Daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylar ýurduň howa menzilinde ýolagçylaryň goşlaryny barlaýan esgerleriň özlerini para bermäge mejbur edýändigini aýdýarlar.
Azatlyk bu hili maglumatlary mundan öň hem alypdy, emma ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bu aýdylýan parahorlugyň möçberlerini, şeýle-de, bu mesele bilen bagly jogäpkärçilige çekilen işgärleriň bolup-bolmandygyny resmi taýdan tassykladyp hem, inkär etdirip hem bolmaýar.
Aşgabat şäherinden Kazana uçan daşoguzly zenan Azatlygyň habarçysyna öz başdan geçiren wakasyny gürrüň berdi. Onuň tassyklamagyna görä, para bermekden boýun gaçyrandygy sebäpli, ony pasport barlanylýan ýeriň golaýynda bir kabinete salyp, birnäçe işgär bolup gorkuzypdyrlar we elindäki puluny alypdyrlar.
'Soraglaryna jogap berdigimçe, has gödek daradylar'
“Esgere pul bermekden ýüz öwürdim. Esger maňa ‘Gelneje, gör ýagdaýyňy’ diýip haýbat atdy, men para bermedim. Esgerden geçip, pasport kontrola baranymda, gapdaldaky kabinete geçmelidigimi aýtdylar. Kabinete girdim, garaşdyrdylar we basyş etdiler. ‘Kazanda kimiň bar? Kazanda ýaşaýan erkegiň barmy? Daşar ýurda näme maksat bilen gidip barýaň?’ diýen ýaly soraglary berdiler. Soraglaryna jogap berdigimçe maňa has gödek daraşdylar. Ahyr soňy, meni soraga çeken raýat eşigindäki erkek gapdalyndaky esgere ýüzlenip: ‘Uçardan ýüklerini düşür diýip habar ber’ diýdi, men şobada näçe bermelidigini soradym” diýip, habarçymyzy bilen anonimlik şertinde gürleşen aýal aýtdy.
Söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, raýat eşigindäki adam onuň elindäki puldan 250 dollaryny alyp galypdyr.
Dekabr aýynyň başynda Aşgabatdan Moskwa uçan lebaply ýaşaýjy hem halkara howa menzilinde ‘adat bolandygy’ aýdylýan parahorlugy tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, uçara garaşylýan zolaga goýbermezlerinden öň goş barlanýan zolakdaky esgerler ýolagçylardan aç-açan para soraýar.
“Esger meniň öňümdäki talypdan 200 manat sorady. Ýokardaky kameralara garamazdan, esger diýen puluny çekinmän aldy. Maňa gezek gelende ‘200 manat berseňiz, goşlaryňyzy barlajak däl’ diýdi. Men oňa ‘Manadym ýok, rublym bar diýsem’, ‘Rubl hem bolýar, gelneje’ diýip güldi. Sag-aman ýurtdan çyksam bolýar diýip, 1000 rubl berdim. Yzymdan gelýän aýal esger bilen dawalaşdy, ony sakladylar we başga bir kabinete alyp gitdiler. Ol aýaly men soň uçarda görmedim” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.
'Dawalaşan aýaly soň uçarda görmedim'
Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan Türkiýä, Wýetnama uçan raýatlaryň hem birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Anonimlik şertinde gürleşen raýatlar uçar menzilindäki ‘parahorluk’ barada aýdylýanlaryň hiç kim üçin syr däldigini öňe sürdüler.
“Men Wýetnamda iňlis dili mugallymy bolup işleýärin we her ýyl birnäçe gezek türkmenistana gelýärin. Her gezek gelenimde ýa esgerler, ýa-da graždan eşiginde oturan aýallar her dürli bahana tapyp, menden pul alyp galýarlar. Bu ýagdaýa hiç kim sesini çykarmaýar. Şu ýylyň dowamynda esgerlere sebäpsiz azyndan 1200 manat töweregi pul töländirin” diýip, noýabr aýynda Wýetnamdan gelen türkmen raýaty aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen raýatlaryň sözlerine görä, howa menzilindäki wideo gözegçiligine garamazdan, esgerleriň we beýleki işgärleriň aç-açan para almagy bu ýagdaýyň kada öwrülendigini, bu işiň degişli resmileriň ýolbaşçylygynda edilýändigini’ yşarat edýär.
“Esgerler özbaşdak ýagdaýda, gorkman para alyp bilmez. Sebäbi, nägile bolan ýolagçy howa menziliniň ulurak derejeli işgärine ýüz tutsa, oňa çäre görler. Emma esgerler gorkman para alýar. Bu olaryň arkasynda ulurak biriniň durandygyny aňladýar” diýip, Wýetnamdan gelen türkmenistanly aýtdy.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň awiasiýa pudagyndaky korrupsiýa we beýleki ulgamlaýyn meseleler baradaky maglumatlar türkmen uçarlarynda uçan ýolagçylar we garaşsyz neşirleriň žurnalistleri üçin täzelik däl.
Maglumat üçin aýdylsa, “Türkmen.news” neşiri soňky gezek, ýolagçylar bilen gürleşip, Aşgabat howa menzilinde ‘gülläp ösýändigi’ aýdylýan ‘bagaž mafiýasy’ hakynda ‘goşmaça maglumatlary’ çap etdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki işgäriň öňräkki ýyllardaky tejribesine salgylanyp aýtmagyna görä, Aşgabat aeroportunda ýolagçylardan alnan zatlar we pullar soňra işgärleriň arasynda paýlaşylýar.
Ýurt garaşsyz žurnalistleriň açyk derňew geçirmegi üçin ýapyk bolansoň, bu ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum