Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanly okuwçylardan mekdepleri abatlamak üçin ýene pul ýygnalýar, bermedikler 'kemsidilýär'

Mekdep okuwçylary (Illýustrasiýa suraty)
Mekdep okuwçylary (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň orta bilim berýän edaralarynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagyna bir ýarym aý çemesi wagt bardygyna garamazdan, Balkanabat şäherindäki mekdeplerde okuwçylardan synp otaglaryny abatlamak üçin pul ýygnalyp başlandy.

Ene-atalaryň jübülerine ýiti täsir edýän nobatdaky pul toplamak çäresiniň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy aprelde sebitden maglumat berdi.

“Duşenbe güni, 6-njy aprelde welaýat Bilim müdirliginden mekdep müdirlerine mekdepleri, synp otaglaryny abatlamak üçin her okuwçy başyna 100 manatdan pul ýygnamak we bu serişdäni welaýatyň bilim bölümleriniň ýolbaşçylaryna tabşyrmak barada dilden tabşyryk geldi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle tabşyryk barada şäheriň 1-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 10-njy, 25-nji we 26-njy mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň ençemesi aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde habarçymyza maglumat berdi.

“Welaýat bilim ýolbaşçylary bu serişdä mekdeplere gurluşyk we abatlaýyş harytlaryny satyn alyp berýärler. Olar bularyň diňe Türkmenistanda öndürilen harytlar boljakdygyny hem aýtdylar” diýip, balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

“Ýerli emeldarlaryň bikanun amallary, korrupsiýa”

Bilim ýolbaşçylary munuň sebäbini “ýerli telekeçileri goldamak tagallalary” diýip düşündirýärler. Ýöne bilim işgärleri munuň “ýerli emeldarlaryň bikanun amallary, korrupsiýa” bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Emeldarlar ýerli telekeçiler bilen ylalaşyp, olaryň harytlaryny satyn alýarlar. Öz gezeginde, telekeçiler emeldarlara para berýärler ýa-da olary dürli harytlar, hyzmatlar bilen mugt üpjün edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli bilim işgäri aýtdy.

Türkmenistanda orta mekdepleri abatlamak işleriniň okuwçylaryň hasabyna amal edilmelidigi barada haýsydyr bir resmi düzgün ýa-da kanunçylyk göze ilmeýär. Häkimiýetler we resmi media hem, ýurtda çagalaryň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Muňa garamazdan, indi onlarça ýyl bäri okuwçylaryň ene-atalary iýun aýynda başlanýan tomusky dynç alyş möwsümi döwründe amal edilen mekdebi abatlamak işleri üçin pul bermäge mejbur edilýärler. Bu tejribe, köp ene-atada nägilelik döredýär.

“Mekdeplerde berilýän bilim pes, ýöne okuwçylardan her aýda bir zat üçin azyndan 50-100 manat aralygynda pul talaplary gutarmaýar. Ýakynda mejbury abuna üçin-de 100 manat aldylar. Bu adamlar şunça puly näme edýärler? Biz 3000 manat aýlyga nädip gün görmeli? Nädip maşgala eklemeli?” diýip, balkanabatly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Ruhy kemsitmeler, basyşlar...

Galyberse-de, ol soralýan puly berip bilmeýän ene-atalaryň çagalarynyň mekdep mugallymlary tarapyndan köpçülikde, synpdaşlarynyň arasynda ruhy kemsitmelere sezewar edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem köp bolýandygyny belleýär.

“Ýakynda 25-nji mekdepde synp ýolbaşçylarynyň biri gurply adamlaryň çagalaryna ýüzlenip, ‘bu gedaý, garyp adamlaryň çagalary deregine hem siz özleriňizden beräýmeseňiz, bularyň ene-atalary özlerini oňarman geçdiler, çaga dogurmany bilýärler, ýöne eklemäni bilmeýärler’ diýip, toplanýan puly berip bilmedik okuwçylary dik aýak üstünde duruzyp, tutuş synpyň öňünde her dürli ruhy kemsitmelere, paýyş sözlere sezewar edipdir” diýip, çagasy bu mekdepde okaýan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, mekdep mugallymlarynyň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, welaýat bilim ýolbaşçylary toplanýan puly berip bilmedik okuwçylaryň deregine mugallymlardan pul goşmagy talap edýärler.

“Geçen ýyl mekdebi abatlamak üçin okuwçylaryň tas 40 göterimi soralan puly bermedi. Ähli mugallymlar öz hasaplaryna mekdep synp otaglary üçin aýlyk haklaryndan pul berdiler” diýip, balkanabatly mugallym aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat Bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistan korrupsiýanyň derejesine syn edýän halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlarynda dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

"Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky Korrupsiýa indeksinden Türkmenistan ýene-de iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň korrumpirlenen ýurt boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG