Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bäş aýlap un paýyna garaşan marylylara bitli we gurçukly un paýlandy


Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar zerarly güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgala döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümlerini satyn almaga mejbur bolýar. (Illýustrasuýa suraty)
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar zerarly güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgala döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümlerini satyn almaga mejbur bolýar. (Illýustrasuýa suraty)

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda ilata iýun aýy üçin “un paýogy” satylyp başlandy. Ýöne etrap ýaşaýjylary özleriniň tas bäş aýlap garaşan ununy satyn almaga baranda, onuň bitli we gurçuklydygyny bilip galdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Marynyň etraplarynyň tas ählisinde, şol sanda Türkmengalada we Sakarçägede paýlanýan içi bitli we gurçukly unuň juda ýakymsyz ysy hem bar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Alyjylaryň köpüsi unuň hilinden nägile bolup, dükan satyjylaryna şikaýat bilen ýüzlenýär. Dükan satyjylarynyň ençemesi özlerine uny satmak barada buýruk berlendigini aýdyp, alyjylardan ony yzyna getirmegi soraýar.

“Ýöne indiki gezek paýok paýlanýança garaşmaly bolarsyňyz. Indiki paýoguň haçan geljegi we onuň hiliniň nähili boljagy hem belli däl” diýip, maryly alyjy bir dükan satyjysynyň aýdan sözlerini sitirledi.

Käbir dükan satyjylary bolsa, alyjylara özlerine döwlet tarapyndan şu unuň paýlanýandygyna şükür etmelidiklerini, ýogsa olaryň bazarlardan gymmat bahadan un satyn alyp, iýmeli boljakdyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, döwlet dükanlarynda ilata käbir beýleki azyk önümleri bilen bir hatarda, aýda bir gezek 5 kilogram un paýlanýar. Bu unuň bir kilogramy 1 manat 40 teňňe bolup, hususyýetçilerde 1 kilogram unuň bahasy 10 manatdan başlanýar.

Maryly ýaşaýjylaryň ençemesi un paýlarynyň her aý wagtly-wagtynda berilmeýändigini, paýlanýan uny almadyklaryň bu undan hem mahrum bolýandygyny aýdyp, ýaramaz hilli una razy bolmaly bolýandyklaryny belleýär.

“Hojalyga hökman çörek gerek. Şol sebäpli ykdysady ýagdaýy pes, garyp hojalyklar uny eläp, içiniň bitini we gurçugyny arassalap, ýaramaz hilli undan çörek we un önümlerini bişirmäge mejbur bolýarlar. Olar bitli, gurçukly un iýmäge razy bolar ýaly edilýärler. Sebäbi olar öz haklaryny gözlemäge ýollarynyň ýokdugyna ynanýarlar. Olar nirä arz edip barsalar, özleriniň diňlenmejekdigini bilýärler” diýip, maryly başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň ýokarda aýdylanlar barada Marynyň söwda edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň, şol sanda çörek we un üpjünçiliginiň ýagdaýy ýyllarboýy ýaramaz bolmagynda galýar. Ilata aýda bir gezek paýlanmaly un ençeme aýlap berilmeýär ýa-da ilat onuň ýany bilen bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen alma powidlosy, miwäniň şiresi, süýji we köke ýaly önümleri almaga mejbur edilýär.

Mundan başga-da, soňky aýlarda ilata ýaramaz hilli azyk önümleriniň, içi gurçukly we bitli unuň paýlanmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Azatlygyň dürli sebitlerindäki habarçylary unuň hiliniň çörek önümlerini taýýarlardan juda pesligine garamazdan, ykdysady kynçylyklar zerarly güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgalanyň bu azyga garaşlydygyny, şol sebäpli olaryň hyrydarynyň köpdügini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanyň hökümeti we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Hokümet sentýabrda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berlendigini yglan etse-de, öňki ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary äşgär etmeýär. Häkimiýetler adatça ýurtda bugdaý planynyň ýerine ýetirilendigini iýulyň ahyrynda yglan edýärler.

Şu ýyl tomus aýlarynda ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG