Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda dilegçileriň sany köpelýär


Aşgabatda dilegçileriň sany köpelýär.

Aşgabatda dilegçileriň sanynyň barha köpelýändigi barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna maglumatlar gelip gowuşýar. Olaryň paýtagtyň, esasanda, söwda merkezleriniň golaýynda, awtoduralgalarda we benzin doldurylýan stansiýalarda göze ilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu barada gyzyklanyp, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabatda dilegçileriň sany köpelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:17 0:00

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda raýatlary arakhorlyk we dilegçilik sebäpli saklamak we tussag etmek üçin, kanun esasyndaky jezalar güýçlendirildi.

Şu ýylyň 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Administratiw kodeksine girizilen düzedişlere we goşmaçalara laýyklykda, dilegçilikde we gedaýçylykda güman edilýänler 24 sagat we 15 gije-gündiz aralygyndaky möhletde kanuny esasda tussag astynda saklanyp bilýärler.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG