Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýram namazyna barýan dinçiler daş-keşbine, jynsyna görä metjide goýberilýär, telefonlary ellerinden alynýar

Metjitden çykyp barýan adamlar. Türkmenistan (arhiw suraty).
Metjitden çykyp barýan adamlar. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanyň metjitlerinde baýramçylyk namazy okaldy, emma metjitlere baran dinçiler ýene-de berk gözegçilige we çäklendirmelere sezewar edildi. Metjitlere zenanlar salynmady, beýleki dinçiler geýim-eşigine görä goýberildi.

Balkanabadyň iki sany metjidinde baýramçylyk namazy 27-nji maýda ir sagat 6:45-de başlanypdyr. Emma daň bilen baran ýaşaýjylaryň ählisi metjide salynmandyr.

"Gelşikli we arassa eşikli adamlara we sakgaly syrylan ýaş oglanlara metjidiň içine girmäge rugsat berdiler. Men hem girmegi başardym, ýöne telefonlary tabşyryp girmeli boldy. Gapyda metal detektor enjamy goýlupdyr" diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy 27-nji maýda habar berdi.

Şol baýramçylyk namazy döwlet telewideniýesi üçin ýazga düşürilipdir.

Metjitde ilkinji ymamyň yzyndaky bäş hatarda diňe il ýaşululary - aksakgal bezegli donly garrylar şeýle-de ak köýnekli başy tahýaly teatr aktýorlary ýerleşdirildi diýip, habarçy belledi.

Emma baýramçylyk sebäpli metjide baran adamlaryň ençemesi içeri salynmandyr. Olaryň köpüsi sada eşikli adaty raýatlar bolup, daşarda durmaly bolupdyr.

"Garyp we egnindäki köýnek-balagy, geýimleri örän sadaja adamlar metjidiň daşynda durdular. Öz ýany bilen getiren namazlygyny goltuklap duran garry eneleri we erkek adamlary görmek mümkin" diýip, habarçymyz öz görenleri barada gürrüň berdi.

"Adam köpdi, ýöne namaza baranlardan pul dilemäge baran adamlar hem aşa köpdi, çagalaram bar. Raýat eşikdäki polisiýa we MHM ofiserleri her hatarda 2-3 bolup dik durdular, elleri rasiýaly. Olaryň nämeden gorkýandygyny bilmedim" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda baýramçylygyň öňýany howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär, metjitlere hem gözegçilik edilýär. Ozalky ýyllarda baýramçylyklarda, şol sanda Gurban baýramynda häkimiýetler ilaty "üýşmeleňlerden çetde durmaga" çagyrypdy.

Ýurtda şu ýyl 27-29-njy maý aralygynda bellenýän Gurban baýramy dynç günleri hasaplanýar.

Syýasy wagyz

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen balkanly dindarlar däbe görä metjide barýandygyny aýdýarlar, şeýle-de bolsa dini wagyzlaryň arasyna döwlet propagandasynyň goşulmagyna we şahsyýet kultunyň mahabatlandyrylmagyna nägile bolýarlar.

"Ymam Beýik Alla diýmän 'ähli zadyň sakasynda Arkadagyň durandygyna' köp sapar ünsi çekmäge synanyşdy" diýip, balkanly dinçi aýtdy.

Namaz okalyp tamamlanansoň, daşarda metjidiň daşynda dilegçileriň sany aşa köp bolupdyr.

"Wagyzdaky syýasy mahabatlardan soň halkyň arasynda bir döwüm çörege zar adamlaryň şeýle köpdügi göze dürtüldi" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Maryda baýram namazyna baran adamlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende köp bolmandyr.

27-nji maýda welaýatyň merkezi uly metjidinde okalan baýram namazyna "ozalky ýyllara garanda az adam gatnaşdy" diýip, ýerli çeşmeler habar berdi. Şu ýyl baýram namazynyň geçýän wagtynda şäheriň merkezi köçesi hem adatdakysy ýaly ýapylmandyr. Metjidiň töwereginde nobatçy bolup duran polisiýa işgärleriniň sany hem az bolupdyr.

Maryly zenanlar metjide salynmady

Emma oba ýerlerinde metjitlerde baýramçylyk namazyna diňe erkek adamlara barmaga rugsat berlip, aýallar goýberilmändir.

"Baýram namazyny okamaga baran aýal-gyzlara öýlerinde okamaklygy tabşyrdylar we aýal-gyzlara 'metjide gelmeklik günä' diýip, metjide salman yzyna ugratdylar" diýip, maryly çeşme gürrüň berdi.

Şeýle-de, maryly çeşmeleriň bellemegine görä, bu baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň esli azalandygy göze ilýär.

"Öňki ýyllara garanda ýurtda ýaşlaryň azalýandygyny oba mollalary hem özara gürrüň edýärler. Ýaşlaryň köpüsi daşary ýurtda işleýärler ýa-da okaýarlar. Muny her kim bilýär" diýip, maryly dinçi aýtdy.

'Diňe TW üçin baýramçylyk gurnaldy'

Şu günler Mary şäherinde baýramçylyk şowhuny hem göze ilmeýär. Şu ýyl Gurban baýramy sebäpli hiňňildikler hem gurulmandyr. Diňe döwlet TW-si üçin reportažlaryň taýýarlanýan ýerinde emeli üýşmeleň göze ilýär.

"Welaýatyň Ak öýüniň ýanynda türkmen telewideniýesiniň sýomkasy üçin hiňňildik guruldy we onda surata düşürmek üçin uçmaga rugsat berildi" diýip, maryly ýene bir çeşme telewideniýe üçin bu reportažyň bir hepde öň düşürilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet TW-sinde baýramçylyk günlerinde görkezilýän reportažlar adatça birnäçe hepde ozal öňünden taýýarlanýar we olara okuwçylar, çagalar, garrylar we býujet işgärleri mejbury çekilýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar käbir hojalyklarda berlen gurbanlyklara gatnaşandygyny aýdyp, şu ýylky Gurban baýramyny "adaty gün ýaly geçdi" diýip suratlandyrdylar.

Halkara hasabatlaryna görä, Türkmenistan öz raýatlarynyň din azatlygyny berk çäklendirýän ýutlaryň arasynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG