Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çörek we un gytçylygy ýitileşýär. Söwdagärler ammarlardaky unuň azalandygyny aýdýar.
Häkimiýetleriň muňa oňaýly çözgüt hödürlemeýändigi sebäpli, gytçylyk ýagdaýynda hojalyklar gizlin çörek bişirip, hususyýetçileriň üsti bilen ony bazarlarda ýerleýär.
Şu aýdan bäri Aşgabadyň we Ahalyň gür ilatly sebitleriniň, şol sanda Kaka şäheriniň döwlet dükanlarynda degişlilikde arzan bahadan satylýan çörek tapdyrman başlady.
“Kakanyň döwlet dükanlarynda kiçi göwrümli çörek 70 teňňeden, ulusy hem 2 manatdan satylýar. Emma bu günler ony aljak gümanaň ýok. Indi ilat adam başyna üçden artyk berilmeýän çöregi satyn alyp bilmek üçin, gije sagat 12-den başlap nobat tutýar. Emma dükan açylan badyna, gyt çörek nobatdaky ähli adama ýetmän, tiz wagtda gutarýar” diýip, kakaly ýaşaýjylaryň biri 23-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
Aşgabatdaky habarçymyz çörek almak isleýän adamlaryň uly nobatlaryny paýtagtyň döwlet dükanlarynda hem synlasa bolýandygyny gürrüň berdi.
Çörek satyn almak başartsa-da, adamlar onuň pes hilli undan bişirilendigini, yslydygyny, hat-da kä halatlarda içinden mör-möjekleriň hem çykýandygyny aýdýarlar.
Türkmen hökümeti ýurtda alty ýyl töweregi dowam edýän agyr ykdysady krizisi boýun almaýşy ýaly, çöregiň hasam gytalmagy boýunça düşündiriş bermeýär.
Emma anonim gürleşen söwdagärler, ýitileşen çörek gytçylygyny ammarlarda ýerli unuň azalmagy bilen düşündirýärler.
Häzir ýurtda galla oragy dowam etdirilýär. Bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Emma häkimiýetleriň bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigi hakyndaky ozalky beýanatlaryna garamazdan, ýurtda unuň we çöregiň gytçylygy ýyllar boýy aradan aýrylmaýar.
Bu ýagdaýlaryň arasynda, ykdysady krizis sebäpli gurpdan düşen hojalyklar, mümkin gazanç çeşmesi hökmünde gizlin çörek bişirip, ony ilata hödürläp başladylar.
Soňky aýdan bäri 20 müň töweregi ilatly Kaka şäherindäki hojalyklaryň ençemesi jaýlarynyň arka howlusynda tamdyr dikip, häkimiýetlerden ogrynça çörek bişirýärler.
“Biz tanyş tapyp, üstüne pul berip, 50 kilogramlyk bir halta ýerli uny 500 manada satyn alýarys we ondan tamdyrda çörek ýapýarys. Çöregi soňra hususy söwdegärlere paýlaýarys. Ol bazarda bäş manatdan bahalanýar” diýip, hususy ýagdaýda çörek bişirýän kakaly ýaşaýjylaryň biri belledi.
Ýöne ol habarçymyzyň gytçylyk ýagdaýynda haltalap uny satyn almagynyň ýollary, galyberse-de degişli gözegçilik we barlag bolmazdan iýmit önümleriniň ilata ýerlenmegi boýunça soraglaryna göni jogap bermedi. Ol muny ýurtdaky dowam edýän agyr ykdysady ýagdaýlar bilen delillendirmäge synanyşdy.
“Hawa, biz para berip, uny satyn alýarys. Çöregi hem häkimiýetlerden gizlin bişirýäris. Alýan ujypsyz girdejimize salgyt hem tölemeýäris. Biz hem munuň beýle bolmaly däldigine düşünýäris. Emma biziň başga alajymyz galmady. Iş ýok, gytçylyk we gymmatçylyk... Häkimiýetlerden hem hiç hili goldaw ýok. Biz hem gün-güzeranymyzyň aladasyny etmeli, çagalarymyzy iýmitlendirmeli” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi sözüne goşdy.
Türkmenistanda raýatlar indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär.
Häkimiýetler bar bolan meselelere garşy göreşmegiň deregine, problemalara ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum