Balkan welaýatynda saglyk we bilim işgärleri müňlerçe manat töläp, öz maddy serişdeleriniň hasabyna “Arçman” şypahanasynda dynç almaga mejbur edilýärler. Bu waka, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän şypahanada goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Orta mekdeplerde ertir, ýagny 20-nji oktýabrdan okuw ýylynyň 1-nji çärýegi tamamlanyp, okuwçylaryň 10 günlük güýzki dynç alşy başlanýar. Häkimiýetler mundan peýdalanyp, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki mugallymlary täze ulanyşa berlen ‘Arçman’ şypahanasynda dynç almaga gitmäge mejbur edýärler. Olardan 6 müň manat möçberindäki ýollanmany satyn almak talap edilýär” diýip, bu mejbur talap bilen ýüzbe-ýüz bolýan balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Mugallymlaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar iki tapgyra bölünip, öňümizdäki 10 günüň dowamynda her bir tapgyr 5 günlük şypahana gider.
“Talaba garşylyk ýa närazylyk görkezýän mugallymlara, hemişeki ýaly, işden çykaryljakdygy, has-da takygy öz arzasy bilen işden gitmäge mejbur ediljekdigi barada haýbat atylýar” diýip, türkmenbaşyly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
“Kagyzda '10 gün dynç aldym' diýip gol goýdurdylar”
Bu mejbur talap bilen diňe bilim işgärleri däl, eýsem sebitdäki lukmanlar hem ýüzbe-ýüz boldular. Geçen hepde şypahanada dynç alyp gelen lukmanlaryň ençemesi häkimiýetleriň diňe mejbury talap bilen çäklenmän, galplyklara hem baş goşýandygyny aýdýar.
“Bize 6 müň manat töletdirip, diňe 5 gün dynç aldyrdylar. Ýöne kagyzda '10 gün dynç aldym' diýip gol goýdurdylar” diýip, balkanabatly lukman anonimlik şertinde beren maglumatynda mejbury talabyň geçen ýyllarda hem bolandygyny, ýöne şonda 10 günlük dynç alyş üçin diňe 2 müň manat töländiklerini belledi.
Bellesek, ýerli häkimiýetleriň bu talaby “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda şypahananyň täze toplumyny uly dabara bilen açdy.
Awgust aýynda prezident Serdar Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde "goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler" bilen tanyşdy.
“Bu ýerde mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň gurluşyk işleri ýerine ýetirildi” diýip, resmi metbugat belledi.
Habarda munuň “şypahananyň hyzmatlarynyň we mümkinçilikleriniň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidigi” bellenilse-de, muňa bolan zerurlyklar, şeýle-de döwrebaplaşdyrmak üçin sarp edilen maddy serişde barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.
“Çagalarymyň iýmäge çöregi bolmasa, şypahanada gitmegiň ne haýry bar”
Şol bir wagtda, bilim we saglyk işgärleri özlerinden edilýän “mejbury talap arkaly şypahana edilen çykdajylaryň ýapylýandygyny” aýdyp, muny zähmet haklary ýokarlandyrylmaýan “býujet işgärlerini talamakdan başga zat däl” diýip atlandyrýarlar.
“Çagalarymyň ryskyny kesip, 6 müň manat töläp, 10 gün dynç almaga rugsat berseler hem gynanmazdym. Aýlygymyz 5 müňe ýetmeýär. Ýöne tutumlaryň, pul goşantlarynyň, mejbury talaplaryň yzy üzülmeýär. Golaýda pagta, at çapyşyk, Arkadagyň ruhy metjidi üçin 400 manat berdik. Mundan başga-da, gazet-žurnallar, plakatlar üçin pul geçirdik. Men bu ýagdaýda kurorta gidenimiň saglygyma ne haýry bolsun?! Yzymdaky çagalarymyzyň, maşgalamyň iýmäge çöregi, ýagy, eti bolmasa, şypahanada stres bilen alada edip ýatmagymyň ne haýry bar?!” diýip, balkanabatly lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýatyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Saglygy goraýyş we Bilim müdirliklerinden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy oktýabrda bu müdirlikleriň web sahyplarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Bu aralykda, sebitiň bilim bölümleriniň birindäki çeşmämiz häzirki talabyň dilden berlen tabşyryk esasynda “ýokardan gelip gowşandygyny” aýtdy.
“Tabşyryga laýyklykda, 10-njy noýabra çenli Balkandaky býujet işgärleri şypahana mejbury ugradylmaly edildi. Noýabryň 10-dan soň, ýurduň beýleki welaýatlaryna gezek geçýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda býujet işgärleriniň müňlerçe manat töläp, öz maddy hasaplaryna ýurduň şypahanalaryna ýa-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara mejbury ugradylmagy bilen bagly tejribe onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýär.
Ýerli synçylaryň we býujet işgärleriniň ençemesi ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda şypahanalara we myhmanhanalara barýan adamlaryň azlygyny aýdyp, häkimiýetleriň býujet işgärlerini ýollanmalary satyn almaga mejbur etmek arkaly, bu merkezlerdäki girdejini artdyrmaga çalyşýandygyny aýdyp gelýär.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty şypahanalary we myhmanhanalary ýygy-ýygydan taryplasalar-da, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum