Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat 11 aýda Pekine $8,82 milliardlyk tebigy gaz satdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Hytaý şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy bahasy 8,82 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Hytaýyň gümrük edarasyna salgylanyp habar berýär.

Ýanwar-awgust aýlaryndaky netijeler Hytaýyň Türkmenistandan umumy bahasy 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan tebigy gazy import edendigini görkezipdi.

Türkmen tebigy gazy Hytaýa häzir, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça, üç sany gaz geçirijisi arkaly eksport edilýär.

Bu geçirijileriň ýylda 55 milliard kubmetr gaz geçirmäge mümkinçilik berýändigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara iberilýän energiýa serişdeleri, olaryň bahasy we gelýän girdejileriň harçlanyşy barada ilata öz wagtynda hem jikme-jik maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.

XS
SM
MD
LG