Türkmenistanda daşary ýurtlara syýahat etmek üçin niýetlenen biometriki pasport edinmäge islegler ýokary bolmagynda galýarka, garaşylmadyk bökdençlikler döreýär. Balkan welaýatynda pasport isleýänleriň arzalarynyň kabul edilmegi çäkli görnüşde amala aşyrylýar. Bu ýagdaýyň jikme-jiklikleri we ilata ýetirýän täsirleri barada Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri 20-nji oktýabrda habar berdi.
Balkanabat, Türkmenbaşy we Gyzylarbat şäherlerindäki migrasiýa gulluklary raýatlaryň biometriki pasport üçin arzalaryny kabul etmegini 1-nji noýabra çenli togtadypdyr. Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, migrasiýa şahamçalarynda bu barada ýörite bildirişler ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, şol bildirişlerde 1-nji noýabra çenli diňe daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň dokumentleri boýunça işleriň dowam etdiriljekdigi habar berlipdir.
"Ýurduň daşynda okaýan studentleriň pasport talaplarynyň üstünde işlejekdigi hakda bildirişleri öz binalarynyň girelge gapylaryna asyp goýupdyrlar. Olar okaýan we okuwa indi gidýän we daşary ýurt ÝOJ-laryna kabul edilen ýaşlara gyssagly pasport bermek maksady bilen beýleki raýatlaryň zagran pasport üçin arzalaryny kabul etmegi togtadandygyny aýtdylar" diýip, balkanly çeşme 20-nji oktýabrda aýtdy.
Balkanly çeşmeler migrasiýa gullugynyň sebitdäki şahamçalarynda bu bildirişleriň 19-njy oktýabrda peýda bolandygyny aýdýarlar. Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi websaýtynda bu barada maglumat çap edilmändir.
Balkan welaýatynda biometriki pasport almaga islegler ýokary bolmagynda galýar, käbir döwürlerde nobatlar ençeme aýa uzaýan bolsa, käte bir, hatda iki ýyla çekdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýaşaýjylar soňky aýlarda pasport almak mümkinçiliginiň öňküsine görä, biraz ganymatlaşandygyny bellediler, emma häzirki çäklendirmäniň ýene-de aladalanmalary güýçlendirendigini aýtdylar. Olaryň bellemegine görä, ýaşaýjylarda pasport edinmäge uly isleg saklanýarka, sebitde migrasiýa gullugynyň şahamçalary azlyk edýär.
"Isleg örän ýokary, migrasiýa şahamçalary bolsa diňe üç etrapda bar. Bu öz-özünden nobatlary döredýär, korrupsiýa hem ýol açýar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlygyň hem bu sebitdäki, hem-de beýleki welaýatlardaky habarçylary, biometriki pasport almak bilen bagly korrupsiýa barada yzygiderli habar berip gelýärler we para berip pasporty nobatsyz we gysga wagtda edip bolýandygy aýdýarlar.
'Çäklendirme bolsa-da, para bilen alyp bolýar'
Balkanly çemeleriň sözlerine görä, hut şu günki çäklendirmeler pasporty tanyşlyk we para bilen almak mümkinçiligini aradan aýyrmandyr.
"Balkanabat şäheriniň migrasiýa şahamçasyna baranymda, olar maňa 10 günden gel diýdiler, men garaşyp synladym, görsem diňe bir studentler däl, eýsem tanyş üsti bilen gelen ulurak ýaşly raýatlar hem resminamalaryny tabşyryp çykýarlar" diýip, çeşmeleriň biri şeýle ildeşlerinden olaryň nädip dokumentlerini tabşyrandygy barada sorandygyny gürrüň berdi: "Ol tanşynyň bardygyny aýdyp, bäş müň manat para berendigini we 20 günde özüne zagran pasport beriljekdigini aýtdy".
Çeşme tarapyndan agzan paranyň möçberi 5000 manat - Merkezi bankyň kursy boýunça 1428,5 çemesi amerikan dollaryna barabar. Migrasiýa gullugynyň websaýtynda pasporty taýýarlamak üçin alynýan resmi paç 60 manatdan ybarat bolup, bu 17,1 amerikan dollary töwereginde.
Azatlyk Radiosy Türkmenbaşy, Balkanabat we Gyzylarbat şahamçalary barada çeşmeleriň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi, görkezilen telefon belgilerine edilen jaňlara jogap berilmedi.
Ilat arasynda biometriki pasporta almaga islegler migrasiýanyň ýaýbaňlanmagynyň arasynda ýokary bolmagynda galýar. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurduň daşyna gazanç üçin gidýänleriň, bilim almak, saglygyny bejermek hem-de telekeçilik işler boýunça gatnaýanlaryň sany barha artýar.
Islegleriň ýokary bolmagynda pasportyň diňe ýurduň içinde berilmegi-de we onuň möhletiniň 5 ýyl bilen çäklenmegi-de nobatlaryň saklanmagyna sebäp bolýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyklarynda türkmen raýatlaryna pasport bermek hyzmatyny ýola goýulmady.
"Eger hökümet häzirki zagran pasporta bolan talaplary göz öňünde tutup, täze migrasiýa şahamçalaryny açmasa, edaralarda kameralary asyp, işgärleriň müşderiler bilen gepleşigine gözegçilik etmese we hyzmatlaryň sanly ulgam arkaly üpjün edilmegini ýola goýmasa, mesele çözülmez" diýip, türkmenistanly çeşmeleriň ýene biri aýdýar.
Döwlet migrasiýa gullugynyň websaýtynda elektron nobata ýazylyş, biometriki pasporty almak üçin elektron ýüztutma bölümleri, şeýle-de biometriki pasport üçin arzanyň ýagdaýyny barlamak salgysy görkezilýär, emma olar işlemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum