Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we sebitlerde zibil dörýän adamalar köp bolmagynda galýar


Ýörite arabada zibil toplaýan erkek adam. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Ýörite arabada zibil toplaýan erkek adam. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda paýtagt Aşgabat şäherinde we sebitlerde zibil dörýän adamlar köp bolmagynda galýar. Olar köplenç zibil gutularyndan tapan çüýşe, plastik gap-gaç we gaty kagyz ýaly zatlaryny satyp, oňňut edýärler.

Ýaňy-ýakynda welaýatlardan Aşgabat şäherine sapar eden habarçylarymyz paýtagtdaky we sebitlerdäki zibil gutularynyň töweregindäki işjeňligi deňeşdirýärler.

“Zibil dörýän adamlar Aşgabatda hem köp ekeni” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň paýtagta amala aşyran iş saparynyň dowamynda şaýat bolan sahnalaryny suratlandyrýar.

Mundan ozal, sebitlerde zibil dörýän adamlaryň köpelmegi, ykdysady şertleriň has-da ýaramazlaşmagy barada maglumat beren habarçymyz paýtagtdaky zibilçileriň sebitlerdäkilerden tapawutly taraplaryna ünsi çekýär.

Aşgabatda zibil dörýän adamlar, sebitlerdäkilerden tapawutlylykda, ellerine ellik geýýän ekeni. Olar köplenç gijöýlän, agşama golaý, ýa-da gün ýaşandan soňra işe girişýärler.

Sebitlerde zibilçiler köplenç plastik gap-gaçlaryny, çüýşeleri, gaty kagyzlary, zibile zyňylan elektron enjamlaryny, köne tehnikalary, galyberse-de gawun-garpyz paçaklaryny, gök-bakja önümlerini, zibile zyňylan azyklaryň ähli görnüşlerini toplaýarlar. Zibilden tapylan gawun-garpyz paçaklary we azyk önümleri mallara berilýär. Plastik gaplar, çüýşeler we köne tehnikalardan sökülip alynýan metallar ýörite nokatlara tabşyrylýar.

Sebitlerdäki zibilçiler ellerine ellik geýmeýärler, ýöne ýörite simler bilen zibil gutularyny dörýärler. Olar günüň islendik wagtynda zibil gutularynyň töwereginde aýlanyp bilýärler.

Aşgabatda zibil dörýän aýal adamlary we erkek adamlary görse bolýar. Olar köplenç zibilden diňe boşan aýna gaplaryny, çüýşeleri we plastik gaplaryny toplamak bilen meşgullanýarlar.

Türkmenistanda maliýe-ykdysady kynçylyklar, azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalar we giň ýaýran işsizlik dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýurduň dürli sebitlerinde üpjünçiligi pes raýatlary zibil dörmäge iterýän ýagdaýlar barada habar berdiler.

Zibil dörýän adamlar wagtal-wagtal polisiýa işgärleri tarapyndan tutulýar. Häkimiýetler ýurduň bagtyýar keşbine kölege salýan islendik ýagdaýy aradan aýyrmaga, ýaşyrmaga çalyşýarlar.

Şu ýylyň fewralynda habarçylarymyz, ýurtda dowam edýän azyk krizisiniň arasynda, Türkmenabatda zir-zibil çeleklerini dörýän adamlaryň köpelmegi barada habar berdiler.

Iýul aýynda Balkan welaýatynda “prezidentiň abraýyna kölege salýandygy” aýdylyp, dilegçilere we zibil dörýän adamlara garşy reýd geçirildi.

Awgust aýynyň ortalarynda, okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda zibil çeleklerinden plastik gaplaryny toplaýan çagalar köpeldi.

Şonda habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan çagalaryň ençemesi pul gazanmak üçin, okuw esbaplaryny satyn almak üçin, özleriniň plastiki serişdeleri ýygnaýandyklaryny, hem-de olary ýörite nokatlara satýandyklaryny gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy oktýabr aýynda Mary welaýatynda zibil dörýän bir erkek adamyň kyssasyny ýetirdi.

Türkmenistan soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirdi. Bu kynçylyklar global koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-2021-nji ýyllarda has-da ýitileşdi we sosial problemalary möwjetdi. Zibil çelekleriniň töwereginde gaýtadan işlenilýän serişdeleri, köne zatlary we azyk önümlerini gözleýän adamlar has köp göze ilip başlady.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň garyplygyny öz içine alýan agyr sosial-ykdysady problemalary resmi taýdan ykrar etmeýärler. Ýurtda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän statistika maglumatlary köpçülige äşgär edilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ilatyň agyr durmuş-ykdysady şertleri, üpjünçiligi pes raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG