Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ak Tamda Polşanyň liderleri bilen duşuşýar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 12-nji martda Ak Tamda Polşanyň prezidenti Andrzej Duda we premýer-ministri Donald Tusk bilen gepleşikleri geçirip, Russiýanyň Ukraina hüjüminden soň, Waşingtonyň özüniň NATO boýunça ýarany Warşawa bolan goldawyny ýene bir gezek äşgär eder.

Duda saparyň öň ýany NATO ýaranlaryna ýüzlenip, Moskwanyň mümkin agressiýasy baradaky howatyrlaryň artmagy bilen baglylykda, çykdajylary köpeltmäge çagyrdy. Waşingtonda onuň Baýdenden NATO-nyň Russiýa bilen serhetleşýän gündogar ýanlaryna has köp ABŞ esgerini ýollamagyny sorajakdygyna garaşylýar.

Baýdeniň aşa-sagçy Duda we Ýewropa Bileleşigine tarapdar Tusk bilen birlikde duşuşyk geçirmegi seýrekdir. Bu Polşanyň liderleriniň arasyndaky dartgynlylyklaryň Günbatar ýaranlaryna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi baradaky ABŞ-nyň aladalaryny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG