Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabatda bazar awtoduralgasynyň ýapylmagy ilatda oňaýsyzlyk we nägilelik döredýär

Türkmenistandaky awtoduralgalaryň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistandaky awtoduralgalaryň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki uly daýhan bazarynyň awtoduralgasynyň ýapylyp, bu ýerde gurluşyk işleriniň alnyp barylmagy, söwda etmäge barýan ýaşaýjylaryň köpüsinde oňaýsyzlyk we nägilelik döredýär.

Ýaşaýjylaryň ençemesi ulaglaryny golaý-goltumdaky jaýlaryň arasynda goýmaly bolýandyklaryny we munuň bilen bagly polisiýanyň özlerine yzygiderli jerime ýazýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy maýda sebitden maglumat berdi.

“Bazar awtoduralgasynyň ýapylyp, bu ýerde gurluşyk işleriniň başlanyna birnäçe hepde boldy. Şondan bäri bazara söwda etmäge gelen adamlar ulaglaryny goýmaga ýer tapman, olary 1000-1500 metr uzakdaky köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndaky meýdançalarda goýmaly bolýarlar. Olar bazardan satyn alan harytlaryny daşap yzlaryna gelenlerinde bolsa, polisiýanyň basyşlaryna sezewar bolýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bazara söwda etmäge barýan balkanlylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, olar polisiýa işgärlerine bazara haryt almaga gelendiklerini, ýöne onuň awtoduralgasynyň ýapylandygyny düşündirmäge synanyşýarlar.

“Polisiýa işgärleri ‘durmak gadagan’ ýol belgisiniň durandygyny aýdyp, ulag eýelerine 200 manada çenli jerime ýazýarlar. Her hepdede azyndan bir sapar bazara barýarsyň we her gezeginde bir jerime ýazanlarynda, bu, aýda azyndan 800 manat bolýar” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Duralga derek söwda dükanlary gurlar"

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň ençemesi bu mesele boýunça bazar administrasiýasyna we şäher häkimligine ýüzlenip, müşderileriň duralga bökdençlikleriniň haçana çenli dowam etjekdigini sorap, muny çözüp bermegi haýyş edipdir.

“Ýöne häkimlik wekilleri bu meseläniň özlerine degişli däldigini aýtdylar. Bazar administrasiýasynyň käbir işgärleri bolsa, dilden beren maglumatlarynda söwda nokadyna degişli awtoduralgada gurluşyk işleri tamamlansa-da, onuň awtoduralga bolmak ähtimallygynyň juda pesdigini, ol ýerde başga dükanlaryň gurulýandygyny aýtdy” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.

Bu maglumaty şäher häkimligindäki çeşmämiz hem tassyklap, bazaryň awtoduralgasynyň soňky bir ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda hususy taraplara, şol sanda telekeçilere satylandygyny aýtdy.

“Bazar müşderilerine niýetlenen awtoduralga ýok edilip, oňa derek dükanlaryň, dellekhanalaryň, awto-şaýlar satylýan söwda nokatlarynyň gurulmagyna garaşylýar. Bazara degişli bolmaly bu ýerleriň ählisi paranyň öwezine telekeçilere satyldy. Halkyň awtoulaglarynyň duralgasyz galmagy tas hiç bir resmini gyzyklandyrmady” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetleri, şol sanda agzalýan bazaryň administrasiýasy we şäher häkimligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, resmi teswir almaga synanyşdy.

Teswir bermezden, telefony taşlamak

Redaksiýamyzyň 26-njy maýda şäher häkimliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna jogap beren resmi ýaşaýjylaryň awtoduralga meselesi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary baradaky maglumaty diňledi. Ýöne soňra ol hiç hili teswir bermezden, telefony taşlamak bilen boldy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda bazar awtoduralgalarynyň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynyň, şeýle-de seýilgähleriň hususyýetçilere satylýandygy barada Azatlygyň habarçylary wagtal-wagtal habar berýärler.

Ýurt raýatlarynyň ençemesi bulara derek dükanlaryň, kafeleriň ýa-da beýleki söwda nokatlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny, çagalaryň oýun meýdançalarynyň we ulag eýeleriniň awtoduralgalarynyň ellerinden alynýandygyny aýdyp, nägilelik bildirip gelýärler.

2023-nji ýylyň martynda Türkmenabadyň 2-nji etrapçasynyň onlarça ýaşaýjysy bir seýilgähiň ýykylyp, onuň ornuna ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna garşy özakymlaýyn protest aksiýasyny geçirdi. Öz raýyna guramaçylyk bilen amala aşyrylan çärede ýygnananlar etrapçadaky 70 ýyl töweregi ömri bolan agaçlaryň çapylmagyna hem garşylyk beýan etdiler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurtda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolýan gurluşyklar barada maglumat berse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG