Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda Täze ýyla garşy wagyzlar güýçlenýär, şol bir wagtda, býujet işgärlerinden baýramçylyk üçin pul ýygnalýar


Türkmenistanda metjitde baran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)
Türkmenistanda metjitde baran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirýärler. Sebitiň metjitlerinde din wekilleri bu barada ýörite çykyşlary edýärler.

Şol bir wagtda, häkimiýetler welaýatyň baş arçasyny dikip, berk howpsuzlyk çärelerini amal edýärler we býujet işgärlerinden baýramçylyk çäreleri üçin pul ýygnaýarlar. Ýaşaýjylaryň ençemesi bulary “hökümetiň ikiýüzli syýasaty” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Balkanabat şäheriniň metjitlerinde ymamlar juma namazyna baran raýatlara ýüzlenip, Täze ýylyň hristian baýramydygyny we ilatyň ony bellemeli däldigi hakda wagyz-nesihatlary geçirip başladylar. Olar munuň musulmançylygyň düzgünlerine gabat gelmeýändigi bilen düşündirýärler” diýip, bu wagyz-nesihatlaryň birine gatnaşan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Balkanly ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, ymamlar ilatyň bu baýramçylykda uly maddy çykdajylary edip, isrip edýändigini we ýurduň býujetine agram salyp, oňa uly zyýan ýetirýändigini hem bellediler.

“Öýünde ýolkalary birkemsiz bezäp, baýramçylyk saçagy we sowgatlary üçin müňläp manat sarp edip, ertirki gün bolsa, ‘paýok berilmeýär’ diýip, häkimlik öňüne üýşüp, şikaýat edýänçäňiz, Täze ýyla çykarjak puluňyza maşgalaňyzyň iki aý şa ýaly ýaşamagy üçin azyk satyn alyň. Käbir gurply adamlar 20 müň manatdan bahalanýan täze ýyl sowgatlaryny satyn alyp, maşgalasyna berýär. Olaryň içinde gymmatbaha spirtli içgiler, şampanlar hem bar. Bu önümler hem musulman dininiň kadalaryna laýyk gelmeýär” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda ymamyň aýdan sözlerini sitirledi.

Wagyzlara garamazdan, pul toplamak dowam etýär

Onuň aýtmagyna görä, ymamlar öz çykyşlarynda täze ýyl arçalarynyň indi her etrap, welaýat merkezinde diňe bir sanysynyň dikilmegine rugsat berilýändigini hem tassyklap, olaryň hem diňe döwlet metbugatynda görkezilmegi üçin guralýandygyny belleýärler.

“Baýramçylyk döwlet derejesinde bellenilip geçilse-de, hökümetimiz hem ony öňküleri ýaly bellemeýär” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde beren maglumatynda ymamyň aýdan sözlerini sitirledi.

Şol bir wagtda, häkimiýetler wagyz-nesihat işleriniň arasynda, sebitiň lukmançylyk we bilim pudaklarynda zähmet çekýän işgärlerden Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çäreler üçin pul toplamak tejribesini dowam etdirýärler.

“Şu ýyl saglyk işgärleri 200 manatdan, bilim işgärleri bolsa 150 manat pul bermäge mejbur edildiler” diýip, balkanabatly býujet işgäri mejbury pul goşandysyny bermek islemeýänlere adatça bolşy ýaly işden çykarylmak haýbatynyň atylýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, häkimiýetler Balkanabatdaky Ak öý binasynda welaýatyň baş arçasyny dikip, onuň töwereginde berk howpsuzlyk çärelerini amal edýärler.

“Bu arça sebäpli Ak öýüň töweregindäki Japarow, Ene-mähri we Gurbansoltan eje köçeleriniň köp bölegi indi 10 gün bäri ýapyklygyna galýar. Bu güýçli howpsuzlyk çäreleri bilen bagly bolup, şäher ilatynyň ýekejesi hem arçanyň 5 kilometr golaýyna-da goýberilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

“Hökümetiň ikiýüzli syýasaty”

Balkanabatlylar howpsuzlyk çäreleriniň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, has güýçlüdigini aýdyp, hatda şu ýyl ýüzleri gara harby maskaly ýaragly harbylaryň arçany goraýandygyny aýdýarlar.

Ýerli häkimiýetler bu çäreleriň sebäbi barada ilata anyk resmi düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlygyň sebitiň degişli häkimiýetlerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne kanun goraýjy edaralaryň işgärleri ýaşaýjylara dilden berýän maglumatlarynda bu çäreleri 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gije göni ýaýlym arkaly welaýatlary we paýtagt Aşgabady birikdirip, döwlet telewideniýesinde görkezilýän 15 minutlyk prezident gutlagy wagtynda “adamlar tarapyndan bolup biläýjek howplaryň öňüni almak tagallary” diýip düşündirýärler.

“Bu çäreler köp adamda nägilelik döredýär. Köçeleriň ýapylmagy hem, şäheriň transport gatnawlaryny kynlaşdyrdy. Şäheriň günbatar böleginden gündogar bölegine geçmek üçin indi goşmaça 20 kilometr aýlanyp gelmeli. Bu bolsa, goşmaça benzin we wagt talap edýär” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylaryň ençemesi häkimiýetleriň bir tarapdan, Täze ýyla garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirip, beýleki tarapdan bolsa, arça dikip, býujet işgärlerinden baýramçylyk çäreleri üçin pul ýygnamagyny “hökümetiň ikiýüzli syýasaty” atlandyrýar.

"Saçyny we ganyny satýanlar köpelýär"

“Adamlaryň köpüsi Täze ýyl baýramynyň dini ýa-da syýasy tarapy bilen gyzyklanmaýar. Olar bu baýramçylygyň däp bolup, biziň medeniýetimiziň we durmuşymyzyň bir bölegine öwrülendigini aýdyp, her kim öz maşgalasy we dogan-garyndaşlary bilen baýramçylygy bolup bildiginden gowy edip bellemäge howlugýar” diýip, balkanabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz bu aýdylanlara şäherde "Täze ýyl saçagy üçin" diýip, saçyny we ganyny satýan ýaşaýjylaryň köpelmeginiň hem şaýatlyk edýändigini habar berýär.

“Şu günler hassahanalaryň hirurgiýa bölümleriniň öňünde ‘gan gerekmi? Gan toparym şeýle …, zerur bolsa, men dessine barlagdan geçeýin, 500 gramyna 1 müň manat beräý’ diýip, öz ganyny hödürleýän donorlar köpeldi. Olaryň ählisi täze ýyl saçagyna azyk almaly diýýärler. Şeýle-de, köp zenan saçlaryny gözellik salonlaryna satýarlar. Olar Täze ýylda çagalaryna ortaçadan pes saçak ýazyp bermegi arzuw edýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG