Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biz dünýäniň iň uly içerki suw howdanyny ýitirýäris”. Hazarda näme bolup geçýär we onuň suwsuzlanmagyny togtatmak mümkinmi?

Aktau kenarýakasyndan Hazar deňziniň görnüşi. 2026-njy ýylyň 15-nji apreli
Aktau kenarýakasyndan Hazar deňziniň görnüşi. 2026-njy ýylyň 15-nji apreli

22-nji aprelde Astanada işine başlaýan sebit ykdysady sammitiniň esasy mowzuklarynyň biri Hazar deňziniň suwsuzlanmagy bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşýan bu sammitiň resmi gün tertibinden daşarda bolsa şübheçilik barha artýar: hünärmenler bu maslahatlaryň hakyky üýtgeşmelere getirjekdigine şübhelenýärler. Olaryň pikiriçe, Russiýanyň ylalaşyklara taýýar bolmazlygy hem-de nebit korporasiýalarynyň has uly jogapkärçiligi we aç-açanlygy bolmazdan, Hazaryň degradasiýasyny saklamak kyn bolar.

Hazar deňzi bäş döwlet (Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we Türkmenistan) tarapyndan paýlaşylýan iň uly ýapyk suw howdanydyr. Bu kölüň düýbünde san-sajaksyz baýlyklar bar: bu ýerde Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Russiýanyň iri nebit-gaz ýataklary ýerleşýär.

Uly ykdysady we ekologik ähmiýetine garamazdan, Hazar deňzi yzly-yzyna iki onýyllyk bäri suwsuzlanýar. Kenar çyzygy onlarça kilometr yza çekildi, ekologlar “hapalanmagyň kritiki derejesi” barada aýdýarlar, hazar düwleneleriniň sany bolsa takmynan 90 göterim azaldy.

Gazagystanly Kaýrat Utepow bu pese gaçyşy köp ýyllardan bäri synlaýar. Ol Mangystau oblastynda nobatlaýyn usulda işleýär we yzygiderli Aktaua uçup gelýär. Her gezek ol bir zady görýär.

— Hazar gözüň alnynda suwsuzlanýar. Esasanam deňze birnäçe aý gelmän, soň birden kenarýaka çykyp, öň suw bolan ýerde indi diňe çalaň ýer galandygyny göreniňde bu aýratyn duýulýar. Soňky üç-dört ýylda deňiz pirsdan takmynan 50–60 metr yza çekildi. Men Aktaua gelip, kenarýaka çykyp, Hazaryň ýerine gurap galan ýer bölegini görenimde özümü oňaýsyz duýýaryn. Men Mangystau oblasty boýunça köp gezýärin, şeýle ýagdaý hemme ýerde görünýär.

Suwsuzlanma we hapalanma

Aktiwistler we gözlegçiler suw howdanynyň suwsuzlanmagy we hapalanmagy boýunça umumy meýilleri köpden bäri görkezýärler.

Save the Caspian Sea ( “Hazar deňzini halas edeliň”) hereketiniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Wadim Ni Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, käbir ýerlerde kenar çyzygynyň 35 kilometr yza çekilendigini aýdýar. 2025-nji ýylyň jemlerine görä deňziň ortaça derejesi Baltik beýiklik ulgamynda minus 29 boldy. Bu 1977-nji ýyldan bäri taryhy iň pes görkeziji.

— Biz dünýäniň iň uly içerki suw howdanyny ýitirýäris. Hemmämiz birneme Aral deňzindäki ekologik krizis meselesine üns berip geldik, ol ýerde Gazagystan tarapynda Kokaral bentiniň gurulmagy bilen ýagdaý kem-kemden gowulanýar. Hatda Kiçi Araly saklamak başaryldy. Emma Hazar boýunça — biz ony ýitirýäris — diýip, Ni aýdýar.

Ýewropaly alymlaryň bahalandyrmalarynda suwuň çekilmegi kenar çyzygynyň uly üýtgemegine, giň kenarýaka zolagynyň açylmagyna we aýratyn ýerleriň, şol sanda Gara-Bogaz-Gol aýlagynyň guramagyna getirjekdigi bellenýär.

Şol bir wagtda hapalanma meselesi dürli düşündirişleriň mowzugy bolmagynda galýar. “Kazgidromet” döwlet kärhanasynyň maglumatlaryna görä, Gazagystandaky Hazar deňzine guýulýan derýalarda nebit önümleriniň konsentrasiýasynyň artykmaçlygy az derejede hasaba alynýar.

Kä ýagdaýlarda kenarýaka ýaşaýjylary suw ýüzünde ýagly tegmiller barada habar berýärler, emma nebit önümleri bilen çynlakaý hapalanma barada resmi tassyklama adatça berilmeýär. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň iýulynda Mangystau oblastynyň ekologiýa departamenti “hiç hili görünýän hapalanmany” tapmandygyny aýtdy we şol bir wagtda muny gaýyklaryň we katamaranlaryň üstüne atdy.

Aktau şäherindäki Hazar deňzi. 2025-nji ýylyň 15-nji iýuny
Aktau şäherindäki Hazar deňzi. 2025-nji ýylyň 15-nji iýuny

Şol bir wagtda, Sentinel-1A we 1C hemra gözegçilik ulgamlary Hazar deňziniň ýüzünde ekologlaryň “nebit tegmilleri” diýip atlandyrýan zatlaryny ýazga geçirýär. Nebit dökülmelerini hem ýüze çykarmak üçin goýberilen hemralar 2025-nji ýylyň iýunynda Hazarda meýdany 64 inedördül kilometr bolan 40 tegmili hasaba aldy. Bu takmynan dokuz müň futbol meýdançasyna deňdir.

Gazagystanyň Ekologiýa ministrligi şol wagt bu maglumatlara täsirlenmedi we gara tegmilleri “kölege” diýip atlandyrdy.

“Men aktiwistler ýalňyşdymy ýa-da bu bir säwlik boldumy, anyk aýdyp bilemok. Kosmosdan barlag wagtynda köplenç ýoýulmalar bolýar, bulutlar we beýleki hadysalar belli bir kölege döredýär. Bu kölegäni nebit tegmili ýa-da hapalanma ojagy diýip kabul etmek mümkin. Şu ýyl şeýle ýagdaýy biz almadyk” diýip, wise-ministr Jomart Aliýew aýtdy.

Bir ýyl öň hemra suratlary çap edilenden soň, Gazagystanyň Hazar şelfindäki Kaşagan ýatagynyň operatory hem hiç hili nebit tegmilleriniň ýokdugyny aýtdy.

Şol aralykda ekolog Wadim Ni nebit çykarylyşyny esasy hapalandyryjy diýip atlandyrýar. Ol nebit şertnamalaryna degişli ekologik goşundylara elýeterlilik almaga synanyşdy, emma gazak sudlary onuň arzasyna hatda garamady. Ýakynda Orhus konwensiýasynyň ýerine ýetiriliş komiteti onuň şikaýatyny kabul etdi. Ekolog ekologik maglumatlara elýeterlilik hukugyny gazanmagy maksat edinýär.

Haýwanat dünýäsi we şäherler

Hazar ekoulgamyndaky üýtgeşmelere ilkinji bolup haýwanlar täsir edýär. Kenarýaka sebitlerde müňlerçe guş, düwlen, guwlar we köp görnüşli balyklar ölýär.

— Muňa mysal hökmünde 2022-nji ýylda Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin ölmegini görkezmek bolar. Döwlet ekologlary dürli resmi sebäpleri aýtdylar, şol sanda düwlenlerde fiziki şikesler barada hem gürrüň boldy. Iň soňky birneme ynandyryjy düşündiriş 2022-nji ýylda, takmynan 2 müň düwlen jesedi tapylanda berildi. Bu suwuň hapalanmagynyň ýokarlanmagy bilen bagly immunitetiň peselmegi boldy. Bu Hazardaky senagat işlerinden, şol sanda nebit çykarylyşyndan gelýän zyňyndylar bilen baglanyşykly, — diýip, Wadim Ni belleýär.

Suwuň çekilmegi sebäpli Aktau we Kuryk portlarynda düýbi çuňaltmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Portlarda deňziň çuňlugy azalýany üçin, häzir gämiler doly ýüklenip bilmeýär. Analitikler Hazaryň suwsuzlanmagyny Orta Koridoryň ösüşine howp diýip atlandyrýarlar. Bu ugra Astana uly umyt bildirilýär. Russiýany aýlanyp geçýän Hytaýdan Gazagystanyň üsti bilen Hazar deňzinden Azerbaýjana, soňra Ýewropa gidýän ýol Russiýanyň Ukraina harby çozuşyndan soň daşaýjylaryň rus territoriýasy arkaly ýük daşamakdan ýüz öwürmegi bilen has meşhur boldy.

This image contains sensitive content which some people may find offensive or disturbing.
Hazar deňziniň kenaryndaky öli düwlenler. Surat blogçy Azamat Sarsenbaýew tarapyndan çap edildi.
Hazar deňziniň kenaryndaky öli düwlenler. Surat blogçy Azamat Sarsenbaýew tarapyndan çap edildi.
This image contains sensitive content which some people may find offensive or disturbing - Click to reveal
Hazar deňziniň kenaryndaky öli düwlenler. Surat blogçy Azamat Sarsenbaýew tarapyndan çap edildi.

Hazaryň suwsuzlanmagy kenarýaka şäherleriniň ýaşaýjylaryna ýylylyk üpjünçiliginde, elektrikde we suw üpjünçiliginde bökdençlikler bilen hem howp salýar. Mejlis deputaty Sergeý Ponomarýowyň pikiriçe, bu kenarýaka şäherlerinden köpçülikleýin göçüşe getirip biler.

Wadim Ni Hazaryň mundan beýläk hem suwsuzlanmagynyň beýleki sebitlere hem täsir etjekdigini goşýar.

— Hazar deňziniň suwsuzlanmagy tozanly tupanalara hem getirýär. Bu diýmek, hatda Hazaryň çekilmegini öz gözi bilen görmejek sebitler hem onuň açylan düýbünden duzuň we tozanyň göçürilmegini duýarlar. Bu elbetde hasyla hem täsir edýär, saglyga hem täsir edýär, şol sanda Hazardan has uzakdaky sebitlerde-de.

“Çözgüt üçin düýpli üýtgeşmeler gerek bolar”

Bu ýagdaýlaryň fonunda Hazar meselesi döwlet derejesinde yzygiderli gozgalýar. 2025-nji ýylyň sentýabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Týanszindäki Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde Hazar deňzindäki ýagdaýy “agyr” diýip atlandyrdy we “ýagdaý ekologik betbagtçylyga golaýlaýar” diýdi.

BMG-niň münberinden Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew hem Hazarýaka döwletleri güýçlerini birleşdirmäge çagyrdy. Ol esasy sebäbi Russiýanyň Wolga derýasyndaky işjeňliginiň netijesi diýip görkezdi.

— Esasy sebäp howanyň üýtgemegi däl. Öňünden aýdyp bolmajak netijeli ekologik betbagtçylygy saklamak üçin Hazarýaka döwletleriniň bilelikdäki tagallalary gerek. Azerbaýjan hem bu meseläni çözmek üçin BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hem munuň sebäplerini “gözlemek” üçin ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýtdy.

“Munça mümkinmi ýa-da tebigata garşy durup bolarmy, bilemok. Sebäbi Wolga deltasyndaky adam işleriniň netijelerinden başga-da, belki global häsiýetli beýleki sebäpler hem bar” diýip, Putin 2025-nji ýylda Peterburg ykdysady forumynda aýtdy.

Hazar deňzi. Mangystau oblasty
Hazar deňzi. Mangystau oblasty

Halkara guramalar hem hereketsiz däl. 2026-njy ýylyň aprelinde Bütindünýä bankynyň direktorlar geňeşi umumy bahasy takmynan 20 million dollar bolan bäş ýyllyk Blueing the Caspian Sea taslamasyny tassyklady. Şondan 8,24 millionyny bank, galan bölegini bolsa Bütindünýä ekologik fond berer. Maliýe alýan ýurtlar Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan. Taslama hapalanmany gözegçilikde saklamaga we biologik dürlüligi: Hazar düwlenini, bekre balyklaryny hem-de deňiz goraghanalaryny goramaga gönükdirilendir.

Meseläni 22–24-nji aprelde Astanada geçiriljek sebit ekologik sammitinde ara alyp maslahatlaşarlar. Onda Hazar we Aral deňizleriniň ýagdaýy barada hem gürrüň ediler.

Waşingtondaky Second Floor Strategies kompaniýasynyň prezidenti Uaýlder Alehandro Sançez 15-nji aprelde Atlantic Council tarapyndan Waşingtonda geçirilen ýapyk tegelek stola gatnaşandygyny aýdýar. Oňa ýokary derejeli gazak hökümet delegasiýasy çagyrylypdyr. Onuň sözlerine görä, delegasiýanyň birnäçe agzasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleriniň, Mongoliýanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Azerbaýjanyň premýer-ministriniň sammite gatnaşjakdygyny tassyklady.

Şol bir wagtda hünärmen bu duşuşykdan uly öňegidişlige garaşmaýar.

— Realistik taýdan seretseň, hökümetleriň dürli ugurlar boýunça daşky gurşawy goramak işini dowam etdirmäge borçlanýan deklarasiýasyny göreris diýip pikir edýärin. Ähtimal, donorlar täze anyk taslamalara maliýe serişdelerini bölüp bererler.

Sançez täze taslamalar barada, mysal üçin, käbir sebitlerde ösümlik we agaç ekmek ýa-da ýaşyl energetika maýa goýumlary barada yglan ediljekdigini çaklaýar.

— Men daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreş boýunça haýsydyr bir çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanamok. Hökümetler hapalanmanyň mesele bolandygyny ykrar ederler, emma ony çözmek üçin düýpli (we çylşyrymly) ykdysady hem senagat üýtgeşmeleri gerek bolar — diýip, ol aýdýar.

Bir gowy habara — üç erbet waka

Hünärmenler Hazar deňziniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň esasy sebäbi hökmünde suwuň gelşiniň azalýandygyny aýdýarlar. Hazara derýa akymynyň takmynan 80 göterimini üpjün edýän Wolga derýasy hem suwsuzlanýar. Munuň sebäbi hökmünde global ýylama hem-de iri möçberde suw bugarýan GESleriň we suw howdanlarynyň gurluşygy görkezilýär.

2025-nji ýylyň maýynda Gazagystanyň suw serişdeleri boýunça birinji wise-ministri Bolat Bekniýaz Russiýa bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etmek niýetiniň bardygyny aýtdy. Maksat: rus tarapynyň Hazara goýberýän suwuny köpeltmegi. Russiýanyň Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary institutynyň (IMEMO RAN) Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy Stanislaw Pritçin muňa jogap hökmünde Gazagystanyň talaplaryny “artykmaç” diýip atlandyrdy: “Russiýanyň bu suwy alara ýeri ýok”. 2025-nji ýylyň awgustynda Russiýanyň wise-premýeri Witaliý Sawelýew Putine Wolga-Hazar gämiçilik kanalyny çuňaltmak taslamasynyň maliýeleşdirilmegini bes etmegi teklip etdi we ony girdeji getirmeýän diýip atlandyrdy.

Hazar meselesini çözmek üçin ähli kenarýaka döwletleriniň gatnaşmagy zerurdyr diýip Uaýlder Alehandro Sançez belleýär.

— Bäş hökümet Hazar deňzindäki ekologik betbagtçylygyň gutulgysyzdygyny ykrar etmeli. Eýran bilen Türkmenistanyň hökümetleri daşky gurşawy goramaga üns bermeli. Russiýa Wolga derýasyndan suwy başgaça gönükdirmeli. Ähli ýurtlar Hazar deňzini hapalamagy we ondan suwy alyp, duzsuzlandyryş desgalaryna daşamagy bes etmeli, — diýip Sançez sanap geçýär. — Sebitden daşarda bolsa dünýä howanyň üýtgemegine garşy göreşmeli, temperaturanyň ýokarlanmagyny saklamaly, sebäbi Merkezi Aziýa bundan güýçli zyýan çeker.

Aktau kenarýakasyndan Hazar deňziniň görnüşi. 2026-njy ýylyň 15-nji apreli
Aktau kenarýakasyndan Hazar deňziniň görnüşi. 2026-njy ýylyň 15-nji apreli

Wadim Ni öz gezeginde gazak häkimiýetleriniň hapalanmany uzakdan awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmalydygyny belleýär.

— Bu maglumatlara jemgyýetçilik elýeterliligini üpjün etmeli, şonda jedeller azalar. Soňra şol esasda sanksiýalar we talaplar ulanylmaly.

Ekolog Astanadaky sammitiň halkara derejede gepleşikleriň güýçlenmegine we hünärmenleriň has giň gatnaşmagyna getirer diýip umyt edýär.

— Biz Hazar boýunça ýagdaýyň örän çynlakaýdygyna düşünmeli we ony öňümizdäki ýyllarda hem onýyllyklarda çözmeli. Ýogsam biz Aral deňzindäki ekologik betbagtçylykdan hem has agyr ekologik betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolarys — diýip, Wadim Ni goşýar.

Uaýlder Alehandro Sançez bolsa geljege belli bir derejede şübhe bilen seredýär.

— Umuman daşky gurşawy goramak meselesi barada aýtsam, men realist, käte pessimist hem. Men Waşingtonda işleýärin we dünýäniň dürli ýerlerindäki ekologik meseleleri yzarlaýaryn. Daşky gurşaw syýasaty ýa-da wakalary bilen bagly her bir gowy habara iki ýa-da üç erbet waka gabat gelýän ýaly — diýip, hünärmen aýdýar. Ol kenarlary arassalamak, agaç ekmek baradaky köp sanly habarlary, soňra bolsa uruş wagtynda Tährandaky kislotly ýagyşlar baradaky maglumatlary ýatlaýar.

This item is part of

Forum

XS
SM
MD
LG