Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Bankomatlarda pul ýok, aýlyklary nagtlaşdyryp bolmaýar


Aşgabatdaky Türkmenbaşybankyň bankomatynyň öňünde nobata duran adamlar.

Şu günler Aşgabadyň banklaryndaky we söwda nokatlaryndaky bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň aglabasy öz plastik kartlaryndaky aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär.

Nobata duran ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, munuň sebäpleri bankomatlaryň sanynyň azlygy, olarda goýulýan puluň mukdarynyň we olaryň işleýän wagtynyň çäklidigi bilen baglanyşykly.

Şol bir wagtda-da, nobata duran ýaşaýjylaryň käbirleriniň bir däl-de, ondan gowrak plastik karty getirip, birnäçe adamyň aýlygyny nagtlaşdyrýandygy we şeýlelikde, nobata duran beýleki 30-40 çemesi adamyň öz aýlygyny nagtlaşdyryp bilmeýändigi aýdylýar.

“Banklardaky bankomatlarda irden diňe 3 sagadyň dowamynda pul bolýar. Ir bilen nobata durýarys, nobatymyz ýetende-de, bankomatda pul gutardy diýýärler. Birinjiden-ä, bankomatlara az pul goýýarlar. Öýländen soňam bankomatlarda pul ýok. Ikinjidenem, käbir nobata duran adamlar birnäçe plastik kart getirip, nobaty ýetende bankomatdaky barja pulam alyp gidýärler” diýip, Aşgabatdaky bankomatlaryň biriniň öňünde indi üçünji gün nobata duran paýtagtly Akbibi daýza (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Dawa-jenjel

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, nobata duran adamlaryň käbirleriniň birnäçe adamyň plastik kartyndaky aýlygyny bir wagtda nagtlaşdyrmagy kähalatlar-da dawa-jenjelleriň döremegine hem sebäp bolýar.

“Atatürk köçesiniň ugrunda ýerleşýän Senagat bankyň merkezi ofisindäki bankomadyň öňünde biri nobata durup, yzly-yzyna plastik kartlary çykaryp, bankomadyň öňünde 40 minut çemesi eglendi. Yzyndan ýene biri bardy, onuň elinde-de 10-12 sany plastik kart bardy. Onsoň yzynda duranlaram nägilelik bildirip başladylar. Şondan soň dawa edil gyzyl ýumruga girmäge barmasa-da, şoňa golaý ýagdaýa bardy. Bankyň işgärleriniň haý-küşüne gulak asylmady, onsoň işgärleriň biri polisiýa işgärlerini çagyrdy. Polisiýa gelenden soň, eli bir giden plastik kartly çykyp gitdi, polisiýa işgärleri beýlekilere-de “akylly bolmagy, dawa-jenjel etmezligi” maslahat berdi” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, indi dört ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyk haklary olaryň şahsy plastik kartlaryna geçirilýär.

Bu düzgüne laýyklykda, adamlar öz aýlyklarynyň plastik kartlara geçirilip-geçirilmändigini diňe bankomatlaryň üstünden anyklap bilýärler. Şeýle-de, olar aýlyklaryny diňe bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler. Şol bir wagtda, ýurtdaky bankomatlardan her gezekde diňe 1000 manat möçberindäki puly nagtlaşdyryp bolýar. Aýlygynyň ählisini nagtlaşdyrmak isleýän adamlar bolsa, 10 çemesi etapdan ybarat funksiýany birnäçe gezek gaýtadan geçmeli bolýar.

Plastik kartlardan diňe bir ýerde peýdalanyp bolýar

Şol bir wagtda, Türkmenistanda bankomatlaryň azlygy, olarda köplenç puluň bolmaýandygy we aýlyklaryň hem plastik kartlara köplenç wagtynda geçirilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň dürli künjeginden yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle bökdençliklere garamazdan, ýurtda pensionerleriň pensiýa haklaryny hem-de maýyplaryň we çagaly eneleriň kömek pullaryny plastik kartlara geçirmek planlary barada ýokary derejede gürrüňleriň edilýändigi hakda ýakynda Azatlyk Radiosy maglumat taýýarlapdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri häzirki wagtda bu planlaryň ýatyrylandygyny, hatda täze plastik kartlary bermek üçin kärendeçi daýhanlardan we pensionerlerden ýygnalyp alnan pul serişdesiniň we resminamalaryň hem yzyna gaýtarylyp berlendigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, bu plastik kartlardan ýurduň hiç bir ýerinde diýen ýaly, şol sanda internet dükanlarynda peýdalanyp bolmaýar. Ýerli synçylar bu plastik kartlar arkaly tutuş Türkmenistanda diňe Aşgabadyň “Berkarar” söwda merkezinde söwda edip bolýandygyny aýdýarlar. Emma bu söwda merkezindäki plastik kartlary kabul edýän enjamlaryň hem hepdede diňe bir ýa-da iki gün çäkli möçberde işleýändigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG