Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi parahatçylyga çagyrýar, Dagly-Garabag öçlüleri bir-birini kemsidýär


Ermeni protestçileri
Ermeni protestçileri

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, şol sanda ABŞ, Türkiýe, Russiýa we Fransiýa 21-nji sentýabrda Azerbaýjanyň bölüniji etniki-ermeni sebiti bolan Dagly-Garabagda parahatçylygyň berjaý edilmegine çagyrdy.

Ermenistanyň daşary işler ministri, global güýçler öňüni almasa, Bakuwyň Dagly-Garabagda parahat ilata garşy güýç ulanjaga meňzeýändigini aýtdy.

Onuň azerbaýjanly kärdeşi Ýerewany nädogry maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, Bakuwyň ýerewan güýçlerine garşy terrorçylyga garşy operasiýa geçirendigini aýtdy.

Dagly-Garabag Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edilen sebit bolup durýar, ýöne Sowet Soýuzy darganyndan soň, 1990-njy ýyllarda uruşdan bäri bölünip, de-fakto garaşsyzlyga eýe boldy.

XS
SM
MD
LG