Uruş diňe bir ölüme däl, eýsem taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň, kitaphanalaryň, ybadathanalaryň, hatda bir ýurt ýa-da sebit bilen ýakyndan tanalýan transport serişdeleriniň özboluşly görnüşleriniň weýran bolmagyna-da sebäp bolýar.
Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi Russiýany 242 sany medeni miras ýadygärligini we desgasyny ýok etmek ýa-da zaýalamak arkaly, uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplaýar. ÝUNESKO Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozuşa başlany bäri medeni mirasa degişli 110 desga zeper ýetendigini tassyklady. Bu 48 dini ýadygärligi, 10 muzeýi, 22 taryhy binany, medeni çärelere bagyşlanan 11 binany, 13 ýadygärligi we alty kitaphanany öz içine alýar. Uruş dowam edýärkä, sanawa has köp desganyň goşulmak ähtimallygy barada aladalar artýar.
Russiýanyň Ukrainanyň milli we medeni mirasyny weýran etmegi

5
Bir wagtlar kosmosa uçan ilkinji adam, rus kosmonawty Ýuriý Gagariniň adyny göteren Çernihow olimpiýa sport türgenleşik merkezi rus hüjüminde weýran boldy. 13-nji aprelde düşürilen surat.

6
1910-1913-nji ýyllarda gurlan Korolenko Çernihow sebitleýin uniwersal ylmy kitaphanasy rus hüjüminden zyýan çekdi. 30-njy martda düşürilen surat.

7
2-nji aprelde ukrain harby gullukçysy dünýäniň iň uly uçary bolan Antonow An-225 Mriýa transport uçarynyň ýanyndan ýöräp barýar. Ukrain resmileri munuň 27-nji fewralda Hostomeldäki Antonow howa menzilinde bolan söweşde ruslaryň eden howa zarbasynda weýran bolandygyny aýdýarlar. "Arzuw" ýa-da "ylham" diýmegi aňladýan "Mriýa", dünýädäki awiasiýa höwesjeňleri tarapyndan halanýardy.

8
27-nji martda düşürilen suratda Harkowdaky "Mukaddes, wepaly şa aýal Tamara ybadathanasyna" urşuň ýetiren zyýanyny görse bolýar.