Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bilen Pekiniň alty aýlyk söwdasy $5,5 milliard boldy


Türkmenistanyň etrap ýerlerindäki köprüleriň biri. Arhiw suraty
Türkmenistanyň etrap ýerlerindäki köprüleriň biri. Arhiw suraty

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,3% köpeldi diýip, ogt-turkmenistan.com neşiri Hytaýyň gümrük gullugynyň beren maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Emma synçylar ýurduň energiýa girdejileriniň ýönekeý halka berýän peýdasynyň azdygyny aýdýarlar.

Söwda dolanyşygynyň köp bölegini türkmen eksporty düzýär. Gürrüňi edilýän döwürde Türkmenistan Hytaýa 5,07 milliard dollarlyk önüm eksport etdi, ol önümiň 5,05 milliard dollarlykdan gowragyny gaz üpjünçiligi düzýär.

Bu döwürde Türkmenistan 476 million dollarlyk hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi turbageçirijiler arkaly iberilýän tebigy gazdan ybarat.

Türkmenistan ýylda Hytaýa we beýleki birnäçe ýurda millardlarça dollarlyk tebigy gaz, nebit-himiýa önümlerini, elektrik energiýasyny eksport edýär. Emma ýurda energiýa eksportyndan gelýän uly girdejiler, olaryň harçlanyşy barada ne parlamentde, ne-de metbugatda hasabat berilýär.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri onlarça ýyl bäri onlarça milliard dollar serişdä durýan uly, gymmatbaha gurluşyklary dowam etdirýärler.

Bu gurluşyklaryň soňkusy Arkadag şäheriniň gurluşygy bolup, ol ýerde gurlan binalara milliardlarça dollaryň sarp edilendigi, emma ýurduň sebitlerindäki oba, etrap ýollarynyň, köprüleriň we beýleki infrastruktura desgalarynyň tas otuz ýyl bäri idege mätäçdigi, ilatyň aglaba köpçüliginiň agyr mätäçlik astynda ýaşaýandygy habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG