Balkan welaýatynda bugdaý oragy başlandy. Resmi derejede kesgitlenen wagt möhletinden esli öň ýygnalýan bugdaý entek bişip ýetişmändir. Bu barada Azatlyga habar beren daýhanlar özlerine ýerli häkimiýetler tarapyndan basyş edilýändigini aýdýarlar.
"Bu hasyl oragynda bişip ýetişmedik bugdaýy ordurýarlar" diýip, balkanly daýhanlaryň biri gürrüň berdi.
Ýene bir daýhan "Bugdaýda bereket ýok. Bugdaý däneleri doly ýetişmedi şu ýyl gaty ygally geldi we gerekli gyzgyn howaly günler bolmady" diýip, alada bildirdi.
Bugdaýy ormak işleri Magtymguly etrabynda 19-njy maýda, Gyzylarbat we Bereket etraplarynda 26-nji maýda başlanypdyr.
Şol bir wagtda ýurtda bugdaý oragynyň resmi senesi şu ýyl Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Daşoguzda we Balkanda ondan hem soň - 10-njy iýunda başlanmaly. Bu tertip 22-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklandy.
Emma muňa garamazdan, balkanly daýhanlar bugdaýy oragyň resmi senesiniň başlanmagyna çenli orup gutarmagyň özlerine tabşyrylandygyny aýtdylar.
"Welaýat häkimliginiň tabşyrygy esasynda ähli etraplarda bugdaý ýetişdirilen meýdanlarda orum işlerini 10-njy iýuna çenli tamamlamak tabşyryldy" diýip, balkanly agronom aýtdy. "Ýöne bugdaýy kabul edýän harmanhanalarda kärendeçileriň alyp baran bugdaýlaryny çyglylyk derejesi ýokary diýip, kabul etmekden ýüz öwürýärler" diýip, ol sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň häkimliginden teswir almaga synanyşdy. Emma edaranyň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Balkanly agronomlaryň we gallaçy daýhanlaryň birnäçesiniň Azatlyga habar bermegine görä, adatdan daşary tebigy şertler hem hasylyň hiline ýaramaz täsir ýetiripdir.
"Günbatar welaýatda ýagyşly, şemally howa şertleriniň we sil joşmalarynyň arasynda bugdaý ýetişdirildi. Ol heniz doly bişip hem ýetişmedi. Ony bolsa resmi senesinden ir ordurýarlar" diýip, kärendeçi aýtdy.
Bugdaýy tabşyrmak kynçylygy
Şu günler ýetişmedik bugdaýy ormaga mejbur edilýän balkanly kärendeçiler ony döwlete tabşyrmakda kynçylyk çekýär.
"Bugdaýy kabul edýän harmanhanalarda kärendeçileriň alyp baran hasylyny çyglylyk derejesi ýokary diýip, kabul etmekden ýüz öwürýärler. Netijede daýhanlar ýetişdiren bugdaý hasylyndan 30-35%-ni çyglylyk üçin kilesini kemeldip, ýazylmagyna razy bolýarlar" diýip, balkanly kärendeçi gürrüň berdi.
Kärendeçileriň şu ýyl we ozalky ýyllarda duçar bolan kynçylyklary daýhanlaryň girdejisiniň azalmagyna we çeken zähmetiniň netijesiz bolmagyna getirýär. Käbir daýhanlar girdeji almagyň ýerine bergili bolup galýar we hatda prokuratura çagyrylýar.
"Daýhanlarda höwes ýok. Azaby ýerine düşmedik daýhanlara bugdaýdan boşan ýerlerini-de ikinji ekin ekip gazanç etmäge ýol bermeýärler, gaýtam gyrasyna mal goýun geçi bakmaga hem rugsat ýok" diýip, ol sözüne goşdy.
Şeýle-de, onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler ekin meýdanlarynyň birnäçesini dürli maksatlar üçin telekeçilere kärendä berýärler.
"Gowy toprakly meýdanlary oktýabr aýynyň soňuna çenli telekeçilere para öwezine berýärler. Şol ýerleriň gowusy emeldarlaryň eline geçip zaýalandy, sebäbi tiz girdeji almak niýeti bolan telekeçileriň köpüsi şol ýerlerde hasyl ýetişdirmegi başarmaýarlar, diňe topragy hatardan çykaryp zaýalaýarlar" diýip, balkanly agronom gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy galla oragy barada maglumat beren çeşmeleriniň atlaryny olaryň howpsuzlygy bilen bagly aladalar sebäpli agzamakdan saklanýar.
Oba hojalygyndaky problemalar ýurtda resmi derejede agzalmaýar. Döwlet mediasy oba hojalygyna uly üns berilýändigini habar berýär. Hususan-da, galla hasylyny ýygnamak möwsüminiň öňüsyrasynda ähli sebitlerde agronomlaryň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ylmy we amaly seminarlaryň geçirilýändigi aýdylýar.
Şeýle-de, resmi maglumatlarda hasyl ýygnamagyň ýokary öndürijilikli kombaýnlar arkaly amala aşyrylýandygy we gallaçylaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin ýüzlerçe göçme abatlaýyş we mehaniki toparlaryň işe girizilýändigi habar berilýär.
Türkmen resmileri hem problema barada teswir bermeýär we ýurtda wagtal-wagtal güýçlenýän çörek ýetmezçiliginiň arasynda bugdaý planyny 1 million 400 tonna diýip kesgitleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum