Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar


Duşuşyklar edaralaryň dile çeper ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýygnaklar zalynda geçirilýär. (Illýustrasiýa suraty)
Duşuşyklar edaralaryň dile çeper ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýygnaklar zalynda geçirilýär. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň ençemesinde ýygnaklar geçirilip, azyk harytlarynyň bahalarynyň “dünýäniň ähli ýurdunda gymmatlaýandygy we Türkmenistanda hem gymmatlamagynyň adaty bir ýagdaýdygy” aýdylýar.

Ýygnaklaryň yz ýanynda, döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlajakdygy we muňa “dogry düşünmelidigi” barada ilat arasynda gürrüňler ýaýrap başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.

“Soňky günlerde edara-kärhanalaryň ençemesinde işgärler bilen ýygnaklar geçirilýär we azyk harytlarynyň gymmatlajakdygy barada gürrüňler ýaýradylyp, işgärleriň garaýyşlary we pikirleri öwrenilýär” diýip, ýygnaklaryň birine gatnaşan býujet işgäri anonim şertde aýtdy.

Azatlykda bu ýygnaklaryň paýtagtyň haýsy edara-kärhanalarynda geçirilendigi barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Edaralaryň dile çeper ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýygnaklar zalynda geçirilýän duşuşyklaryň başynda döwlet syýasaty we prezident Serdar Berdimuhamedow mahabatlandyrylýar.

“Soňra-da olar azyk harytlarynyň dünýäniň ähli ýurdunda gymmatlaýandygyny we Türkmenistanda hem gymmatlamagynyň adaty bir ýagdaýdygyny aýdýarlar. Ýolbaşçylar işgärleri ýönekeý halka ‘şu çylşyrymly wagtda hökümetiň alyp barýan içeri syýasatyny goldap, prezidentiň daşyna jebisleşmegi ündemäge’ hem çagyrýarlar. Hökümet özüne bagly we garaşly gatlagy özüniň propaganda guraly hökmünde ulanmagyny dowam edýär” diýip, ýygnaklardan habarly paýtagtly başga bir býujet işgäri aýtdy.

Habarçymyz ýygnaklaryň yz ýany, býujet işgärleriniň ilat arasynda, şol sanda üýşmeleňlerde “azyk harytlarynyň gymmatlamagyna dogry düşünmelidigi” barada gürrüňleri ýaýradyp başlandyklaryny aýdýar.

“Olar daşary ýurtlarda hem azygyň gymmatlaýandygyny delil getirip, Türkmenistan bilen deňeşdirilende, başga ýurtlarda azygyň has-da gymmatdygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar Türkmenistanda, daşary ýurtlar bilen deňeşdirilende, gymmatçylygyň ýokdugyny aýdýarlar. Býujetden aýlyk alýan işgärler ýurtda komunal hyzmatlar tölegli bolan bolsa-da, olaryň mugtuň bäri ýanyndadygyny hem aýdýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlara çykyp görmedik köp raýat bu propaganda ynanýar. Ýöne daşary ýurtlarda işläp gelen ýa-da syýahat eden raýatlar bu sözleriň howaýy, ilaty köşeşdirmegiň guralydygyna düşünýärler.

“Bu raýatlar hem, öz janynyň howpsuzlygy nukdaýnazardan, hökümet syýasatyny tankyt etmekden saklanýarlar. Esasan býujetden aýlyk almaýan zenanlar we ýaşuly erkek adamlar nägileligini beýan edýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylaryň ençemesi adatça şeýle gürrüňleriň aradan bir aý çemesi wagt geçensoň hakykata öwrülýändigni we bularyň ýurduň ýörite gulluklary tarapyndan ýaýradylýandygyny aýdýar.

“Türkmenistanyň ýörite gulluklary myş-myşlary ýaýradyp, ilaty ruhy taýdan gymmatlaşyga taýýarlaýar. Olar ilat arasynda döräp biljek tolgunyşyklaryň derejesini hem seljerýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu ýygnaklar we onuň sebäpleri barada şäher häkimliginden, Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bu maglumat, golaýda prezidentiň ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belländigine garamazdan, Remezan aýynyň başlamagy bilen azyk harytlarynyň bahalarynyň 200%-e çenli gymmatlandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçylarymyz köp ýaşaýjynyň nyrhlara hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigine nägilelik bildirýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy gymmatlamalar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG