Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ilatly ýerleriň gaz, tok üpjünçiligi bökdelýär, bergili hojalyklar gazdan, tokdan kesilýär

Balkanabat şäheri (arhiw suraty)
Balkanabat şäheri (arhiw suraty)

Balkan welaýatynda howanyň sowamagy bilen ilatyň ýylylyga zerurlygynyň artan döwründe ilatly ýerleriň gaz, tok üpjünçiligi yzygiderli bökdeýär. Şol bir wagtda, gaz we tok üpjünçiligi bar bolan ilatly ýerlerde jemagat gulluklary bergili ýaşaýjylaryň gazyny we elektrik energiýasyny kesmek boýunça işlerini ýygjamlaşdyrdy. Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri günbatar welaýatdaky häzirki ýagdaý barada habar berdiler.

"Düýn ýekşenbe gününden bäri Balkanda ýagyş ýagýar welin, tas ähli obalarda, etraplarda gazyň we elektrik togunyň kesilmegi öýleri hamana holodilnige dönderdi" diýip, balkanly habarçymyz 9-njy noýabrda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, çygly howada elektrik hünärmenleri transformatorlary bejermäge gorkýarlar we sandan çykan enjamlaryň ýanyna barmaýarlar, käbir ýerlerde dynç gününi bahanalaýarlar.

Deňiz ýakasyndaky sebitde gyşyň golaýlamagy bilen howa sowaýar, ýagyşly ümürli howa saklanýar. Gündizlerine gün 10-14 gradusa çenli gyzýar, emma gijelerine temperatura +3 gradusa çenli peselýär.

Balkanabadyň golaýyndaky obalaryň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, umuman gazyň we elektrik energiýasynyň üpjünçiligi soňky hepdelerde gowşapdyr, gaz berilse-de onuň depgini pes bolýar.

"Mollagarada, Jebelde we Belekde gyş başlamanka gaz we tok kesilip durýar. Gaz bolsa aşa pes berilýär, köçeleriň soňundaky jaýlara bolsa ýetip barmaýar diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda jemagat hojalygy gulluklarynyň işgärleriniň öýlere aýlanyp, gaz we tok üçin bergisi bolan hojalyklaryň gazyny we elektrik energiýasyny öçürmek boýunça işleri has-da bat alypdyr.

"Hojalyklara barýan kommunal işgärleri töleg talap edýärler we tölemedik raýatlaryň elektrik toguny we tebigy gazyny kesip gaýdýarlar.

Balkan welaýatynyň birnäçe ilatly ýerinde ýaşaýan çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hojalyklaryň gazynyň we togunyň kesilmek işleri sowugyň aralaşmagy bilen has-da ýygjamlaşypdyr. Olar bu ýagdaýyň ilatda nägilelik döredýändigini aýdýarlar. "Häkimiýetler ilaty jogapkärçilige çekýär, emma öz borjuny ýerine ýetirmeýär" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Bergi möçberi

"Ilaty gaz we tok bilen kadaly üpjün etmeýän edaralar bergidar hojalyklary elektrikden we gazdan kesmek kampaniýasyny alyp barýarlar. Bergisi 5 müň manatdan köp bolan hojalyklaryň işi kazyýetiň garamaga geçirilýär" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Resmi kursdan 5 müň manat 1428,5 amerikan dollaryna barabar we ýurtda ortaça iki aýlygyň möçberine gabat gelýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly çeşmeler bergileriň möçberiniň şeýle uly bolmagy sarp edilen energiýanyň hasaplaýyş usulyna bagly diýip, düşündirdiler.

"Meselem ýaşaýan ýerimizde onlarça hojalyk soňky 6 aýyň dowamynda elektrik we gaz hasaplaýjylaryny döwlet standartyndan geçirmändigi üçin olaryň öýündäki elektrik nokatlary lampalaryň kuwwatyna görä hasaplanýar. Şeýle hasapdan her bir maşgala 5 müň, hatda 8 müň manada çenli bergidar çykýar. Üstesine, jemagat gulluklarynyň işgärleri suw gyzdyryjy suw nasoslar üçin hem uly tölegleri ýazyp gidýärler" diýip, balkanly ýaşaýjylaryň ýene biri aýtdy.

Onuň bellemegine görä, düzgüne görä resmileşdirilen hasaplaýjylaryň görkezýän sanlaryna görä hasaplanda, ortaça hojalygyň çykdajysy 5 müň manat däl-de 500 manada barabar bolýar. Bu ýagdaýda, hususan-da elektrik enjamlaryň sanyna we kuwwatyna görä edilýän hasap hakyky sarp edilen energiýadan 10 esse ýokary bolýar.

'Guraly döwlet standartyndan geçirmeli'

Käbir ýaşaýjylaryň öz hasaplaýjy enjamlaryny döwlet standartyndan geçirmändigi hem aýratyn mesele bolup durýar. Azatlyk bilen gepleşen ýaşaýjylar meseläni boýun alýar. Balkanly pensioner zenan muny wagtynda etmäge mümkinçiliginiň bolmandygyny aýdýar: "Bu edaralar döwlet standartyndan geçmeli wagtyny ýatlatmaýar, kömek etmeýär. Elektrik enjamyny nädip sökmeli? Men ony bilmeýärin, gelnim we ýaş agtyklarym bilen ýaşaýaryn" diýip, garry ene: "Men indi näme etmeli" diýip zeýrenýär.

Onuň sözlerine görä, onuň 600 manatlyk pensiýasy bar, ýazylan bergi bolsa 7000 manada golaý.

Türkmenistanda ilat üçin hödürlenýän gazyň nyrhy 1000 kub metr üçin 20 manat, elektrik energiýasy 100 kWatt/ sagat üçin 2,5 manat. BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) maglumatlarynda bu nyrhlaryň beýleki ýurtlaryň köpüsi, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende pes hasaplanýar, emma bu nyrhlaryň Türkmenistanda ilatyň durmuş ýagdaýyna näderejede laýyk gelýändigi barada netije çykaryp bolmaýar. Türkmen hökümeti ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýyny doly görkezýän resmi statistikany çap etmeýär.

Üstesine, ilatyň tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň hili örän gowşaklygyna galýar. Bu hyzmatlaryň wagtal-wagtal öçürilmeginiň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmeýär. Şu aýyň başynda ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençliklere welaýat merkezi Balkanabadyň ýaşaýjylary hem duçar bolupdy.

Azatlygyň habarçylary ilatyň uly böleginiň girdejisiniň we durmuş şertleriniň pesdigini görkezýän maglumatlary berip gelýärler. Işsizlik sebäpli ilatyň ýurt içindäki we daşary ýurtlara zähmet migrasiýasy, dilegçilik, ogurlyk, azyk gymmatçylygy we gytçylygy, ilatyň esli böleginiň esasy durmuş zerurlyklaryny üpjün edip bilmän bergä batmagy ýaly köpsanly ýagdaýlar ilat köpçüliginiň ýagdaýyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy şu wagt Balkanda ilatyň gaz we tok üpjünçiligine degişli soňky ýagdaýlar barada sebitiň resmilerinden teswir almaga synanyşdy. Welaýat häkimliginiň websaýtynda habarlaşmak üçin görkezilen telefon nomerlere, şeýle-de "Türkmengaz döwlet konserniniň" websaýtynda "Balkangazüpjünçilik müdirliginiň" görkezilen telefon nomerine eden jaňlarymyza jogap berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG