Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri (MHM) daşary ýurtlarda Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine meýletin pul kömegini berýän türkmen raýatlaryny anyklamak boýunça çärelerini güýçlendirdiler diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurduň kanun goraýjy edaralardaky ygtybarly iki çeşmesi aýtdy. Olar bu çäreleriň çäginde azyndan ýedi türkmenistanlynyň ukrain goşunyna meýletin pul kömegini berendiginiň anyklanandygyny belleýärler.
“MHM bu raýatlary anyklamak çäreleriniň çäginde ýanwar aýyndan başlap daşary ýurtlardan, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki döwletlerden, dürli sebäplere görä, ýurda dolanýan ýa-da deportasiýa edilen türkmen migrantlarynyň telefonlaryny berk barlaýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň halkara aeroportundaky MHM işgärleri tarapyndan amal edilýän bu çäreleriň çäginde raýatlar soraga hem çekilýärler.
“Ýanwar aýynyň dowamynda bu raýatlaryň arasynda azyndan ýedi sanysynyň WSU, ýagny Ukrainanyň Ýaragly güýçleri üçin meýletin donat edendigi anyklandy. Olar Russiýanyň Ukraina giň gerimli uruş yglan etmegi bilen, Ukrainadan ÝB-niň çäklerine geçip, häzirki wagtda dürli sebäplere görä Türkmenistana dolanan raýatlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Ýatlatsak, Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy doly göwrümli çozuşy başlanyndan soň, bu ýurtdaky köp türkmenistanly ýewropa döwletlerine geçipdi.
Çeşmelerimiz ukrain güýçlerine meýletin maliýe kömegini berendigi anyklanan türkmenistanlylaryň MHM tarapyndan gorkuzylandygyny we olaryň käbirinden uly möçberde para alnandygyny hem aýdýarlar.
"5 müň ýewro para"
“MHM Ýewropadan gelen raýatlary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 176-njy maddasy bilen gorkuzdy. Emma ýuridiki nukdaýnazardan seredilende degişli madda döwletiň resmi harby güýçleri däl-de, eýsem, diňe hakyna tutulanlary maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly. Soraga çekilip, meýletin pul kömegini edendigi anyklanan iki raýatyň her birinden 5 müň ýewro para alyndy” diýip, kanun goraýjy edaralardaky beýleki çeşmämiz aýtdy.
Çeşmämizde bu raýatlaryň şahsyýetlerini anyklaýan doly maglumatlar bolsa-da, Azatlyk öz çeşmeleriniň we bu raýatlaryň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 176-njy maddasyna görä, hakyna tutulanyň toplanylandygy, okadylandygy, maliýeleşdirilendigi ýa-da onuň başgaça maddy taýdan üpjün edilendigi, şonuň ýaly-da hakyna tutulanyň ýaragly çaknyşykda ýa-da başga harby hereketlerde ýa-da döwletiň konstitusion gurluşynyň ýa-da çäk bitewüliginiň zorlukly üýtgedilmegine gönükdirilen zorlukly hereketlerde peýdalanylandygy üçin bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinýär.
"Kömek berýänleri anyklamak..."
Bu aralykda, çeşmelerimiz degişli wakadan soň, MHM-niň daşary ýurtlardaky ştatdan daşary işgärleriniň kömegi bilen Ukrainanyň harby güýçlerine meýletin maliýe kömegini berýän türkmen raýatlaryny anyklamaga hem çalyşýandygyny aýdýarlar.
“Soňky döwürde Gündogar ýewropa döwletlerinde, hususan-da Rumyniýada we Polşada türkmen migrantlary agdyklyk edýär. MHM esasy şolar bilen gyzyklanýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Halkara hasabatlarda dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda bu maglumatlar barada degişli häkimiýetlerden teswir almak synanyşyklary başa barmaýar.
Azatlygyň 5-nji fewralda Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine yzygiderli eden jaňlaryna hem hiç kim jogap bermedi.
Bu maglumatlar, türkmen raýatynyň rus goşunynyň hatarynda Ukrainada alnyp barylýan söweşde ukrain tarapyna ýesir düşen we munuň türkmen jemgyýetinde seslenme döreden mahalyna gabat geldi. 28-nji ýanwarda YouTube-de peýda bolan wideoda ukrain harbylarynyň rus goşunynyň pozisiýasyna dronly hüjüm edip, esgeri ýesir alandygy görkezilýär.
Mundan ozal, geçen ýylyň maýynda Ukrainanyň hökümeti tarapyndan goldanýan “Hoçu-Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) derňew taslamasy Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň rus goşunlarynyň hataryna goşulyp, Ukrainanyň garşysyna söweşýändigini habar berdi. Olaryň arasynda öldürilen esgerleriň hem bardygy aýdyldy.
Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşunda ukrain ýa-da rus tarapynda söweşmegi, ýesir düşmegi we ukrain güýçlerine meýletin maliýe kömegini bermegi boýunça pozisiýasyny aç-açan mälim etmän gelýärler.
Ýöne bu habarlaryň arasynda, öňki türkmen harbylary özleriniň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredilýändigini habar berýärler. Geçen ýylyň ýanwarynda öňki ofiserler biometriki pasportlarynyň ellerinden alnandygyny gürrüň berdiler. Azatlygyň kanun goraýjy edaralardaky ynamdar çeşmeleri bu çäreleri “öňki türkmen ofiserleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegi bilen baglanyşykly hadysalaryň anyklanandygy” bilen düşündirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum