Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda Bütindünýä saglyk gününde köçeler ýapylyp, welosiped ýörişleri geçirildi

Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän welosiped sürmek çäresine gatnaşýan raýatlar. Arhiw suraty
Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän welosiped sürmek çäresine gatnaşýan raýatlar. Arhiw suraty

Balkan welaýatynda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped sürmek çäreleri geçirildi. Bu çärelere ýüzlerçe býujet işgäri, talyplar we okuwçylar mejbury gatnaşdyryldy. Şäher köçeleri ýapylyp, ulaglaryň we pyýadalaryň hereketi çäklendirildi. Bu çäreler ilatyň kadaly durmuşyny bökdedi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu gün Balkanda Saglyk güni daň bilen mejbury çäreler we ýollaryň ýapylmagy bilen başlandy. Türkmenbaşy şäheri bilen Awaza aralygynda welo ýörişler geçirilip, döwlet telewideniýesi üçin reportažlar taýýarlandy” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu ýörişlere gatnaşdyrlan býujet işgärleri, talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary daňdan sagat 6-da Türkmenbaşy-Awaza aralygyndaky ýollarda, özlerine aýdylan ýerlerde topar-topar bolup üýşdüler.

“Sport lybasynda we welosipedli baran çäreçiler sagat 7-de başlan welo ýörişe gatnaşdylar. Ýöriş 9-a çenli dowam etdi” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Çäreler bilen bagly Türkmenbaşyda we Awazada uly ýollaryň ençemesi ýapyldy we ulaglaryň, pyýadalaryň hereketi çäklendirildi.

Işe we mekdebe gitmekdäki bökdençlikler...

“Uly ýollaryň ugrunda ýekeje transport hereketi hem bolmady. Adamlar işlerine we çagalar mekdeplere gitmekde kösençlik çekdiler” diýip, türkmenbaşyly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň çap eden maglumatynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendigi aýdylýan bu çäreleriň jikme-jiklikleri, şol sanda olara sarp ediljek serişdeler we bularyň kimleriň hasabyna amal ediljekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Ýöne sport çäreleri üçin welosipedleri we sport lybaslaryny satyn almaga mejbur edilen balkanly býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň ençemesi “döwletiň göz üçin gurnaýan mejbury çäreleriniň raýatlara, özlerine uly zyýandygyny” aýdyp, nägilelik bildirdi.

“Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem müňlerçe manada düşen welosipedleri we sport lybaslaryny satyn almak üçin býujet işgärleriniň, talyplaryň, okuwçylaryň her birinden 150 manada çenli pul ýygnaldy” diýip, balkanly talyplaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, Bütindünýä saglyk gününde ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin welosiped sürmek çäresini geçirýärler. Bu çärä býujet işgärleriniň we talyplaryň müňlerçesi mejbury gatnaşdyrylýar. Çärede ulanyljak welosipedler we sport lybaslary býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň hasabyna satyn alynýar.

Mundan başga-da, şol güni ýurduň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

"Türkmenistandaky sosial ýagdaýa gabat gelmeýär"

Türkmen hökümeti öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen bat alan bu çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýdýar.

Şol bir wagtda, balkanlylaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda bularyň durmuş reallygyna gabat gelmeýändigini belleýär.

“Sagdyn durmuş ýörelgesi raýatlaryň diňe gurply ýaşaýan çäkli gatlagyna elýeterli bolup, galan adamlaryň sport bilen meşgullanmak üçin enjamlary, lybaslary satyn almaga, fitnes zallaryna gatnamaga ýagdaýy ýok” diýip, balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol bu aýdanlaryna goşmaça delil hökmünde Awazadaky akua-parklaryň we howuzlaryň nyrhlaryny mysal getirdi.

“Awazadaky akua-parkda ýüzmek üçin bir adam 1 sagady üçin 300 manat tölemeli. Ýönekeý howuzlaryň 1 sagatlyk nyrhy 100 manada barabar. Bu ýagdaýlar we aýdylýanlar Türkmenistandaky sosial ýagdaýa gabat gelmeýär. 500 manat pensiýa alýan adam bir aýlyk pensiýa puluny 5 sagat suwda ýüzmäge tölemeli bolýar. Galan sosial çykdajylar hasaplanmaýar” diýip, ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenbaşynyň we Awazanyň häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG