Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurda barýan türkmenistanlylaryň 20-ä golaýy uçara goýberilmedi


Aşgabadyň halkara aeroporty (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň halkara aeroporty (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň halkara aeroportunda harby gullugyny ýakynda tamamlan ýaşlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň birnäçesi boldy.

Uçara goýberilmedik ýaşlaryň we ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiziň ençemesi özlerine mälim bolan wakalarda 20-ä golaý raýatyň ýurtdan çykarylmandygyny aýtdy.

Bu aralykda, migrasiýa edaralarynda ýaşlaryň onlarçasyna “wagtlaýyn gadaganlyk hatlary” gowşurylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda maglumat berdi.

“6-njy ýanwarda ‘Türkmenistan howaýollary’ kärhanasynyň uçarynda Stambula we 9-njy ýanwarda S7 awiakompaniýasynyň uçarynda Moskwa uçmak üçin bilet satyn alan, ähli resminamalary düzüw bolan raýatlaryň 20-ä golaýy uçara goýberilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, olaryň ählisi geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda harby gullugy tamamlan ýaşlar bolup, olaryň aglabasy okamak ýa-da işlemek üçin daşary ýurtlara gitmek isleýän Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylaryndan ybaratdy.

Uçara goýberilmedik ýaşlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportundaky migrasiýa resmileri olara munuň sebäbi barada resmi düşündiriş bermediler.

"Wagtlaýyn gadaganlyk haty"

“Migrasiýa işgärleri diňe ‘daşary ýurda gitmegiň wagtlaýyn gadagan edilýär, öz welaýatyňdaky Migrasiýa gullugyna ýüz tutup, olaryň berýän ‘rugsat beriji’ kagyzy bilen geliň’ diýdiler. Şondan soň öz welaýatymdaky migrasiýa edarasyna ýüz tutanymda, meniň elime daşary ýurda çykmagyma wagtlaýyn gadagançylyk girizilendigi barada resmi hat gowşurdylar” diýip, uçara goýberilmedik lebaply ýaşlaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýöne ol hatda gadagançylygyň sebäpleriniň görkezilmeýändigini, bu barada migrasiýa edarasynyň resmilerinden düşündiriş almak boýunça eden synanyşyklarynyň hem oňyn netije bermändigini aýdýar.

“Resmi hatda ýörite QR kod hem bar. Ol ýerde diňe ‘Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäginde size daşary ýurda gitmeklik wagtlaýynça çäklendirildi’ diýlip ýazylýar. Başga hiç hili düşündiriş ýok. Hatda wagtlaýyn gadagançylygyň haçan tamamlanýandygy barada hem hiç zat aýdylmaýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan maryly ýaşlaryň biri hem öz sebitindäki migrasiýa gullugyndan gadagançylygyň sebäpleri barada düşündiriş almaga synanyşandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

“Saňa wagtlaýynça çäklendirme girizilen diýip aýtdylar. Migrasiýa işgärleri ‘her üç aýdan gelip ýagdaýy sorap durmaly. Gadagançylyk merkezden gizlin ýagdaýda girizilýär. Resmi düşündirişi alyp bilmersiň’ hem diýdiler” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Kanun bolsa-da, kazyýete ýüz tutmak kyn"

Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasynyň birinji bölüminiň 10 bendinde raýatlara haýsy ýagdaýlarda ýurtdan çykmagyň gadagan edilip bilinýändigi kesgitlenilýär. Şol kanunyň 31-nji maddasyna laýyklykda bolsa, bu bentler boýunça girizilen gadagançylyk kazyýete şikaýat edilip bilinýär.

Emma uçara goýberilmedik ýaşlar migrasiýa gullugynyň gadagançylygyň haýsy bent boýunça girizilendigini görkezmeýändigine ünsi çekip, munuň kazyýete ýüz tutmagy kynlaşdyrýandygyny belleýärler.

Bu ýagdaýy lebaply ýurist hem tassyklap, ol anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda resmi düşündiriş almak üçin ilki Migrasiýa gullugyna hat ýazmalydygyny, onuň jogabyna garaşmalydygyny, soňra kazyýete ýüz tutmalydygyny aýdýar.

“Türkmenistanyň şertlerinde bu örän köp wagt alýar. Köplenç hatlara jogap berilmeýär. Hatda jogap gelen ýagdaýynda-da, kazyýetde şeýle jedelleriň raýatyň peýdasyna çözülmeýändigi hemmelere mälim” diýip, lebaply ýurist belledi.

Şol bir wagtda, ol geçen ýyllardan tapawutlylykda, häzirki wagtda raýatlaryň eline gadagançylyk barada resmi kagyz gowşurylýandygyny aýdyp, mundan ozalky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň ähli zady gizlin saklandyklaryna we ilata diňe “bolanok” diýmek bilen çäklenendiklerine hem ünsi çekdi.

"Biziň ýaly ýüzlerçe adam bar"

Bu aralykda, lebaply, maryly we daşoguzly ýaşlar bu gadagançylyk hatyny alan ýaşlaryň sanynyň ýüzlerçedigini çaklaýarlar.

“Men öz ýaşaýan sebitimdäki migrasiýa edarasyna baranymda diňe bir günüň, hatda birnäçe sagadyň dowamynda 30-dan gowrak oglana gadagançylyk haty gowşuryldy. Olaryň arasynda gaharlanyp, paýyş sözleri aýdýanlar hem bardy. Eşdişimize görä, biziň ýaly ýüzlerçe adam bar” diýip, lebaply ýaşlaryň biri özleriniň wiza hem-de awiabilet üçin harçlan azyndan 1200 dollarlarynyň köýendigini hem aýtdy.

Azatlyk ýokardan beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Migrasiýa gullugynyň agzalan welaýatlardaky edaralaryndan we Aşgabadyň aeroportundan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 16-njy ýanwarda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Adatça bolşy ýaly bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem aç-açan gürrüň gozgalyp, ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Türkmenistanda daşary ýurtlara barýan türkmen raýatlarynyň, şol sanda talyplaryň köpçülikleýin uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar soňky ýyllarda ençeme gezek ýüze çykdy.

Ýöne şu gezekki wakalar, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň düzüminde esgerleriň sanynyň azlygy baradaky maglumatlaryň arasynda, goňşy Eýranda geçen ýylyň aýagyna başlanan köpçülikleýin protestleriň dowam edýän mahalyna gabat gelýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG