Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada ýene howpsuzlyk çäreleri güýçlendi, pasportlar 'derňelýär', 'gep diňlenýär'

Awaza görnüşi
Awaza görnüşi

''Awaza'' milli dynç alyş zolagynda dynç alýan ýönekeý türkmenistanlylar üçin ýene bir kynçylyk ýa-da nobatdaky 'stres synaglary toplumy' başlandy, hökümet ýolbaşçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň Hazar kenarlarynda dynç alýan wagty geldi diýip, çeşmeler we habarçymyz habar berýär. Bu ýurduň esasy dynç alyş künjegindäki howpsuzlyk çäreleriniň iýun aýyndan bäri ikinji gezek güýçlendirilmegi bolup, ýerli ýaşaýjylarda we myhmanlarda nägilelik döredýär.

Bu habar deňizdäki tolkunlaryň güýçlenip, adam heläkçiligine sebäp bolýandygy barada gelen maglumatyň yz ýanyna gabat geldi. Türkmen häkimiýetleri 28-nji iýulda heläk bolandygy aýdylýan iki ýetginjek, köpelýän hadysalar baradaky habara hiç bir reaksiýa bildirmediler.

Habarçymyz deňiz kenaryna dynç alamaga gelen adamlaryň häzir howpsuzlyk çäreleri sebäpli biynjalyk bolýandyklaryny, ýöne bu ýagdaýyň gark bolan çagalar bilen bagly däldigini habar berdi.

Awgustda başlyk maşgalalarynyň dynç almagyna garaşylýar

Anonimlik şertinde gürleşen çeşme Türkmenbaşy şäherinde we ''Awaza'' dynç alyş zolagynda görülýän howpsuzlyk çäreleriniň awgust aýynda dynç almaga geljek hökümet ýolbaşçylary, olaryň maşgala agzalary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.


''Häzir Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary ''Awaza' geldi, Kerimguly we prezidentiň gelni, aýal doganlary dynç alýarlar. Olar ''Awaza'' söwda merkezine ýa-da Türkmenbaşy şäherine aýlanmaga çykanlarynda ýollar ýapylýar, söwda merkezlerindäki adamlar ol ýerlerden çykarylýar'' diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, güýç gurluşlarynyň beýleki welaýatlardan çagyrylan uly topary, ýörite gulluklaryň işgärleri, MHM ofiserleri, polisiýanyň ýol gözegçileri häzir Türkmenbaşyda iş saparynda bolýar.

Çeşme olaryň sentýabr aýyna çenli, tutuş bir aýlap gije-gündiz nobatçylyk çekmelidigini aýtdy, ýöne howpsuzlyk çärelerine çekilen adamlaryň sanyny anyklaşdyrmady.

Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenleriň sözlerine görä, MHM ofiserleri häzir şübheli hasaplanyp biljek adamlary, ozal jenaýat jogapkärçiligine çekilip, türmä basylan we jeza çeken raýatlary ýüze çykarmak bilen meşgullanýarlar. Bu hili adamlar dynç alyşdan kowulýar, ýagny yzyna, gelen welaýatlaryna ugradylýar diýip, çeşme aýtdy.

''Komandirowkadaky MHH, polis ofiserleri otellerde dynç alýan adamlaryň pasportlaryny ressepşenden alyp, içgin öwrenýärler'' diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan öň habarçymyz öňünden töleg eden myhmanlaryň hem, wezipeli ýa täsirli adamlara gerek bolsa, ýaşap oturan otagyndan çykarylyp bilinýändigini we olaryň tölän pulunyň yzyna berilmeýändigini habar beripdi.

Taksilerde, awtobuslarda hem 'gep diňlenýär'

Howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi Türkmenbaşydaky jemgyýetçilik ulaglarynyň işgärleriniň işine hem ýaramaz täsir edýär diýip, bu ugurda işleýän hünärmen aýtdy.

''Awaza'' gatnaýan taksileriň, awtobuslaryň sürüjileri örän biynjalyk bolýarlar, sebäbi ýörite gulluklaryň wekilleri ýolagçylary hem yzarlaýarlar we gep diňläp, özlerine gerek maglumatlary ýygnap almaga çalyşýarlar'' diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi geçen bazar güni ''Awazadaky'' myhmanhanalaryň tas ählisine aýlanyp çykdy we, bir hepde bolmak üçin boş ýer barmy diýip sorady.

''Maňa her baran otelimde boş ýeriň bardygyny aýtdylar. Ýöne pasportymy alyp, adymy, beýleki dannylarymy kompýutere ýazyp görensoňlar, 'seni alyp bilemizok' diýdiler, näme üçin beýtdiler, bilip bilmedim'' diýip, çeşme özüne hiç bir düşündirişiň berilmändigini hem sözüne goşdy.

Ýatlatsak, iýunyň aýagynda hem çeşmeler Türkmenbaşyda we ''Awaza'' dynç alyş zolagynda pugtalandyrylan howpsuzlyk çäreleri barada habar beripdiler.


25-nji iýunda berlen habarda Awazada "raýat eşikli, elleri rasiýaly adamlaryň her 30 metrden diýen ýaly durandygy'' aýdylypdy.

Howpsuzlyk çäreleri bir hepdä golaý wagt bäri dowam edýär diýip, balkanly çeşmeler bu ýagdaýy şol wagt Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aý aýagynda bellenýän doglan güni bilen baglanyşdyrypdylar we ilatyň soňy gelmeýän agyz suwy kösençliklerine ünsi çekipdiler.

Dabaralar azalmýar, şikaýatlar köpelýär

Maglumat üçin aýtsak, 22-nji iýunda Balkanabat şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän hepdelik her ýyl 29-njy iýunda, uly Berdimuhamedowyň doglan gününi bellemek bilen jemlenýär.

Azatlyk ýurduň esasy dynç alyş künjeginde döreýän we ýerli ýaşaýjylarda, myhmanlarda sorag döredýän meseleler boýunça resmi düşündiriş alyp bilmeýär. Türkmen häkimiýetleri ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleri, kanun soraglary boýunça ne garaşsyz neşirlere, ne-de döwlet eýeçiligindäki metbugata anyk düşündiriş berýärler.

Bu ýagdaý sosial mediada wideo, audio çap edip, garaşsyz neşirlere, blogçylara hat ýazyp, sesini prezidente eşitdirjek bolýan raýatlaryň köpelmegine getirýär. Synçylaryň aýtmaklaryna görä, güýç gurluşlary bu tagallalara ilata, nägile adamlara edilýän basyşy güýçlendirmek bilen jogap berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG