Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanly daýhanlar suw ýok, pagtaçylygy bes edip, bakja ekinlerine geçmeli diýýärler

Balkan sebiti. Bereket etrabyndaky suwsuz gowacalar. Arhiw suraty
Balkan sebiti. Bereket etrabyndaky suwsuz gowacalar. Arhiw suraty

Balkan welaýatynyň gowaça meýdanlarynda, tüýs gerek wagty, tomsuň häzirki yssysynda suw aladalary güýçlendi, üstesine zyýanly mör-möjeklere garşy ulanylýan dermanlar, awular hem tapdyrmaýar. Ýerli häkimiýetler daýhanlara gowaça meýdanlaryna sepmek üçin gerek bolan dermanlary öz hasaplaryna, bazardan satyn almagy maslahat berýärler.

Aşgabatdaky häkimiýetlere seslerini eşitdirmek isleýän kärendeçiler Azatlygyň habarçysyna 'pagtaçylykdan peýda ýok, suwy az talap edýän ekinlere geçilmegini isleýäris, sesimizi eşitdirmäge kömek ediň' diýdiler.

Häkimler täzelenýär, ýagdaý öňküligine galýar

Bu habar Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň wezipesinden boşadylyp, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenen wagtyna gabat geldi.

Balkan sebitiniň häkimi wezipesine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi bolup işlän Röwşen Jumaýew bellendi. Emma bu we beýleki kadr çalyşmalarynyň anyk sebäpleri barada döreýän soraglar jogapsyz galdyryldy.


Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän kärendeçiler we ýerli hünärmenler oba hojalygyndaky agyr ýagdaýlaryň saklanyp galýandygyny, häkimleriň dowamly täzelenmeginiň ýagdaýy gowulyga tarap üýtgetmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen daýhanlarynyň esasy meseleleriniň biri, dowamly kadr çalyşmalarynyň üstesine, pagtaçylygyň köp suw talap etmegi bilen, dowamly suw ýetmeziligi bolup galýar.

Bu ýagdaý häkimiýetler tarapyndan hem gytaklaýyn, suw hojalygyndaky jogapkär ýolbaşçylaryň täzelenmegi bilen, boýun alynýar.

Emma hojalyk ýolbaşçylarynyň täzelenmegi, olara prezident derejesinde berilýän ‘anyk tabşyryklar’ garaşylan netijäni bermeýär.

Bereket etrabynda ekilen gowaçalar 'hasylyny ýitirýär'

Bereket etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi Garagum kanalynyň iň soňky nokadynda ýerleşýär, iki müň çemesi ýaşaýjysy bolan Oboý obasy, pagtaçylyga niýetlenen birnäçe daýhan birleşigi tomsuň 46 gradusa ýetýän yssy günlerinde ýiti suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, habarçymyz ýazdy.

15 gektar ýere gowaça eken kärendeçiniň aýtmagyna görä (ady howpsuzlyk aladalary üçin aýdylmaýar), gögeren gowaçalar bir garyş bolup, ösüp bilmän galdy, suw bolmansoň, olar ak gül açyp otyr.

Şeýle-de, kärendeçiler gowaça ekinlerine mör-möjekleriň uly zyýan berýändigini, il arasynda ‘gowaçanyň gara gurçugy’ diýilýän gurçuklaryň şu ýyl has köp bolandygyny aýdýarlar.

“Gara gurçuklar gowaçalaryň düwenje gozajyklaryny hem iýip gutardy” diýip, ýerli kärendeçi etrap ýolbaşçylarynyň zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen üpjün edip bilmeýändigini aýtdy.


“Etrap ýolbaşçylary ‘ähli awulary maý aýynyň ahyrynda gelen çekirtgelere garşy ulandyk, indi elimizde hiç zat ýok’ diýip jogap berýärler.”

Azatlygyň habarçylary, geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem çekirtgeleriň daýhanlara, ekin meýdanlarynda ýetişmeli hasyla uly zyýan ýetirendigini habar berdiler, emma hökümet resmileri bu habarlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat döwlet tabşyrygy esasynda önüm öndürýän kärendeçiler üçin ähli şertiň döredilýändigini, olaryň ýer, suw, dökün, tohum we oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýändigini tekrarlaýarlar.

Şol bir wagtda, ekinlerden alynýan ýokary hasyl barada berilýän resmi hasabatlaryň gapdalyndan, daýhançylykdan eli sowan adamlaryň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmek meýli peselmeýär diýip, synçylar aýdýar.

Ýitileşýän suw meselesi we pagtaçylygyň jogap talap edýän soragy

Türkmenistan sebitde suwy iň kän sarp edýän ýurtlaryň biri hökmünde tankytlanýar we daýhanlar gowaça derek başga, suwy azrak talap edýän ekinleri ekmek meselesine seretmegiň wagtynyň gelendigini aýdyp gelýärler.

“Döwlet gowaça derek mekgejöwen, ýorunja ýaly ekinleri ekmäge, maldarçylyk pudagyna geçmäge rugsat berse, has gowy bolardy. Ýylyň-ýylyna ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni alardyk, etiň bahasy hem kilogramy 200 manada çykmazdy” diýip, balkanly kärendeçi aýtdy.


Onuň sözlerine görä, pagtaçylykdan bähbit az, ol ykdysady tarapdan peýdasyz.

“Pagta öndürmek üçin aşa kän suw gerek, awuly dermanlar gerek. Gowaça ekilse, ýerleriň şorladylmagy dowam edýär. Bu işde adam güýji hem kän gerek. Eger döwlet süýümi 5 müň dollardan satan ýagdaýynda hem, 300 müň tonna çemesi süýüm satýar, Bu uly pul bolmaýar, ýetiren zyýanyny hem ödemeýär. Muňa derek pomidor, gawun-garpyz ekilse, ýurda milýardlarça dollar girdeji getirip bolardy, gök, bakja ekinleri suwy hem az talap edýär” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Türkmen daýhanlary we ýerli hünärmenler, ykdysatçylar, başga pikirlileriň berk ýanalmagy sebäpli, ýurtda öz pikirlerini açyk aýdyp, metbugat arkaly çykyş edip bilmeýärler. Ýurtda kanun esasynda kepillendirilen syýasy, ykdysady, medeni azatlyklar kagyz ýüzünde galýar, ilat hökümetiň zor bilen boýna dakan mejbury zähmetiniň ejrini çekip, hor-homsy ýagdaýda güzeran aýlaýar diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň ýerli habarçylaryndan tapawutlylykda, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarçylary Balkan welaýatynda hiç bir mesele görmeýärler we şu ýyl sebitde 2 müň 620 gektar bakja meýdanyndan 52 müň 400 tonna hasylyň ýygnaljakdygyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG