Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ysraýyla Gazany basyp almagyň “uly ýalňyşlyk” boljakdygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahua iki döwlet çözgüdiniň Ysraýyl-Palestina konfliktini çözmegiň ýeke-täk ýoludygy we Gazany basyp almagyň "uly ýalňyşlyk" boljakdygy barada açyk aýdandygyny aýtdy.

Baýden 15-nji noýabrda žurnalistlere özüniň ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip yglan edilen Hamasyň Gazada zamunlykda saklaýan adamlaryny boşatmak üçin elinde baryny edýändigini, ýöne munuň ol ýere Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerini ibermegi aňlatmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG