Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çilim çäkli möçberde satylyp başlandy


Aşgabatda döwlete degişli dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.
Aşgabatda döwlete degişli dükanyň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabatda birnäçe gün dowam eden çilim gytçylygyndan soň, döwlete degişli dükanlaryň aglabasy polisiýanyň gözegçiligi astynda, temmäki önümlerini gaýtadan satyp başlady.

12-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Aşgabadyň Mir-1/2 mikroraýonynda ýerleşýän “Türkmenbakaleýanyň” 3-nji we Mir-1 mikroraýonynda ýerleşýän Aşgabat şäher söwda edarasynyň 18-nji dükanlarynyň her biriniň öňünde 100-e golaý adamyň uly nobaty emele geldi. Olaryň arasynda ýaşlar, orta ýaşlylar we hatda aýal-gyzlar hem bar.

Bu söwda nokatlarynda nobata duran adamlar bilen bir hatarda polisiýanyň gözegçilik gullugynyň üç işgärini hem görse bolýar. Polisiýa işgärleri özleriniň nobata duran adamlaryň nyzamyna gözegçilik etmek üçin, döwlete degişli dükanlaryň müdirleri tarapyndan çagyrylandyklaryny aýdýarlar.

“Çilim gutardy, dargaň!”

Ýokarda agzalan dükanlarda çarşenbe güni günortadan soň satuwa çykarylan çilim önümleri ýarym sagadyň dowamynda satylyp gutardy. Çilim satyn alyp bilmän yzyna gaýdanlar hem köp boldy diýip, aşgabatly 34 ýaşyndaky çilimkeş Geldimyrat aýdýar.

“Men iki sagatdan gowrak nobata durup, iki guty çilim satyn aldym. Olaryň her biri 19 manatdan. Çilim ýarym sagatdan hem az wagtda satylyp gutardy. Nobatyň 2/3-sine ýetende dükandaky işgärler “Çilim gutardy, dargaň!” diýdiler. Köp adam çilim alyp bilmän, yzyna boş gaýtdy. Dükan eýelerinden “Indi çilim satylarmy? Çilim ýene-de haçan geler?” diýip sorasak, “Şony bizem bilemizok” diýip jogap berýärler” diýip, Geldimyrat gürrüň berýär.

Aşgabadyň çilim nobatlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:33 0:00

Aşgabatda çilim satuwynyň dowam edip-etmejekdigi we ýurtda dowam edýän çilim gytçylygynyň sebäpleri barada resmiler tarapyndan halk köpçüligine anyk maglumat berilmeýär.

Emma ýurtda çilim gytçylygy bilen baglanyşykly ýagdaý indi tas bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda we welaýatlarda temmäki önümlerini satýan dükanlaryň tas ählisi ýapylyp, çilim tekjelerinden ýitirim bolupdy.

Şondan birnäçe aý soň, ýagny 19-njy martda Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýörite karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we olara nyrh kesmegiň, satmagyň ähli ygtyýarny diňe ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Şol karara laýyklykda, Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasyny resmi ýagdaýda diňe döwletiň eýeçiligindäki dükanlar amala aşyryp bilýär.

Gizlin ýollar”

Şeýle karar kabul edilensoň, döwlete degişli dükanlarda tä tomus paslynyň ortalaryna çenli temmäki önümleri gaýtadan satylyp başlanypdy. Emma iýul aýynda adamlaryň çilim önümlerini aç-açan satyn alyp bilýän ýeke täk ýerinde, ýagny döwlete degişli dükanlaryň tekjelerinde çilim önümleri ýaňadan ýitirim boldy.

Aradan üç aý geçensoň, ýagny 6-9-njy oktýabr aralygynda döwlete degişli dükanlaryň käbirinde Germaniýa we Fransiýa döwletlerinde öndürilen çilimler çäkli möçberde satuwa çykaryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda temmäki önümlerini ulanýan adamlar çilimi diňe döwlete degişli dükanlardan ýa-da “gizlin ýollar” bilen satyn alyp bilýärler. “Gizlin ýollar” arkaly satylýan bir guty çilimiň bahasy bolsa, tas 100 manada ýetýär.

2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Bütindünýa Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulaly bäri, ýurtda temmäki önümleriniň satylyşy göz-görtele azalyp, olaryň bahalary hem telim esse ýokarlandy.

2015-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy ilat sanyna görä Türkmenistanyň iň az çilimkeşli ýurtdugyny aýdypdy. Aşgabatda geçirilen forum döwründe, bu guramanyň başlygy Margaret Çan “derňewler Türkmenistanyň ilatynyň diňe 8%-niň çilim çekýändigini görkezýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG