Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Awtobus gatnawy selçeňledi, duralgada duranlar köpeldi


Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birini.

Şu günler Aşgabatda marşrutlar boýunça gatnaýan ýolagçy awtobuslaryň sanynyň ep-esli azalmagy netijesinde, adamlar duralgalarda awtobuslara uzak wagt garaşmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý indi üç günden bäri dowam edip, ir ertirden başlap awtobus duralgalarynda adamlaryň toparlanmasy emele gelýär.

Adatça Aşgabatda marşrutlar boýunça gatnaýan ýolagçy awtobuslaryň biri, meselem, 10-njy belgili awtobus duralga gelip gidensoň, ikinji gezek ýene 10-15 minutdan gelýärdi. Häzirki wagtda ýaşaýjylar bu awtobus üçin azyndan ýarym sagat, kä halatlarda ondanam köp garaşmaly bolýarlar.

Bu ýagdaý, esasan, şäheriň Türkmenbaşy şaýoly (ozalky Lenin köçesi), 10 ýyl abadançylyk (ozalky Moskowskiý köçesi), Oguzhan (ozalky Aýtakow köçesi) we Atamyrat Nyýazow (ozalky Çehow köçesi) ýaly esasy köçelerindäki awtobuslaryň gatnawyna degişli.

Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, jemgyýetçilik awtobuslaryň sanynyň azaldylmagynyň sebäpleri we bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi barada ilat köpçüligine resmi maglumat berilmeýär.

Sebäpleri

Käbir ýaşaýjylar we mekdep mugallymlary munuň sebäplerini Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabarala görülýän taýýarlyk çäreleri bilen düşündirýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden aşgabatly mekdep mugallymy, 32 ýaşly Mergen Aşgabatda Täze ýyl gijesi geçiriljek dabara hem-de ondan öň we soň geçiriljek çärelere mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň we studentleriň gatnaşdyrylýandygyny aýdyp, “olary çäräniň ýerine getirmek we alyp gitmek işi şäheriň awtobuslaryna tabşyryldy” diýdi.

“Täze ýyla taýýarlyk çäreleri mundan 15 gün ozal başlady. Bu çärelere-de Aşgabadyň mekdepleriniň her birinden 30-40 çemesi okuwçy gatnaşdyrylýar. Öň bu çäreler şäheriň dürli ýerlerinde geçirilýärdi. Soňky üç gün bäri bu taýýarlyklar Döwlet ýolkasynyň ýanynda dowam edýär. Sebäbi şu gün, 23-nji dekabrda “Bagt köşgi” diýlip atlandyrylýan meýdançada Türkmenistanyň döwlet ýolkasy açylýar, ýagny yşyklary ýakylýar. Şol sebäpli şäheriň awtobuslarynyň ençemesi çagalary we çärä gatnaşýanlary gatnatmak işi bilen meşgullanýar” diýip, Mergen mugallym gürrüň berdi.

Bu ýagdaý, ýanwar aýynyň birinji on günlügi tamamlanýança dowam etjekdigi aýdylýan çärelere gatnaşýan mugallymlara we okuwçylara ýeňillik döretse, ýaşaýjylaryň bolsa dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolýar.

Radio-telewideniýede gepleşikler berilmeýär

“Öň 10 minutda gelýän awtobuslar indi ýarym sagatda-da gelmeýär. Işe wagtynda ýetişmeli ýa-da işden soň çagaňy çagalar bagyndan almaly. Üç gün bäri hiç ýere wagtynda ýetişip bolanok. Köplenç awtobus wagtynda gelmeýändigi üçin taksilere münmeli bolýarys. Onuňam bahasy gymmat. Kösençlik üstüne kösençlik” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 25 ýaşly Güljemal aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda hem jemgyýetçilik transport gatnawynyň ýetmezçilik edýändigi barada maglumatlary taýýarlapdy.

Bu maglumatlardan soň, Köneürgenç etrabynda awtobus gatnawlarynyň belli bir derejede ýola goýlandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berýärler. Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda bu etrapda günde iki wagtyna awtobus gatnawy hereket edýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan iki ýyl çemesi ozal Türkmenistanda köçe-ýol hereketini düzgünleşdirýän gepleşikleriň radioda we telewideniýede berilmegi hakynda ýörite karar kabul edilipdi.

Emma muňa garamazdan, ýolagçy awtobuslaryň gatnaýan marşrutlarynyň üýtgedilendigi, haýsy köçeleriň ýapyklygy we haýsy köçelerde awtoulaglaryň dyknyşyklarynyň emele gelendigi barada, ilat köpçüligine maglumat berilmeýär, hatda köplenç awtobus duralgalarynda bildiriş hem asylmaýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG