Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewanyň tussaglygy ýene-de uzaldyldy


Alsu Kurmaşewa
Alsu Kurmaşewa

Russiýanyň kazyýeti 1-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň deslapky tussaglyk möhletini 5-nji iýuna çenli uzaltdy.

47 ýaşly Kurmaşewa geçen oktýabrda Kazanda tussag edildi we Russiýanyň žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini we beýlekileri nyşana alýan jeza beriji kanuny esasynda, daşary ýurt agenti hökmünde hasaba alynmazlykda aýyplandy.

Şeýle-de, ol rus goşuny barada galp maglumat ýaýratmakda aýyplanýar we günäli tapylan ýagdaýynda 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip biler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we ABŞ hökümeti bu aýyplamalaryň oňa Pragada Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bolup işleýändigi üçin, ar alyş çäresi hökmünde bildirilendigini aýdýarlar.

Ol garry ejesini görmek we oňa ideg etmek üçin Russiýa bardy we başda 2-nji iýunda, Kazan howa menzilinde yzyna dolanmak üçin uçara garaşýan mahaly tussag edildi.

Bu ýerde onuň amerikan we rus pasportlary konfiskasiýa edildi.

Tankytçylaryň we hukuk toparlarynyň köpüsi daşary ýurt agenti diýilýän kanunyň Kreml tarapyndan islendik başgaça pikirli şahsy basyp ýatyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, Moskwa Birleşen Ştatlarda türmede oturan ruslary boşatmakda ulanmak maksady bilen, amerikalylary bikanun tussag etmekde aýyplanýar.

Fewral aýynda dünýäniň 23 ýurdy Kurmaşewany UNESKO/ Guillermo Cano 2024 Bütindünýä metbugat azatlygy baýragyna hödürledi.

Bu baýrak 1997-nji ýylda döredildi we her ýyl ýüzbe-ýüz bolýan "howp-hatarlaryna we yzarlanmalaryna" garamazdan, metbugat azatlygyny goramaga we wagyz etmäge "düýpli" goşant goşan bir adama ýa-da bir topara berilýär.

XS
SM
MD
LG