Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken: Dünýä Russiýa ukrain dänesi “şantažyny” bes et diýmeli


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 3-nji awgustda Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda Russiýany nazara alyp, Gara deňiz däne başlangyjyndan çekilmegi sebäpli Moskwany "şantaj" etmekde aýyplady. Blinken 15 agzaly Geňeşe "açlyk ýarag hökmünde ulanylmaly däldir" diýdi we BMG-niň ähli ýurtlarynyň Russiýa ýüzlenip, Moskwanyň eden hereketlerine “besdir” diýmegine çagyrdy.

“Gara deňziň şantaj hökmünde ulanylmagyna besdir diýmeli. Dünýäniň iň goragsyz adamlaryna tutaryk hökmünde çemeleşilmegine besdir diýmeli. Bu esassyz we bihaýa urşa bes diýmeli” diýip, ol aýtdy.

Blinken 90-a golaý ýurduň ABŞ tarapyndan taýýarlanan jarnamany goldaýandygyny habar berdi, onda olar "azyk önümleriniň uruş ýaragy hem-de asuda adamlary aç saklamagyň uruş taktikasy hökmünde ulanylmagyny bes etmek çäresini görmäge” ygrarlydyklaryny aýdýarlar.

Jarnamada haýsydyr bir ýurduň ady tutulmaýar. Emma muňa garamazdan, Blinken çykyşynda Russiýany aýratyn belläp, Moskwanyň Ukraina çozmagynyň dünýä azyk ulgamyna "hüjüm" bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG