Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda gullukdan ir boşamak isleýän esgerlerden 10 müň manada çenli para soralýar

Arassaçylyk işlerine çekilen esgerler (Illýustrasiýa suraty)
Arassaçylyk işlerine çekilen esgerler (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatyndaky harby bölümlerde gullukdan ir boşamak isleýän esgerleriň hossarlary üçin “para möwsümi” başlandy diýip, harby çeşmelerimiz we ene-atalaryň ençemesi aýdýar. Çeşmelerimiz harby ýolbaşçylaryň bu ýagdaýlara göz ýumýandygyny we munuň “häkimiýetleriň harby ofiserleri işde saklap galmak tagallalarynyň bir bölegidigini” aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-aprelde sebitden maglumat berdi.

Balkanda gulluk edýän ogullaryny alyp gitmek üçin ýurduň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan gelen ene-atalaryň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, aprel aýynda öýünde bolmak isleýän esgerleriň hossarlaryndan 10 müň manat para soralýar.

“Goşun gullugyndan maý aýynda boşamak isleýän esgerlerden 8 müň we iýun aýynyň birinji ongünlüginde öýünde bolmak isleýänlerden 4 müň manat bikanun pul soralýar” diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak möwsümi we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýär. Bu çäre aprel-iýun aýlaryny öz içine alýar. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 16-njy martda gol goýdy.

"50 müňden 100 müň manada çenli para hödürleýärler"

Balkanyň üç harby bölüminden aýry-aýrylykda gürleşen çeşmelerimiz hem ene-atalaryň beren maglumatlaryny tassyklap, esgerleri paranyň öwezine gullukdan ir boşatmak çäresiniň dowam edýändigini aýtdy.

“Kimiň ir, kimiň giç gullukdan boşadylmalydygyny ofiserler kesgitleýärler. Şol sebäpli gurply hojalyklar para berip, ogluny irräk öýüne getirmegi makul hasaplaýarlar. Eli ýuka hojalyklaryň ogullary iň soňkularyň hatarynda öýlerine dolanýarlar. Şu ýyl gullukda düzgün bozup, gulluk möhleti 10 ýa-da mundan hem köp gün uzaldylan esgerler hem para berse, onda olar hem möhletinden ir gullukdan boşadylýar. Käbir gurply hojalyklar esger ogullaryny möhletinden has-da ir boşatmak üçin 50 müňden 100 müň manada çenli hem para hödürleýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Çeşmelerimiz harby ýolbaşçylaryň para alym-berim ýagdaýlaryndan habarlydygyny, ýöne bulara göz ýumýandygyny, sebäbi munuň “häkimiýetleriň harby ofiserleri işde saklap galmak tagallalarynyň bir bölegidigini” aýdýarlar.

“Aýlyk haklary azlygy sebäpli soňky birnäçe ýylyň dowamynda öz arzalary bilen işden gidýän ýa-da işden gitmek üçin arzalaryny tabşyrýan harby ofiserleriň we serkerdeleriň sany juda köpeldi. Köp harby ofiseriň aýlygy 4 müň manada hem ýetmeýär, jaý kireýleri bolsa 5 müň manatdan başlanýar. Harby ýolbaşçylar hem ofiserler, serkerdeler bilen geçirýän ýygnaklarynda bu aýlyga gün görmegiň kyndygyny dilden boýun alýarlar. Şol sebäpli olar bu para alym-berime göz ýumýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

"Döwlet olary bikanun gazanja iterýär"

Çeşmelerimiz ýurt häkimiýetleriniň harby ofiserleri we serkerdeleri işde saklap galmak üçin “olary bikanun gazanja iterýändigini, ýöne olar üçin kanuny esasda iş we ýaşaýyş şertlerini döredip bermeýändigini” hem aýtdylar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden we harby bölümlerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylary howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini ýylyň dowamynda ençeme gezek tekrarlaýarlar.

Muňa garamazdan, harby ofiserler özleriniň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmaýandygyny, aýlyklarynyň juda pesdigini we özleriniň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeýändigini yzygiderli aýdyp gelýärler. Bu ýagdaýlar, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda harby ofiserleriň we serkerdeleriň öz islegleri boýunça köpçülikleýin häsiýetde işden çykmagyna getirdi.

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň azyk üpjünçiliginiň, arassaçylyk şertleriniň ýaramaz galýandygyny Azatlygyň habarçylary yzygiderli habar berýärler. Şeýle-de, öňki esgerler ýurduň goşunynda korrupsiýanyň, “dedowşina”, agalyk etmek tejribesiniň saklanyp galýandygyny hem gürrüň berýärler.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmiler bu barada gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada ýurduň metbugatynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek bahar we güýz aýlarynda amala aşyrylýar. Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG