ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy oktýabrda Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky konflikt we Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy barada çykyş eder.
Baýden ýerli wagt bilen öýlän sagat 8-de çykyş eder. Amerikan prezidentleri şunuň ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan döwürlerde Ak tamdan halka ýüzlenip çykyş edýärler.
Bu çykyş Baýdeniň Hamasyň 7-nji oktýabrda eden hüjüminden soň Ysraýyla baryp, ABŞ raýdaşlygyny görkezip gelmeginiň yz ýanyna we Kongresden Ukraina, Ysraýyl we ABŞ-nyň günorta serhedi üçin bilelikde 100 milliard dollarlyk bukjany soramaga taýynlyk görýän wagtyna gabat gelýär.