Türkmenistanyň “Arkadag” futbol kluby 4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar ligasynyň Arkadag şäherinde geçirilen oýnunda Eýranyň “Gol Gohar” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu oýun eýran toparynyň üç oýunçysyna türkmen wizalarynyň berilmandigi baradaky habar bilen utgaşdy. Mundan öň Türkmenistan öz futbolçylarynyň daşary ýurt ýaryşyna gatnaşmagyna rugsat bermezlik bilen 'tanalypdy'.
Türkmen metbugaty Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunyň örän çekeleşekli bolandygyny, duşuşykdaky ýeke-täk goluň 77-nji minutda, Ahmet Ataýew tarapyndan geçirilendigini habar berýär.
"Arkadag" ýedi utuk toplady
Türkmen topary bu ýeňiş netijesinde ýedi utuk toplady we B toparynda ikinji orny eýeledi. BAE-niň "Al-Jazeera" topary on utuk bilen öňe saýlansa, Bahreýniň "Al-Muharrak" topary üç utuk, "Gol Gohar" topary bolsa iki utuk toplamagy başardy.
“Arkadag” bilen “Gol Goharyň” arasyndaky ilkinji duşuşyk 28-nji oktýabrda Täjigistanda geçirilip, 0:0 hasabynda tamamlanypdy.
Türkmen telewideniýesi 10 müň orunlyk stadionyň birmeňzeş sport lybaslary geýdirilen we ellerine döwlet baýdaklary berlen janköýerlerden doldurylan orunlaryny görkezdi, ýöne tomaşaçylaryň sany, satylan biletler barada maglumat bermedi.
Metbugat habarlaryna görä, bu oýnuň öňüsyrasynda dörän wiza meselesi, "Gol Gohar" toparynyň üç oýunçysynyň ýolundan saklanyp, wagtynda Türkmenistana girip bilmezligine sebäp boldy.
"Ýewraziýa futboly" neşiriniň habaryna görä, eýranly futbolçylaryň baş tälimçisi Mehdi Rahmeti Siamak Nemati, Mohammadhossein Jamali we Mahan Afrouziýan dagynyň Türkmenistana goýberilmezligine geň galdy.
“Fergana” neşiriniň maglumatlaryna görä, soň bu oýunçylara wiza berildi. Şol bir wagtda, neşir, dürli sebäpler, şol sanda trawmalar esasynda, eýran toparynyň bu sapardan öň öz dokuz oýunçysyndan mahrum bolandygyny belleýär.
Şeýlelikde, Varzesh3, neşiriniň maglumatyna görä, bu topar “Arkadag” bilen guralan bäsleşige çynlakaý şahsy ýitgiler bilen geldi.
Wiza bökdençliginiň sebäbi aýdylmaýar
Türkmen metbugaty goňşy ýurduň oýunçylarynyň uçran wiza kynçylygy barada hiç bir zat aýtmady.
“Arkadag” bu tapgyrdaky duşuşyklaryny 25-nji noýabrda, Bahreýniň “Al-Muharrak” toparyna garşy myhmançylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Jazira” toparyna garşy bolsa 9-njy dekabrda, öz meýdançasynda geçirer.
“Arkadag” FK 2023-nji ýylyň aprelinde, adybir şäheriň açylmagynyň öň ýanynda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedoawyň başlangyjy esasynda döredildi we futbol möwsüminiň 24 oýnunda ýeňiş gazanyp, mümkin bolan 72 utugy gazanmak bilen, ýurduň çempiony boldy.
Ýöne, Ýokary ligada oýnaýan topar şol ýyl daşary ýurt toparlary bilen guralan üç ýaryşa gatnaşyp, olaryň ikisinde öz taryhyndaky ilkinji ýeňlişlerine sezewar boldy.
Türkmen metbugaty şonda “Arkadagyň” Demirgazyk Makedoniýanyň “Wardar” topary bilen bäsleşip, 1:0 hasabynda gazanan ýeňşi barada habar berdi, emma Ukrainanyň “Donetsk şahtýory” toparyndan 4:1 hasabynda, Ukrainanyň “Dnepr-1” klubyndan 0:1 hasabynda utulandygyny ile ýetirmekden, näme üçindir, saklandy.
Türkmen hökümeti 2024-nji ýylda ýurduň saýlama futbolçylarynyň Malta Respublikasyna syýahat etmegine rugsat bermän, iki ýurduň milli ýygyndylarynyň arasynda 10-njy oktýabrda geçirilmeli dostlukly ýaryşyň ýatyrylmagyna sebäp boldy.
Ýogsa, milli ýygyndy esasan “Arkadag” futbol toparynyň oýunçylaryndan ybarat bolup, synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Halk maslahatynyň başlygy tarapyndan esaslandyrylan topar öol wagt hem öňki we häzirki prezidentleriň ‘uly goldawyndan peýdalanýardy’.
FIFA, UEFA we Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan tassyklanan ýaryş, Maltanyň Futbol Federasiýasynyň eden beýanatyna görä, “Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Malta sapar etmek üçin zerur bolan rugsatnamalary öz ýurdunyň häkimiýetlerinden almakda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary sebäpli" ýatyryldy.
Eýranly oýunçylara döredilen wiza meselesinde bolşy ýaly, türkmen häkimiýetler şol ýyl, öz oýunçylaryna döredilen emeli päsgelçilik barada hem hiç bir düşündiriş bermändiler.
Şonda ýerli synçylar türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmedik karary syýasatyň sport çärelerine ‘gödek gatyşmagy’ bilen baglanyşdyrypdylar.
"Arkadaga" döredilen aýratyn şertler we halk kynçylyklary
"Arkadag" döredileli bäri içerki oýunlaryň ählisinde ýeňiş gazanyp, dünýä futbolynda hasaba alnan iň uzak ýeňiş tapgyryna eýe boldy. Emma muňa garamazdan, Ginnesiň rekordlar kitaby muny kanuny taýdan ykrar etmeýär diýip, Wikipedia belleýär.
Türkmenistanda raýatlaryň sport bilen meşgullanmagy, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa bilen baglylykda, çylşyrymly mesele bolmagynda galýar. “Arkadag” FK üçin döredilýän aýdylýan aýratyn şertler, täze we döwrebap sport desgalaryny gurmak üçin goýberilýän döwlet serişdeleri Türkmenistanyň halkara sport ýaryşlarynda ‘has gowy netijeleri gazanmagyna getirmeýär’ diýip, synçylar aýdýar.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly pedagog soňky ýigrimi ýylda adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleri görnetin peseldi we, çagalaryny eklemek üçin daşary ýurtlara giden ene-atalar, ýurt içinde zordan eklenýän adamlar çagalaryny höwes edýän sport mekdeplerine iberip bilmeýärler.
Mundan başga, 10 müňlük stadionlar we beýleki uly desgalar, käte mejbury janköýerden doldurylyp, adamlaryň wagtyny ogurlaýar we köplenç boş durýar. Bu döwlet serişdeleriniň ‘ýalan propganada gezek gelende aýalmaýandygyny görkezýär’ diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Azatlyk ýurtda çözülmeýän sport meseleleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum