Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Balkanda etniki gazaklaryň ýerli häkimiýetlere ýazan arzalary kanagatlandyrylmady


Orta mekdebiň öňünde duran ene-atalar we okuwçylar (Illýustrasiýa suraty)
Orta mekdebiň öňünde duran ene-atalar we okuwçylar (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynda kowçum bolup ýaşaýan etniki gazaklaryň ençemesiniň öz çagalarynyň gazak dilini öwrenmegi, şol sanda ýazyp we okap bilmegi üçin şert döredip bermegi haýyş edip, ýerli häkimiýetlere ýazan arzalary kanagatlandyrylmady. Bu barada Balkanabat Bilim müdirligindäki çeşmelerimiz we etniki gazaklaryň birnäçesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Balkanyň iri şäherlerinde kowçum bolup ýaşaýan etniki gazaklar welaýat we döwlet resmilerinden gazak dili boýunça synplary açyp bermegi ýa-da okuw sapaklarynyň sanawyna gazak dili boýunça sapaklary goşup, hepdede üç sagat gazak diliniň ýazuwy boýunça sapaklary girizmegi haýyş edip, arza ýazdylar” diýip, Balkanabatdaky welaýat Bilim müdirligindäki çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, etniki gazaklaryň ýurduň Bilim ministrligine we welaýat Bilim müdirligine ýazan arzalaryna dekbar aýynyň başynda jogap berildi.

“Arza berlen jogapda, öňki gezeklerde bolşy ýaly, bu sapar-da olaryň ýüzlenmeleriniň kanagatlandyrylmaýandygy beýan edildi” diýip, çeşmämiz belledi.

"Ýüzümizi alyp goýberdiler"

Bu maglumaty welaýatda ýaşaýan etniki gazaklaryň birnäçesi hem tassyklap, özleriniň häkimiýetlerden gazak dili fakultetini açyp bermegi däl-de, diňe çagalary gazak dilinde ýazyp we okap biler ýaly üç klas bilim bermegi haýyş edendiklerini aýdýar.

Olar ýerli häkimiýetlere 'birden Gazagystana göçüp giden halatynda çagalarynyň öz ene dilinde gürläp we ýazyp bilmän kösenjekdigini düşündirmäge synanyşanda, olaryň özleriniň ýüzlerini alyp goýberendigini' hem belleýärler.

“Balkanabatda müňe golaý ýaş gazak çagalarynyň ene dilinde hatda gürläp hem bilmeýändigini hem aýtdyk. Şonda häkimlik resmiler we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ofiserleri bize ‘çagaňa gazak dilinde bilim beresiň gelse, onda Gazagystana göçüp gidiň’ diýip, gödek jogap berdiler” diýip, balkanly etniki gazak anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin welaýatyň degişli häkimiýetleri, şol sanda Balkanabat şäher häkimligi we Bilim müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy dekabrda bu edaralaryň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda dürli ýyllarda geçirilen ilat ýazuwlaryna görä ýurtda 40-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Özbekler iň köp sanly etniki azlyk toparyny emele getirip, olar ilatyň 9,1%-ni düzýär, ruslaryň sany 1,6%, buluçlar 1,2%, azeriler 0,4% we gazaklar 0,2% diýlip, 2022-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijelerinde görkezilýär. Ýöne anyk sanlar aýdylmaýar.

"Türkmenbaşyda bir, Daşoguzda iki synp"

Şu ýylyň fewral aýynda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýurduň statistika edarasynyň bir bilermeni Balkanda gazak azlygynyň resmi sanlarynyň 2663 adama we Daşoguz welaýatynda 5796 adama barabardygyny aýtdy.

Şonda ol bu görkezijileriň Türkmenbaşy şäherinde azyndan bir sany gazak dilli synp açmaga we Daşoguzda bolsa, azyndan 45 okuwçylyk iki sany gazak dilli synp açmaga ýol berýändigini belläpdi.

Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň we gazaklaryň çagalarynyň öz ene dillerinde okamaga ýa-da öwrenmäge şert döredilmegini haýyş edip, häkimiýetlere ýazan arzalarynyň kanagatlandyrylmandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal hem ençeme gezek maglumat beripdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “jyns taýdan kemsitmäni ýazgarýandygyny we halklaryň arasynda özara düşünişmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny” aýdýarlar. Muňa garamazdan, ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri etnik sebäplere görä hukuklarynyň bozulmagyndan zeýrenýärler.

Ýurtda etniki azlyklaryň wekillerinden türkmen däp-dessurlaryny berjaý etmek, türkmen milli eşiklerini geýmek we türkmen dilinde gürlemek talaplary köp ýyl bäri saklanyp galýar.

Şeýle-de, olaryň öz däp-dessurlaryny berjaý etmek hukuklary çäklendirilýär. Olara toýlarda öz dillerinde aýdymlary aýtdyrmak gadagan edilýär. Bu gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň we talaplaryň ählisi dilden berlen tabşyryk esasynda amal edilýär.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdýalar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG