Uruş diňe bir ölüme däl, eýsem taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň, kitaphanalaryň, ybadathanalaryň, hatda bir ýurt ýa-da sebit bilen ýakyndan tanalýan transport serişdeleriniň özboluşly görnüşleriniň weýran bolmagyna-da sebäp bolýar.
Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi Russiýany 242 sany medeni miras ýadygärligini we desgasyny ýok etmek ýa-da zaýalamak arkaly, uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplaýar. ÝUNESKO Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozuşa başlany bäri medeni mirasa degişli 110 desga zeper ýetendigini tassyklady. Bu 48 dini ýadygärligi, 10 muzeýi, 22 taryhy binany, medeni çärelere bagyşlanan 11 binany, 13 ýadygärligi we alty kitaphanany öz içine alýar. Uruş dowam edýärkä, sanawa has köp desganyň goşulmak ähtimallygy barada aladalar artýar.
Russiýanyň Ukrainanyň milli we medeni mirasyny weýran etmegi
![1960-njy ýylda gurlan Mariupoldaky Donetsk sebit drama teatrynyň aglaba bölegi 16-njy martda edilen rus zarbasynda weýran boldy. Ukrainanyň asuda ilaty bu teatry gaçybatalga hökmünde ulanýardy we ýerli resmiler şol hüjümde 300 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.](https://gdb.rferl.org/024c0000-0aff-0242-ae45-08da2754a495_w1024_q10_s.jpg)
1
1960-njy ýylda gurlan Mariupoldaky Donetsk sebit drama teatrynyň aglaba bölegi 16-njy martda edilen rus zarbasynda weýran boldy. Ukrainanyň asuda ilaty bu teatry gaçybatalga hökmünde ulanýardy we ýerli resmiler şol hüjümde 300 töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.
![Çernihow şäherinde kitaphana hüjüm edildi. Şäher ukrain goşunlary tarapyndan yzyna alyndy. 9-njy aprelde bir adam hüjümiň kitaphana ýetiren zyýanyna seredýär.](https://gdb.rferl.org/024c0000-0aff-0242-5569-08da2754a7b1_w1024_q10_s.jpg)
2
Çernihow şäherinde kitaphana hüjüm edildi. Şäher ukrain goşunlary tarapyndan yzyna alyndy. 9-njy aprelde bir adam hüjümiň kitaphana ýetiren zyýanyna seredýär.
![12-nji martda Harkowdaky ammarda taryhy tramwaý. Oňa rus hüjümleriniň zyýan ýetirendigi habar berildi.](https://gdb.rferl.org/024c0000-0aff-0242-ccd1-08da2754a61d_w1024_q10_s.jpg)
3
12-nji martda Harkowdaky ammarda taryhy tramwaý. Oňa rus hüjümleriniň zyýan ýetirendigi habar berildi.
![Lukaşiwkadaky agyr zeper ýeten bu ybadathananyň rus esgerleri tarapyndan ok-däri saklamak üçin ulanylandygy aýdylýar.](https://gdb.rferl.org/024c0000-0aff-0242-d1f9-08da2754a875_w1024_q10_s.jpg)
4
Lukaşiwkadaky agyr zeper ýeten bu ybadathananyň rus esgerleri tarapyndan ok-däri saklamak üçin ulanylandygy aýdylýar.