Türkmenistanda 18-nji fewralda başlaýan Remezan aýyna üç gün galmagy bilen, adatça bolşy ýaly, çagalar öýme-öý aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýdyp başladylar.
Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýaremezan däbi 'dilegçiligiň bir görnüşine' öwrülip, çagalar indi öýler bilen birlikde, köçelerde hem adamlary saklaýarlar, ownuk pula ýa-da süýjülige tamakin bolýarlar diýip, Azatlygyň habarçylarynyň söhbetdeşleri soňky ýagdaýlary beýan etdiler.
“Türkmenbaşyda çagalar öýlerden has köp köçelerde aýlanýarlar. Olar uly söwda merkezleriniň, bazarlaryň, awtoduralgalaryň golaýynda toparlanyşyp durýarlar; pyýadalary saklaýarlar ýa-da säginen ulaglaryň ýanyna ylgap barýarlar. Olar ýaremezan bentlerini aýtsalar-da, aslyýetinde 1-2 manat ownuk pula tamakin bolýarlar. Olara köçelerde beýdip aýdylanok diýseň, çagalar hojalyklaryň käbiriniň gapylaryny asla açmaýandygyny ýa-da puluň deregine möhleti geçen bir-iki sany köke berip goýberýändiklerini aýdýarlar” diýip, Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň 30 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Habarçylarymyz hojalyklaryň käbiriniň öz maddy mümkinçiligine görä süýji-köke satyn alyp goýsalar, güzeran eklenji pes hojalyklaryň käbirleriniň bolsa, özlerini öýde ýok ýaly edip oturýarandyklaryny aýdýar.
“Süýjülik bärde dursun, öz iýjegimiz özümize alada. Ýaremezan aýdyp gelýän çagalaryň sany juda köp, olaryň yzy üzülenok. Her toparda onlarçasy bardyr, olar gapylary hem batly urýarlar, talap etmegiň bärsinde ýüzlenýärler. Aşaky gatlarda gohlaryny eşitsek, çyralarymyzy öçürip, öýde hiç kim ýok ýaly bolup otyrýarys. Üç gün däl, bir günüň bir sagadynyň öňünde hem durup biljek däl, bizde ne süýjülik bar, ne-de pulumyz satyn alar ýaly” diýip, Aşgabadyň 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy 16-njy fewralda pikirini paýlaşdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim gürleşen söhbetdeşimiz, barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, özleriniň hem bir aýyň dowamynda beriljek sadakadyr agyzaçarlara garaşýandyklaryny aýtdy. “Şeýdip garnymyzy doýuraýmasak, galan wagty men we çagalarym elmydama ýarym aç”.
Bu aralykda, ýaremazançy çagalara gödek daraşýan, olary käýäp kowýan ýaşaýjylaryň hem bardygy bellenilýär.
Çagalaryň ikindin we agşamara köpçülikleýin köçelerde aýlanmagy, pajygaly ýol hadysalaryna hem getirip bilýär. Balkandaky habarçylarymyz soňky günlerde Bereket we Türkmenbaşy sebitlerinde azyndan dört ýaremezançy çagany ulag kakandygyny, olaryň dürli derejedäki şikesler bilen keselhana ýerleşdirilendigini anyklamagy başardy.
Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 18-nji fewralyň säheri bilen başlanýar we 19-njy mart gijesine çenli dowam edýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwletiň berk gözegçiligindäki mediasy, dowamly ösüş sanlaryny getirip, ýurtdaky agyr ykdysady krizisi, adamlaryň gün-güzeranynyň barha agyrlaşmagyny beýan etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum