurylandan soň 30 günüň dowamynda suduň kararyndan Ankaranyň Administratiw appellýasiýa suduna şikaýat edip biler diýlip, kararda Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň bu işe seretmek bilen baglanyşykly ähli kanuny çykdajylar üçin jogapkärdigi aýdylýar diýlip maglumatda bellenýär.

Türkmen aktiwisti Alişer Sahatow apreliň aýagynda Türkiýede tussag edilip, anyk sebäbi düşündirilmezden deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. THF Alişer Sahatowyň 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde halkara goragyny almak üçin ýüz tutandygyny, emma oňa G-82 çäklendiriji kody, ýagny milli howpsuzlyga garşy hereketler bilen baglylykda ýurda hemişelik giriş gadaganlygynyň girizilendigini habar beripdi. 24-nji iýuldan bäri Alişer Sahatow we onuň bilen bile tussag edilen türkmen aktiwisti Abdylla Orusow dereksiz ýitirim edildi.

"Görşümiz ýaly, Alişer Sahatowa G-82 kodunyň girizilmegi, onuň halkara gorag statusyndan mahrum edilmegi we deportasiýa merkezinde saklanmagy bikanundy" diýip, THF-iň wekili Annadurdy Hajyýew guramanyň 29-njy dekabrda çap eden maglumatynda belleýär.

"Şonuň üçin şu ýylyň oktýabr aýynda Warşawada geçirilen ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça býurosynyň maslahatynda eden çykyşymda Türkiýäniň prezidenti jenap Rejep Taýyp Erdogandan näme üçin öz ýurdunyň türkmen häkimiýetleriniň bikanun hereketlerine çekilmegine ýol berýändigini soradym?" diýip Hajiýew "Türkmen Helsinki Fondunyň" Türkiýäniň resmi delegasiýasy bilen söhbetdeşliginde resminamalara esaslanyp, Türkiýedäki türkmen bloggerleriniň başyna gelen wakalaryň jikme-jikliklerini görkezendigini gürrüň berdi.

THF-nyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Edirne şäher prokuraturasy A. Sahatow bilen A. Orusowyň işleriniň gözden geçirilmegi üçin Sinop şäher prokuraturasyna iberilmegini buýurypdyr. Kararda şeýle hem iki adamyň KIHBI maglumat bazasynda 2025-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýiten hökmünde hasaba alnandygy we Sinop jemgyýetçilik howpsuzlygy bölümi tarapyndan gözlenýändigi aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkiýede dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirip gelýärler.

"Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň ýitirim bolmagynyň yzýany 30-njy iýulda beýanat çap edip, olaryň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolsa, bu Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladar diýdi.

Guramanyň 10-njy dekabrda Adam hukuklary gününe gabatlap ýaýradan beýanatynda türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagynyň dowam edýändigi nygtaldy.

Dekabryň başynda adam hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasy türkmen häkimiýetlerini delillendirilmedik aýyplamalar esasynda, öz esasy hukuklaryny we azatlyklaryny parahatçylykly ulanandyklary üçin azatlykdan mahrum edilen raýatlary azat etmäge çagyrdy.

Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk (IPHR), Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy (TIHR), “Turkmen.News” neşiri we Norwegiýanyň Helsinki komiteti (NHC) bilelkde eden çagyryşynda Mansur Mingelow, Myrat Düşemow, Alişer Sahatow, Abdylla Orusow, Farhat Meýmankuliýew, Mälikberdi Allamyradow, Saddam Gulamow ýaly aktiwitleriň atlaryny agzady.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" Sahatowyň we Orusowyň ýagdaýy boýunça BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça komitetine arz etdi we onuň bu işe garamak üçin eden şikaýaty kabul edildi.

BMG-niň ähli adamlary zorlukly ýitirim bolmakdan goramak baradaky Jarnamasyna görä, zorlukly ýitirim etmegiň islendik hereketi oňa sezewar edilen adamlary kanunyň goragyndan daşarda goýýar, olar we olaryň maşgalalary agyr ejir çekýär we bu halkara hukugynyň bozulmagy bolup durýar.

39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG