Aşgabat şäherinde we onuň töwereginde 3-nji awgustda güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy. Tebigy hadysada üstüne metal konstruksiýanyň ýykylmagy netijesinde azyndan bir adam öldi. Güýçli ýel ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň üçekleriniň, metal bölekleriniň onlarçasynyň opurylyp gaçmagyna, agaçlaryň ýumrulmagyna getirdi.
Paýtagtyň şäher häkimliginiň wekili tebigy hadysadan soň arassaçylyk işleriniň dowam edýändigini tassyklady, ýöne adam pidasy barada häzirlikçe özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 4-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.
“Aşgabatda düýn agşam sagat 7 bilen 8 töweregi güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy. Güýçli ýel gynansak-da bir erkek adamyň ölümine sebäp boldy. Wakanyň bolan pursady 35-40 ýaş aralygyndaky adam köçeden geçip barýan mahaly, onuň kellesine uly demir bölegi gaçdy” diýip, ýagdaýdan ýakyndan habarly paýtagtly çeşmämiz aýtdy.
Pajygaly waka Berkararlyk etrabynyň il arasynda ‘Hitrowka’ diýlip tanalýan ýaşaýyş toplumynda boldy. Waka golaýdan şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesiniň sözlerine görä, pida tiz kömek ulagy gelip ýetişmänkä, wakanyň bolan ýerinde jan berdi.
Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada etrabyň saglyk we polisiýa bölümlerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri hem, adatça bolşy ýaly, tebigy hadysa, onuň ýetiren zyýany, adam pidasy ýa-da ýaralananlar barada hiç hili maglumat, beýanat bermeýärler.
Jaýlara, agaçlara, ulaglara zyýan ýetdi
Ýöne habarçymyz ilkibada sähel şemalyň turmagy bilen başlan güýçli ýeliň ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalarynyň üçekleriniň, beýleki metal bölekleriniň onlarçasynyň opurylyp gaçmagyna getirendigini aýdýar.
“Metal bölekleriniň käbirleri opurylyp köçelere gaçan bolsa, käbirleri köçelerdäki ýeňil ulaglaryň üstüne gaçyp, uly zyýan ýetirdi. Güýçli ýel baglaryň ýykylmagyna hem getirdi. Olaryň ençemesi baglaryň saýasynda duran ýeňil ulaglaryň üstüne ýykylyp, ulaglara uly maddy zyýan ýetirdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Tebigy hadysadan esasan hem Berkararlyk etrabynyň il arasynda ‘Hitrowka’ diýlip tanalýan ýaşaýyş toplumy köp zyýan çekdi. Bu ýerde köp ýyllyk uly agaçlaryň 10-a golaýy ýumruldy. Jaýlaryň üçeklerindäki metal bölekler ýere gaçdy. Käbir jaýlaryň aýnalary döwüldi.
“Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýän baglaryň birnäçesi ýeliň güýjüne ýumrulyp, töwereginde duran iki ýeňil ulagyň üstünden gaçyp, ulagyň daşky demirini ýiti ýemşertdi” diýip, waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Wakanyň birnäçe şaýadynyň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, zyýan çeken ulag eýeleri tebigy betbagtçylyklar üçin döwlet ätiýaçlandyrmasyny töleýändigini aýdyp, kompensasiýa almak üçin polisiýany çagyrdylar.
“Öňünden habar berlen bolsa, zyýany azaldyp bolardy”
“Emma bu ýere gelen ýol polisiýasy wakalary hasaba almakdan ýüz öwürdi. Bilşimiz ýaly, ýol polisiýasy wakany hasaba almasa, ulag eýelerine kompensasiýa tölenmeýär” diýip, wakanyň ýene bir şaýady aýtdy.
Paýtagtlylaryň ençemesiniň sözlerine görä, häkimiýetler tebigy hadysa barada öňünden habar beren bolsa, zyýany belli bir derejede azaldyp bolardy, meselem, ýaşaýjylar ulaglaryny ýapyk duralgalarda goýardy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty tebigy hadysa barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan habar berdi. Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 2-nji awgustda efire berlen sanynda, ýurduň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde “ýagşyň ýagyp, şemalyň öwsüp, ýyldyrym çakmagyna garaşylýandygy” aýdylsa-da, adatdan daşary howa hadysasy barada hiç zat aýdylmady.
Arassaçylyk işleri gijeden bäri dowam edýär
Bu aralykda, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tebigy hadysanyň netijelerini, şol sanda ýumrulan agaçlary, opurylan metal böleklerini arassalamak işlerini geçirýärler.
“3-nji awgustda geçirilip başlanan arassaçylyk işleri gijesi bilen dowam edip, 4-nji awgustda günüň birinji böleginde hem dowam edýär. Hususy jaýlaryň eýeleri ýeten zyýany özleri arassalamaly bolýarlar. Olara hökümet tarapyndan ýardam ýok” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Aşgabadyň köçelerinde ýykylan agaçlary benzin ýangyjy bilen işleýän byçgy bilen böleklenip kesilýär we traktorlaryň, ýük ulaglaryň tirkegine ýüklenip daşalýar.
Häkimligiň wekili arassaçylyk işlerini tassyklady
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada teswir almak üçin Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine jaň etdi. 4-nji awgustda telefona jogap beren häkimlik wekili tebigy hadysadan soň arassaçylyk işleriniň dowam edýändigini tassyklady, ýöne adam pidasy barada häzirlikçe özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.
“Düýn gijesi bilen işlediler. Şu gün [4-nji awgustda] giçlik sagat 5-6-a çenli tutuş şäher arassalanýar. Hemme işgärlerimiz güýçlendirilen tertipde işleýär. Esasy zyýan Berkararlyk bilen Bagtyýarlyk etraplaryna ýetdi. Büzmeýin bilen Köpetdag etraplarynyň arassaçylyk işgärlerini hem şu iki etraba çagyrdyk” diýip, häkimligiň wekili aýtdy.
Azatlykda häkimligiň işgäriniň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Bäherdene sil geldi, oba ýollaryna we ekinlere zyýan ýetdi
Bu aralykda, sebitdäki ýene bir habarçymyz güýçli ýeliň we ýagşyň paýtagtyň golaýynda ýerleşýän Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagum daýhan birleşigine dagdan sil suwlarynyň gelmegine we obanyň ýoluny, ekin meýdanlaryny ýuwup geçmegine sebäp bolandygyny habar berýär.
“Köp hojalygyň howlusynda eken ekinini sil suwy doly ýok etdi. Käbir hojalyklaryň gapysynda siliň jar edip geçen ýerleri hem bar. Häzir oba adamlary elleri pilli we kätmenli siliň jar edip geçen ýerlerini gum daşap gömüp, ýol ýasaýarlar. Jaryň çuň ýerlerini toprak bilen gömmek üçin ýük ulaglarda gum daşap gömülýär” diýip, bäherdenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, Bäherden etrap häkimliginden we häkimden ilata hiç hili ýardam, kömek ýok.
“Hojalyklar öz güýçleri bilen tebigy hadysanyň netijesini aýyrmak üçin köpçülikleýin işleýärler. Sebäbi ilatyň özi ýoly tekizläp, ýoly açmasa, başga ýerden gelip, açyp berjek ýok. Bu, geçen ýyllardaky tebigy hadysalarda hem şeýle bolupdy” diýip, bäherdenli ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Bäherden etrap häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy, uly buz bölekleriniň ýagmagy, güýçli ýagyşlar we suw joşmalary ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň durmuşyna gös-göni täsir edýän tebigy hadysalar barada ne öň, ne-de yz ýanyndan gürrüň gozgaýar. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum